37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

TÜRKMENISTAN DAŞARY ÝURTLY

Ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan daşary ýurtly maýadarlara garaşýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maýadarlaryñ öñündäki päsgelçilikleri ýeke-ýekeden ortadan aýyrýandyklaryny aýtdy.

Halkara maýa goýum konferensiýasy paýtagt Aşgabatda öz işine başlady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow konferensiýa gatnaşyjylara ugradan ýüzlenmesinde maýadarlar üçin uly ýeñillik dörediljekdigini nygtady.

Hökümet baştutanynyñ Ykdysadyýetden jogapkär orunbasary Tuwakmämet Japarow hem geçen ýyl 9 milliard 600 million dollar bolan maýa goýumyñ şu ýyl 12 milliard 800 million dollara çykarylmagyna garaşýandyklaryny aýtdy.

Japarow 2011-2015-nji ýyldaky maksatnalaryny bolsa 57 milliard dollar hökmünde beýan etdi.

İki gün dowam etjek konferensiýa BMG-nyñ ÝB-niñ, Yslam Galkynyş bankynyñ ýolbaşçylary bilen birlikde Türkiýeden,Germaniýadan, Russiýadan, Hytaýdan we Ýaponiýadan wekiller gatnaşýar.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Çig Maly Gaýtadan Işlemegiň Möçberlerini Artdyrmak Ykdysady Ösüşiň Esasy Ugrudyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Harby Borçlulyk we Harby Gulluk Hakyndaky»

turkmenhabargullugy

Russiýa Weto Hukugynyň Çäklendirilmegine Garşy

syrach