23.4 C
Aşkabat
24.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan-Russiýa: Däp Bolan Dostlukly Gatnaşyklary

Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň merkezinde bäşinji türkmen-rus ykdysady forumy geçirildi, ol iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guraldy.

Nobatdaky işewürler duşuşygyna gatnaşmak üçin Ýekaterinburga Türkmenistanyň wekiliýeti ugradyldy, onuň düzümine esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary girdi. Russiýa tarapyndan döwlet düzümleriniň hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda, derman senagatynda we saglygy goraýyşda, taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de gurluşykda, himiýa senagatynda, wagon gurluşygynda, metallurgiýada, hyzmatlaryň dürli ulgamlarynda işleýän iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Forumyň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda, oba hojalyk ulgamynda, dokma, azyk we himiýa senagatynda hem-de beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň ykdysady we intellektual kuwwatyndan has doly peýdalanmak maksady bilen, işewür hyzmatdaşlygyň netijeli usullary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Bellenilişi ýaly, döwletara türkmen-rus gatnaşyklary ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýär hem-de strategiki häsiýete eýe bolýar. Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat hem-de medeni merkezleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan, Swerdlowsk, Belgorod oblastlary hem-de Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr.  

Bilelikdäki maýa goýum taslamalary, ministrlikler, pudak edaralary, banklar hem-de ösüş institutlary bilen durnukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, maglumatlaryň yzygiderli alşylmagy we beýlekiler   ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam edýär. 

Şu duşuşyk taraplaryň ikisiniň hem esasy ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandygynyň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň berkidilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Ýygnananlar uzakmöhletleýin esasda guralýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, geljekki netijeli gatnaşyklary üçin bitewi binýady döretmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda şeýle forumlaryň ähmiýetini nygtadylar. 

Umumy mejlisleriň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Şol stategiýada bolsa ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary hem-de dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň, hususy telekeçiligi giňden goldamagyň hasabyna milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. 

Foruma gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleri, şol sanda Swerdlowsk oblasty bilen daşary söwda gatnaşyklarynda oňyn tejribäniň toplanandygyny nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler. Swerdlowsk oblasty Russiýa Federasiýasynyň iri maliýe-işewürlik, senagat, ulag-logistiki, ylym-bilim we medeni merkezleriniň biri bolup durýar. 

Russiýaly hyzmatdaşlaryň çykyşlarynda Russiýa Federasiýasynyň şu sebitiniň kärhanalarynyň Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ýurdumyz ykdysady we senagat taýdan ösüş babatda ýokary depginleri üpjün edýär. Taraplaryň senagat kuwwatyny, şol sanda eksport edilýän harytlaryň görnüşleriniň giňeldilmegini hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikler açylýar. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem kärhanalaryň, ylmy-barlag  institutlarynyň we okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň  ýola goýulmagynyň, pudagara derejesinde peýdaly gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň  ähmiýetini  bellediler. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler  barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi, ýurdumyzyň kuwwaty hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.  

Forumyň işewür  maksatnamasynda  Swerdlowsk oblastynyň esasy kärhanalaryna baryp görmek çäresi, şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklar göz öňünde tutulýar. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gazy Eksport Ediji Ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Sammitine Gatnaşdy

syrach

Beýik Ýeňiş-Mizemez Hatyra

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

turkmenhabargullugy