18.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan Mirasa Sarpa Goýmagyň Hem-de Okgunly Özgertmeleriň Mekany

Şu günler türkmen wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän “ITB Berlin 2016” halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar. Bu ýerde dünýäniň 189 ýurdundan sergä gatnaşýanlaryň 10 müňden gowragy özleriniň diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan ekspozisiýany ýurdumyzyň esasy syýahatçylyk kärhanalary görkezýärler.

“ITB Berlin” syýahatçylyk forumlar dünýäsinde iri sergileriň biridir. Şu ýyl ol eýýäm 50-nji gezek geçirilýär. Bu ýerde dünýä syýahatçylygynyň häzirkizaman ugurlarynyň ählisi, onuň ösüşiniň konsepsiýasy hem-de bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary şöhlelendirilýär. Sergä gatnaşýan ýurtlaryň her biri syýahatçylyk ulgamynda öz serişdelerini we mümkinçiliklerini has doly we netijeli görkezmäge çalyşdy. 9-njy martda ýubileý sergisniň açylan ilkinji minutlaryndan Türkmenistanyň “Messe Berlin” sergi merkezindäki pawilýony bu ýere gelenleriň köpsanlysynyň ünsüni çekdi. Bu ýerde olara dürli maglumat serişdeleri: mahabat kitapçalary, surat albomlary, döwürleýin neşirler we beýleki edebiýatlar, şeýle hem monitorlarda görkezilýän filmler, wideoşekilleri diskler hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk ugurlary görkezilen kartalar hödürlenilýär. 

Daşary ýurtly syýahatçylyk operatorlary we syýahat etmegi halaýanlar, şeýle hem wakalaryň senenamasy hem-de uly baýramçylyklar bilen  tanyşdyryldy. Türkmenistanda bu baýramçylyklara daşary ýurtly myhmanlaryň köpsanlysy gatnaşýar.
Sergä gelýänlere ýakyn wagtda Halkara Nowruz baýramy, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralar, “Daşoguz—2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty” maksatnamasynyň çäklerinde geçiriljek çäreler barada gürrüň berildi. Bu çäre ýurdumyzda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna gabat geldi. 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna aýratyn üns berildi. 

Aziada-2017-niň işlenip taýýarlanylýan medeni maksatnamasy ýurdumyzyň myhmanlaryna onuň syýahatçylyk kuwwatyny giňden açyp görkezmäge, biziň arheologiki we binagärlik ýadygärliklerimize, özboluşly tebigatymyza, taryhy hem-de meşhur ýerlerimize, şeýle hem muzeýlere, teatrlara, sergi zallaryna syýahatçylygyň ünsüni çekmäge mümkinçilik berer. Şu maksatnamada etnografiki we folklor baýlyklary, halk senetleri, häzirkizaman amaly-haşam sungaty bilen tanyşmaga möhüm orun berilýär. 

Milli sergide şeýle hem meşhur taryhy-medeni ýadygärlikler we türkmen tebigatynyň ajaýyp ýerleri, döwrebap binalar, kaşaň myhmanhanalar, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar şekillendirilen uly surat pannosy görkezilýär. 

Berlindäki halkara forumyň giň işewürlik meýdançasynda tekliplerini hödürlemek we özara tanyşlygy hem-de Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň dünýäniň syýahatçylyk düzümine goşulyşmagyna ýardam etmäge ukyply täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Serginiň işiniň barşynda biziň wekiliýetimiziň agzalary daşary ýurtly işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirýärler. Şol duşuşyklara diňe bir syýahatçylyk pudagynyň däl, eýsem beýleki ulgamlaryň hem wekilleri gatnaşýarlar. 

Tebigy-şypahana hem-de taryhy-medeni kuwwat Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir. Onuň baýlygy we özboluşlylygy bolsa ýurdumyza bu ulgamda halkara abraýyny has-da artdyrmaga, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda öňdäki orunlary eýelemäge mümkinçilik berýär. Syýahatçylyk ulgamynda häzirkizaman bazar gatnaşyklarynyň peýda bolmagy, netijeli guramaçylyk çemeleşmeleriniň ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň bu ulgamynda telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, syýahatçylyk ulgamynda beýleki pudaklaryň – ulag-aragatnaşyk, söwda we gurluşyk, oba hojalygy, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýän pudaklaryň serişdeleriniň ulanylmagy, maýa goýumlaryny çekmek hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri we beýlekiler daşary ýurtly işewürler, halkara we milli syýahatçylyk agentlikleriniň hem-de Ýewropanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen geçirilýän duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylýar. 

Türkmen tarapynyň maglumatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan syýahatçylyk toplumyny ösdürmek baradaky strategiýanyň täze tapgyry toplumlaýyn häsiýetlendirilýär. Syýahatçylyk ugurlarynyň çäklerini giňeltmek, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, netijeli maglumat-mahabat işini hem-de özara bähbitli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak alnyp barylýan işleriň iň wajyp ugurlary bolup durýar.

Gürrüň Türkmenistanyň tebigatynyň ajaýyp künjeklerini hem-de gözel ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek, myhmanhana hem-de şypahana düzümini ösdürmek, pudakda häzirkizaman bazar gatnaşyklarynyň döredilmegini höweslendirmek we oňa kiçi hem-de orta telekeçiligiň serişdelerini çekmek boýunça görülýän çäreler barada hem barýar. 

Biziň wekiliýetimiziň “ITB Berlin 2016”  sergisindäki işiniň ilkinji iki güni Türkmenistanyň Ýewropanyň jahankeşdeleriniň tebigatyň gözel ýerlerine, gadymyýetiň hem-de häzirki döwrüň gymmatlyklaryny jemlän täsin ýerlere gezenlenç etmek babatdaky gyzyklanmasyna doly laýyk gelýändigini görkezdi. Daşary ýurtly bilermenler, şeýle hem ekologiýa hem-de tagamlar bilen baglanyşykly syýahatçylygyň täze ugurlaryň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini belleýärler. Ýöne, biziň ýurdumyzda syýahatçylary gyzyklandyran we gyzyklandyrýan esasy gymmatlyklaryň biri-de onuň  täsin medeni mirasydyr. 

Häzirki wagtda syýahatçylyk ulgamynyň hünärmenleri dünýäniň 50-ä golaý ýurdunyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň weklleri üçin Nowruz baýramçylygy günlerinde Türkmenistan boýunça uly tanyşlyk gezelenjini guramaga taýýarlyk görýärler. Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň syýahatçylyk agentleri köpöwüşginli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşarlar, türkmenleriň gadymy däp-dessurlary bilen tanşarlar, halk döredijiliginiň ajaýyp dünýäsine aralaşarlar, milli tagamlardan dadyp görerler. Olar şeýle hem dürli ugurlar boýunça gezelençleri amala aşyrarlar. Şol ugurlar bolsa Türkmenistanyň baý taryhy mirasyny, gaýtalanmajak tebigatyny, özboluşly medeniýetini, zehinli hem-de zähmetsöýer halkymyzyň özboluşly medeniýetini we häzirki ýaşaýşyny açyp görkezer. Daşary ýurtlylar myhmanhanalarda edilýän hyzmatlaryň derejesine we hiline baha bererler.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan Halkara Nowruz baýramyna gabatlanylyp “Syýahat” žurnalynyň ýörite sany taýýarlanyldy. Ol dolulygyna milli tagamlara bagyşlanýar. Žurnalyň ýörite sanynda biziň sahawatly ülkämiziň baý önümleri hem-de türkmen tagamlarynyň aýratynlyklary, tagamly çöregi, pişmäni, palawy, unaşy, işleklini, semenini, dogramany we beýleki tagamlary taýýarlamagyň usullary hödürlenilýär.

Milli tagamlar şekillendirilen köpöwüşginli suratlar bilen bezelen, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen žurnal daşary ýurtlylarda uly gyzyklanma hem-de olaryň Türkmenistana gelip görmek we türkmen milli tagamlary bilen tanyşmak höwesini döretmelidir. Žurnala şeýle hem türkmenleriň baýramçylyk däp-dessurlary, myhmansöýerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, halkymyzyň ruhy we  medeni mirasy baradaky makalalar girizildi. 

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 4-nji martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdi bilen Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti medeniýet ulgamynyň guramalarynyň we edaralarynyň düzümine girizildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Medeniýet ministrligi bilen Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bir ulgamyň düzüminde işlär. Bu bolsa syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin oňyn şertleri döreder, ýurdumyzda ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärliklere barýan syýahatçylaryň sanyny has-da artdyrmaga ýardam eder. Beýleki tarapdan bolsa, munuň özi türkmen halkynyň medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam berer. 

Bu karardan öň ýene-de bir möhüm çözgüt kabul edildi. Ol taryhy ýerleriň hem-de ýadygärlikleriň döwlet tarapyndan goralmagynda Medeniýet ministrliginiň ornuny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak maksady bilen, gol çeken Kararyna laýyklykda gurluşyk işleri ýa-da çäkleri özgertmek boýunça beýleki işler diňe Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşylyp geçiriler. 

Täzelik Türkmenistanyň çäginde ýerleşen medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak ulgamynda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer, şol desgalaryň has içgin öwrenilmegine hem-de olary syýahatçylyk dolanyşygyna giňden çekmek arkaly işjeň wagyz etmäge ýardam eder. 

Şeýlelikde, şu çäreleriň geçirilmegi hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde syýahatçylyk ulgamy esasy pudaklaryň birine öwrülip, halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmekde hem-de döwrebaplaşdyrmakda we ony eksport ugruna gönükdirmekde bu pudaga aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi Türkmenistana dünýäniň has bäsleşige ukyply ýurtlarynyň hataryna girmäge mümkinçilik berer.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat Wekillerine Ýüzlenmesi

syrach

Birža Täzelikleri

syrach

«NUR» Kompaniýasy Çykarylýan Önümleriň Görnüşlerini Artdyrýar