21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistan—Halkara Pul Gaznasy: bilim

Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde geçen okuw seminary maliýe maksatnamalaryny işläp düzmegiň we maliýe syýasatynyň esasy ugurlaryna bagyşlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Halkara Pul Gaznasynyň instituty bilen bilelikde we Şweýsariýanyň hökümetiniň goldaw bermeginde guralan seminara Türkmenistanyň maliýe ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri diňleýjiler hökmünde çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sosial-ykdysady modeli döretmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan düýpli reformalaryň strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda ýokary makroykdysady görkezijilere eýe bolunmagy we bu ýagdaýyň dünýäniň esasy maliýe düzümleriniň we hususan-da, Halkara Pul Gaznasynyň ekspertleri tarapyndan görkezilmegi täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigini benýan edýän görkezýän subutnama öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda strategiki taýdan meýilnamalaşdyrmagyň bitewi we çeýe ulgamyny döretmek, maliýe ulgamyny, döwletiň pul-karz, salgyt-býujet we nyrh syýasatyny kämilleşdirmek milli walýutanyň hümmetini pugtalandyrmak ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen konsepsiýanyň esasy ugurlary hasaplanýar. Şol wezipeleri çözmekde ýokary kwalifikasiýaly ýolbaşçy işgärleri we hünärmenleri taýýarlamak işine möhüm ähmiýet berilýär, olar maliýe-býujet ulgamynyň ýurdumyzyň dünýä boýunça hojalyk gatnaşyklarynyň döwrebap ulgamyna goşulyşmagyny göz öňünde tutmak arkaly mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegini üpjün etmelidirler.

Türkmen paýtagtynda geçirilen seminar şu ugurdaky aýratyn wajyp ädime öwrüldi, çünki hut iri halkara maliýe düzümi hasaplanýan Halkara Pul Gaznasynyň Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýy we ösüşi boýunça berýän bahalary ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady we maliýe reformalarynyň hemmetaraplaýyn we obýektiw seljerilmegine esaslanýar. Diňleýjileriň makroykdysady, maliýe we struktura bilen bagly syýasaty işläp düzmek we amala aşyrmak prosesi boýunça dünýäde toplanan tejribäni has çuňňur özleşdirmegine gönükdirilip guralan okuwy Lýuksemburgyň «WP-bankynyň» we Halkara Pul Gaznasynyň institutynyň direktorynyň orunbasary E.Klifton t arapyndan ýolbaşçylyk edilýän esasy hünärmenleri geçirdiler. Mälim bolşy ýaly, bu institut Halkara Pul Gaznasynyň bir düzümi hökmünde belli-belli wezipeleriň çözülmegine, şeýle hem bu Gazna goşulýan ýurtlardaky ykdysady ýagdaýy seljermek, oňa baha bermek we çaklamak boýunça hemmeler tarapyndan kabul edilen halkara çemeleşmeler we ölçegler bilen tanyşdyrylmagyna we ornaşdyrylmagyna gönükdirilen okuw maksatnamalaryny işläp düzýär we amala aşyrýar.

Hünär boýunça iki günlük okuw ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň geçirilen wagtyna gabat geldi, munuň özi okuwyň has-da gyzykly we konstruktiw häsiýete eýe bolmagyna ýardam berdi. Makroykdysady sektorlary seljermek we çaklamak, bu sektorlaryň özara gatnaşyklary, şeýle hem tebigy serişdeleri dolandyrmak bilen bagly meseleler boýunça leksiýalar dünýäniň dürli ýurtlarynda toplanan tejribä esaslanýan anyk mysallardan ybarat bolan giňişleýin materialy ulanmak arkaly geçirilen amaly sapaklar bilen utgaşdyryldy.

Seminaryň ahyrky gününde okuw kursuna gatnaşyjylaryň ählisiniň işiniň ýokary netijä eýe bolandygy bellenildi, diňleýjileriň esasy bölegi ýaş we geljegine uly umyt bildirilýän milli kadrlardan ybarat boldy. Diňleýjileriň ählisine degişli sertifikatlar gowşuryldy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Hazarýaka Döwletleriniň Hyzmatdaşlygy Boýunça Maslahat Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy.

syrach

Statistika Işi

syrach