14.12.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistan we BMG Işjeň Gatnaşyklaryny Dowam Edýärler

2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşyk pikir alyş-çalşygy görnüşde we konstruktiw dialog ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň barşynda 2020-nji ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda bilelikdäki edilen işleriň netijeleri jemlendi, şeýle-de geljekki döwürde alnyp baryljak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýeti hakynda belläp, BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Türkmenistanyň hökümetine yzygiderli goldawy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistan bilen BMG-niň edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulan mehanizmi hakynda aýdyp, taraplar amaly işiň esasy bolup durýan käbir resminamalary bellediler.

Hususan-da, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Çeşme: mfa.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär Azyk Senagaty Döwlet Birleşiginiň Başlygynyň Orunbasary Maksat Kowusowiç Annanepesowyň MAKSATNAMASY

turkmenhabargullugy

2018 Yılı Türkmenistan’da «Türkmenistan Büyük İpek Yolu’nun Kalbi» Yılı Olarak İlan Edildi

Unaş Kesdik Gulaçlap