23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan we Hytaý Gelejekde Hyzmatdaşlygy Ösdürmegiň Meselelerine Seretdiler

2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň Daşary howpsuzlyk meseleleri boýunça Departamentiniň başlygy j-p Lýu Guanýuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Dürli derejelerdäki işjeň köpmeýilli we ulgamlaýyn syýasy gepleşikleri aýratyn häsiýeti bolup durýanTürkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli çygyrlardaky strategiki häsiýetini bellediler.

Duşuşygyň çarçuwasynda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikirler alyşylyp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny geljekde işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi. Taraplaryň howpsuzlyk meseleleri boýunça hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige gyzyklanmalary bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hytaý tarapy Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky halkara başlangyçlaryna ygrarlylygyny beýan etdi.

Bu meseläni dowam edip, taraplar ýurdumyzyň halkara gurşawyndaky, hususan hem, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çarçuwasyndaky işjeňligini aýratyn bellediler.



Duşuşygyň ahyrynda taraplar tejribeleri alyşmaga, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen özarabähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny beýan etdiler. 

Degişli makalalar

Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Duşuşyk Geçirdi we Halkara Gatnaşyklary Institutynda Sapak Berip, Çykyş Etdi

Türkmenistanda Ýer Titremeleriniň Töwekgelçiligini Azaltmak Boýunça Taslama Durmuşa Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Bütindünýä Serginiň Açylyş Dabarasynyň Hormatly Myhmany Boldy