04.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistan-Eýran: Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürýär.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde iki goňşy ýurduň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolan Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VI ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady.

Türkmen haryt öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýän we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny hem-de nou-haularyny, ýokary hilli önümlerini teklip etmäge taýýar bolan Eýran Yslam Respublikasynyň iri kompaniýalary senagat we durmuş tehnikasyny, elektrikabzallary, azyk önümlerini, gurluşyk materiallaryny, çeper senetçilik önümlerini we köp sanly beýleki harytlary görkezdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň indi däp bolan sergisi türkmen işewürleriniň we Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň yzygiderli ägirt uly gyzyklanmasyna eýe bolýar we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüş depginlerine oňyn täsirini ýetirýär.

Hünärmenleriň pikirine görä, şunuň ýaly sergileriň geçirilmegi umuman alanyňda türkmen döwletiniň ägirt uly ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edip, onuň özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin açyklygynyň we dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga taýýardygynyň subutnamasydyr.

Türkmenistan ýakyn we uzakda ýerleşýän ýurtlar bilen işewür gatnaşyklaryň gerimini giňeldip, milli ykdysadyýete iň oňat dünýä tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy, maýa goýumlaryny çekmegi, şeýle hem öz nobatynda türkmen harytlaryny daşary ýurtlara çykarmaga üpjün edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we olaryň Eýran Yslam Respublikasyndan bolan kärdeşleriniň ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginde üç günläp dowam eden serginiň çäklerinde türkmen we eýran haryt öndürijileriniň marketing boýunça hünärmenleriniň we telekeçileriň arasynda köp sanly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Duşuşyklara gatnaşyjylaryň pikirine görä, her ýyl Aşgabatda geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi diňe bir Eýranyň öz harytlaryny eksporta ibermek mümkinçilikleriniň ykdysady gözden geçirilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem işewür toparlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň, Türkmenistanyň däp bolan häzirki we geljekki maýadarlary we hyzmatdaşlary üçin gepleşikleri geçirmegiň açyk meýdançasyna öwrüldi. Bu özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, mümkinçilikleri görkezmäge, öz işiniň ussatlarynyň arasynda düýpli söhbetdeşlik geçirmäge özboluşly çagyryşdyr. Şol söhbetdeşlikleriň esasy meselesi bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýollaryny gözlemekdir.

Şunuň ýaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň ruhuna we mazmunyna doly laýyk gelýär. Bu sergi Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýene bir aýdyň mysaly bolup, iki goňşy ýurduň uly geljegi bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Serginiň dabaraly ýapylyşynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VI ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de

myhmansöýerlik we bu çäräni ýokary derejede geçirmek üçin berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan-Malaýziýa: Nebitgaz Pudagynda Hyzmatdaşlyk

Birža Täzelikleri

syrach

Türkmenistan-Dünýä Energetikasynyň Durnukly Ösüşiniň Strategik Merkezi