24.2 C
Aşkabat
19.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan Gaz Senagaty

Daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanda özara bähbitli işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin gaz senagaty pudagyndaky enjamlary abatlamak we olara hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça BK-lary (Bilelikdäki kärhanalar) döretmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şular ýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi aktuallygy hakynda 20-21-nji maýda «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresinde «Türkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy Aşyrguly Begliýew beýan etdi.

Konserniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalaryň sanynyň hem möçberiniň artmagy, şeýle hem täze önümçilik birleşikleriň döredilmegi netijesinde gaz turbinalary, kompressor ýa-da sorujy enjamlar, bekleýji-sazlaýjy armaturlary we ş.m. enjamlar üçin abatlaýyş we hyzmat işlerini amala aşyrmagy gurnamak ýa-da metalgurluşlaryň, turba önümleriniň, elektrotehniki enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak meseleleri soňky wagtlarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu ugurlarda Türkmenistan taslama paýnamalaýyn gatnaşmak mümkinçiligi bilen daşary ýurt maýalaryny çekmegiň tarapdary bolup çykyş edýär, diýip Begliýew belledi.

Abatlaýyş hem-de hyzmat işleri boýunça BK-lary döretmekligiň ähmiýeti Türkmenistanyň gaz hem-de gazy gaýtadan işleýiş senagatyny ösdürmegiň geljegi uly meýilnamalary bilen şertlenendir. Häzirki wagtda «Türkmengaz» konserni tebigy gazy çykarmaklygy we onuň eksportyny artdyrmaklyga, şeýle hem gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemeklige gönükdirilen taslamalaryň birnäçesini amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji hem üçünji tapgyrlary, Balkan welaýatyndaky polietilen we polipropilen öndürmek boýunça zawodyň gurluşygy, şeýle hem Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň gurluşygy bar. Ýakyn wagtlarda gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek boýunça ýene-de birnäçe taslamalary durmuşa geçirip başlamak meýilleşdirilýär.

Öň belläp geçişimiz ýaly, geljek ýyllarda Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýän hem-de önümleriň 17-den gowrak görnüşini, şol sanda benzin, dizel ýangyjyny, kerosin, akril süýümlerini, duz kislotasyny, polistirol öndürjek 10 sany täze zawod gurlar.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

syrach

Berdimuhamedow informatizasiýa akademiýasynyň

syrach

Milli Liderimiziň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

syrach