24.2 C
Aşkabat
19.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan we Owganystan.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi, goňşy ýurduň Baştutany ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen geldi. 
Bu Owganystan Yslam Respublikasynyň täze Baştutanynyň Türkmenistana ilkinji saparydyr. Biziň ýurdumyz Owganystana ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmeginde, raýat ylalaşygynyň hem-de agzybirligiň kemala gelmeginde uly goldaw berdi. Häzirki wagtda iki döwlet we dostlukly halk öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyryň başyny başlaýarlar. 
Ir bilen belent mertebeli myhmanyň uçary bu şanly waka mynasybetli iki dostlukly goňşy ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. 
Owgan Liderine duz-çörek hödür edilýär we gül desseleri gowşurylýar. Uçaryň ýanyndan gaýdýan haly düşelen ýodajygyň ugry boýunça hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. 
Owgan lideriniň awtoulag kerweniniň paýtagtymyzyň merkezi köçesinden “Oguzhan” köşkler toplumyna barýan ugrunda ony türkmen atlylarynyň hormat eskordy ugradýar, bu belent mertebeli myhmana goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Milli Liderimiziň türkmen hakynyň myhman garşylamak dabarasyna aýratyn ähmiýet berýändigini äşgär edýän bu görnüşler gadymy ýörelgeleriň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 
Ajaýyp köşkler toplumynyň merkezi girelgesinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. 
Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen salamlaşyp, binanyň içine, “Oguzhan” zalyna girýärler, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. 
Bu ýerde nyzama düzülen hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentlerine hasabat berýär. 
Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary dabaraly ýaňlanýar. 
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani iki ýurduň Döwlet baýdaklaryna tagzym edýärler hem-de hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünde geçýärler. 
Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Owganystanyň Prezidenti şeýle hem Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrylýar. Owgan Lideri türkmen döwletiniň Baştutanyny öz ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. 
Türkmenistanyň we Owganystanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilýän zala çagyrýar, bu ýerde ikiçäk duşuşyk geçirilýär. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Prezidentini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda doganlarça mähirli garşylap, Aşraf Ganä ýurdumyza bolan ilkinji döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Aşgabat duşuşygynyň soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Bu gatnaşyklar bolsa özara ynam, köp asyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar. 
Döwlet Baştutanymyz ynam we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklaryna berilýän ägirt uly ähmiýet barada aýtmak bilen, ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilip, durmuş-ykdysady, şeýle hem gumanitar ulgamlarda täze bilelikdäki taslamalarda öz anyk beýanyny tapyp, geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynamy beýan etdi. 
— Türkmenistan Bitarap döwlet bolmak bilen, parahatçylyk we “açyk gapylar” syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Biz bu syýasaty diňe bir goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar üçin däl, eýsem, sebitiň döwletleriniň we tutuş adamzadyň bähbidi üçin alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunda, Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň tarapdary bolmak bilen, goňşy ýurtda emele gelen ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmak üçin başlangyçlary öňe sürüp, täze, uzak geljege niýetlenen syýasy-diplomatik usullary herekete getirmek ugrunda çykyş edýändigi aýratyn bellenildi. 
– Biz Owganystanyň parahat we ykdysady taýdan ösen ýurt bolmagyny isleýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň owgan halkyna goldaw bermek ugrunda öz tarapyndan ähli tagallalaryny etjekdigini, bu babatda dünýä jemgyýetçiligi bilen iri halkara guramalarynyň, aýratyn-da, BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklary işjeňleşdirjekdigini aýtdy. 
Umumy tagallalary utgaşdyrmak üçin Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösüşi we ykdysady taýdan gülläp ösmegi ugrunda Türkmenistan sebit we halkara derejesindäki iri taslamalary yzygiderli öňe sürýär we olary durmuşa geçirýär. 
Türkmenistan –Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça bilelikde alnyp barylýan üstünlikli işler oňyn hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde getirildi, bu taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň hem durmuş-ykdysady ösüşine oňat täsirini ýetirer. Çaklamalara görä, bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen Owganystan ägirt uly ykdysady peýda – ABŞ-nyň 1 milliard dollary töweregi girdeji gazanar we 12 müňden gowrak täze iş orny dörediler. 
Türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýene-de bir möhüm ugry ulag- aragatnaşyk ulgamydyr. Täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça ähli zerur şertler bar. Türkmenistanyň we Owganystanyň geografiki, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegi ilkinji nobatdaky möhüm mümkinçilikdir. 
Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy oňyn gatnaşyklaryň anyk mysaly hökmünde görkezildi. Onuň durmuşa geçirilmegi tutuş Ýewraziýa yklymynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, haryt dolanyşygynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirer. 
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça owgan tarapynyň netijeli teklipleri bar. Bu babatda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesini döretmek hakyndaky başlangyjy görkezmek bolar. 
– Biz özümiziň diplomatik işimiziň möhüm ugrlarynyň hatarynda iki ugra – energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine uly ähmiýet berýäris. Bu meseleleriň ikisi boýunça hem BMG-niň Baş Assambleýasy ýörite Rezolýusiýany kabul etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Onuň awtordaşlary bolup Owganystan hem çykyş etdi. 
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde gazanylan üstünlikleri kanagatlanma bilen belledi. Geçen ýylyň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna ýetdi. Şu ýyl bu görkezijini iki esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu babatda hökümetara türkmen-owgan toparyna möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, onuň işi oňyn netije berip başlady. 
Medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tükmen-owgan halklarynyň gadymdan gelýän köp asyrlyk dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň ählumumy bähbitler üçin özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Bu babatda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guralan we beýleki medeni çärelere işjeň gatnaşandygyny görkezmek bolar. 
Bilim ulgamynda hem netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Onuň çäklerinde owgan ýaşlary ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak bilen, ylym hem-de hünär derejesini ýokarlandyrýarlar. 
Türkmenistan we Owganystan saglygy goraýyş ulgamynda, esasan-da, serhetýaka owgan obalarynda lukmançylyk kömegini bermekde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. 
Milli Liderimiz Türkmenistanda ýaşlaryň beden taýdan kämil bolmagyna uly ähmiýet berilýändigini bellemek bilen, 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini we oňa owgan türgenleriniň gatnaşmagy boýunça meseleleri utgaşdyrmak babatda zerur çäreleriň görüljekdigini belledi. 
– Türkmenistan doganlyk owgan halkynyň hemişe parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamagy ugrunda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we türkmen tarapynyň goňşy Owganystana durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösmeginde yzygiderli kömek-goldaw berjekdigini nygtady. 
Türkmen Liderine Türkmenistana gelip görmek üçin çakylygy hem-de özüne bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhman Owganystanda uly hormat-sarpa goýulýan we ynam bildirilýän ýurtda bolmak mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy. 
Türkmen Lideriniň ägirt uly döwlet we jemgyýetçilik işlerini alyp barýandygyna döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Batanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işlerine tüýs ýürekden haýran galýandygyny beýan edip, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän syýasatyň we kabul edilýän kanunlaryň türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etjekdigine ynamyny beýan etdi. 
Pursatdan peýdalanyp, Prezident Mohammad Aşraf Gani öz kärdeşine we tutuş türkmen halkyna Merkezi Aziýa sebitinde umumy syýasy ýagdaýa oňyn täsir edýän parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty üçin, şeýle hem geçen ýyllaryň içinde Owganystana parahat, abadan durmuşy gurmakda hemmetaraplaýyn kömek berilýändigi üçin, şol sanda uglewodorod serişdelerini we elektrik energiýasyny ugratmak, täze ulag geçelgelerini çekmek we olary sebit ulgamlaryna birikdirmek ýaly strategiki taýdan möhüm başlangyçlaryň we taslamalaryň tutuş toplumynyň amala aşyrylmagynyň hasabyna ýardam berilýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. 
— Sebit boýunça goňşular bolan biz üçin Siziň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryňyz aýratyn uly ähmiýete eýe bolup durýar diýip bellemek bilen, owgan lideri türkmen tarapynyň energetika howpsuzlygyny we ulag üstaşyr geçelgeleriniň ygtybarlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýandygyny beýan etdi. 
Soňra özara ynam we düşünişmek ýagdaýynda gyzyklanma bildirilip geçlen söhbetdeşligiň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça türkmen-owgan gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we döwletara gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin iki tarapyň hem taýýardygyny ýene-de bir gezek tassykladylar. 
Ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak bilen, söhbetdeşler sebitiň ähli ýurtlarynyň ösüşine we abadançylygyna oňyn täsirini ýetirýän bilelikdäki möhüm taslamalary tapgyrlaýyn amala aşyrmak arkaly Türkmenistan bilen Owganystanyň uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk esasynda ýola goýulýan däbe öwrülen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze, döwrüň talaplaryna derejä çykarmaga iki tarapyň hem erk-islegini beýan edýändikleri baradaky bir pikire geldiler. 
Myhman ykdysady meseleler toplumyna degip geçmek bilen, owgan tarapynyň bilelikdäki özara bähbitli taslamalar bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýolunyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyna sabarsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi. Türkmen elektrik energiýasy geljekde diňe bir goňşy Owganystana däl-de, eýsem Günorta we Günorta – Gündogar Aziýa hem üýtaşyr geçirilip bilner. 
Pursatdan peýdalanyp, Owganystanyň Prezidenti Türkmenistanyň hemişelik esasda ynsanperwerlik kömegini berýändigi, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryna ýardam edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. 
Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikalaranyň Prezidentleri şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar we dünýä bileleşiginiň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde tagallalaryny gürrüňsiz suratda goldaýandyklaryny beýan etdiler. 
Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi. 
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini we owgan wekiliýetiniň agzalaryny hormatlamak bilen, Türkmenistanyň Owganystan bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini we şu günki ýokary derejede geçirilen türkmen-owgan duşuşygyna iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýän iri syýasy waka hökmünde baha berýändigini belledi. 
Döwlet Baştutanymyz ikiçäk gepleşikleriň barşynda tükmen-owgan ganaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary hakynda pikir alyşmalary bolandygyny we möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, bu ugurda biziň garaýyşlarymyzyň gabat gelýändigini aýratyn belledi.
Biziň halklarymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gatnaşyklary soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we bitaraplygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden Owganystan bilen hyzmatdaşlyk etmekde baý tejribe toplandy diýip, milli Liderimiz aýtdy. 
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Mohammad Aşraf Ganini şu ýylyň dekabrynda berkarar döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli uly halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy. 
Bitarap döwlet hökmünde iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde biziň ýurdumyz Owganystan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär we Owganystandaky ýagdaýy diňe syýasy-diplomatik ýollar bilen düzgünleşdirmegiň tarapdarydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda alnyp barylýan geňeşmeleri has-da işjeň dowam etmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy. 
Biziň ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi Aziýa yklymynda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Şu nukdaý nazardan, uzak geljege gönükdirilen iri möçberli halkara ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Durnukly ösüş üçin ulag-aragatnaşyk ugruny üpjün etmekden halkara hyzmatdaşlygynyň orny” atly Rezolýusiýany kablu etdi. Owganystan bu Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ulag aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin ägirt uly ähmiýeti bolan bu möhüm resminamany goldandygy üçin Owganystanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde durmuşa geçirilýän «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň taslamasyny muňa aýdyň mysal hökmünde görkezdi. 
Milli Liderimiziň belleýşiý ýaly, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan– Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. 
“Bu iri halkara taslamasynyň amala aşyrylmagynyň sebit üçin, ilkinji nobatda bolsa, Owganystanyň halky we ykdysadyýeti üçin uly ähmiýeti bolar, Merkezi we Günorta Aziýada howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi berkitmäge uly goşant goşar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 
Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky elektrik energetikasy boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem möhüm orny eýeleýär. Aýratyn-da, Lebap we Mary welaýatlarynda elektrik stansiýalarynyň we desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, geljekde Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň kuwwatyny 500 megawata ýetirmäge mümkinçilik dörär. 
Iki ýurduň arasyndaky daşary söwda gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseläniň üstünde durup geçmek bilen, döwdet Baştutanymyz söwda dolanyşygynyň möçberiniň geçen ýyl 1 milliard amerikan dollaryndan geçendigini kanagatlanma bilen belledi. Ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini ýakyn wagtda 2 milliard amerikan dollaryna ýetirmäge mümkinçiligiň bardygyna ynanýaryn diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň ähmiýetiniň uludygyny aýtdy. 
Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzyň arasynda medeniýet, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini aýratyn belläp, medeniýet ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyzda Owganystanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini şertlendirjekdigini aýtdy. 
Türkmenistan owgan halkynyň hemişe agzybir we parahat durmuşda ýaşamagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu ugurda mümkinçiligine görä, Owganystana goldaw berýär. Goňşy ýurda şeýle goldawy biz mundan beýläk hem dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 
Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynda ýakyn geljekde birnäçe durmuş maksatly desgalary gurmagy we doly enjamlaşdyrmagy göz öňünde tutýarys. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde 20 orunlyk çaga dogrulýan öýi, Jowuzjan welaýatynyň Şibirgan şäherinde 300 orunlyk ýetim çagalar üçin öýi, şeýle hem, Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina ilatly ýerinde 1000 orunlyk etrap derejesindäki metjidi gurarys. Balh welaýatynyň Mazary-Şerip şäherinde bolsa Türkmenistanda öndürilen harytlaryň ýöriteleşdirilen «Türkmenistan» dükanyny açmagy meýilleşdirýäris diýip, milli Liderimiz belledi. 
Şeýle hem türkmen tarapynyň ertir goňşy Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik ýüki—mekdep okuwçylary üçin esbaplary, süýji nygmatlary we beýleki önümleri ibermegi göz öňünde tutýandygy barada aýdyldy. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekgine hem-de berkidiljekdigine pugta ynam bildirip, owgan halkyna parahatçylyk rowaçlyk arzuw etdi. 
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Wise-premýer Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler, onuň taslama gatnaşyjy ýurtlaryň çäginden geçýän ugry we taslamany ýerine ýetirmäge gririşmegiň nobatdaky tapgyrlary barada hasabat berdi. 
Döwlet Baştutanymyz diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin uly ähmiýeti bolan bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna degişli ugurdaş we halkara düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. 
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demirýolunyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler boýunça hasabat berdi. Wise-premýer gurulmagy meýilleşdirilýän bu demirýolyň geçjek ugurlary, onuň gurluşygyna degişli goňşy ýurtlar tarapyndan bildirilýän teklipler, şeýle hem bu ähmitýetli taslamanyň gurluşygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek boýunça ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler barada durup geçdi. 
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurulmagy bu ýurtlar üçin ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, eýsem goňşy ýurtlaryň arasynda medeni-gumanitar gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyny, dost-doganlyk hyzmatdaşlygynyň artmagyny şertlendirer diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmegini tabşyrdy. 
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Artykow giňişleýin düzümde geçirilýän gepleşikleriň barşynda Türkmenistandan Owganystana ugradylýan elektrik energiýasynyň mukdary, elektrik geçirijileriň meýilleşdirilýän ugurlary hem-de ugradylýan energiýanyň möçberlerini artdyrmak boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 
Goňşy ýurduň bähbitlerini we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen Owganystana iberilýän türkmen energiýasynyň möçberlerini artdyrmak, onuň ugurlaryny kesgitlemek boýunça zerur çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Aýratyn-da halkara elektrik geçirijileri bilen baglanyşykly ugurdaş düzümleriň döredilmegi, zerur desgalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 
Soňra Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä söz berilýär. 
Owganystanyň baştutany türkmen Liderine Türkmenistana gelip görmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik bilen kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki ýurduň we halkyň abadançylykly maksatlaryna doly laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly depginde ýylsaýyn ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. 
Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösdürilmengine degişli meselelere içgin üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gezeginde Owganystanyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda aýdylan hem-de owgan tarapynyň meýilnamalaryna we maksatlaryna laýyk gelýän teklipleri doly oňlaýandygyny belledi. 
Owganystanyň lideri döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini aýdyň görkezýän türkmen döwletiniň garaýşyna ýokary baha berip, sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleleriň çözülmeginde ýurdumyzyň ornunyň aýratyn ähmiýetlidigini aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstaşyr we energetika howpsuzlygy üpjün etmek baradaky başlangyçlarynyň möhümdigini we ýerliklidigini nygtady. 
Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany halkara derejesinde uly at-abraýa ýetiren paýhasly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty oňlaýandygyny aýdyp, häzirki wagtda türkmen döwletininiň köpugurly we oýlanyşykly daşary syýasatyna dünýädäki yzygiderli ösüşiň möhüm ugry hökmünde hem-de ýurduň hemişelik oňyn bitaraplygyna bolsa Merkezi Aziýada we onuň çäklerinlen daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, sebitde hakyky dostluga, özara düşünişilmegine we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýagdaýy döretmegiň netijeli usuly hökmünde garalýandygyny belledi. 
Owganystan Yslam Respublikasynyň baştutany häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň we netijeleriniň haýran galdyrýandygyny, bularyň sebitdäki doganlary tüýs ýürekden begendirýändigini aýdyp, owgan tarapynyň Türkmenistanyň oňyn bitaraplygynyň şu ýylda bellenilýän 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek şanly dabaralara gatnaşmagy maksat edinýändigini nygtady. 
Owganystanyň lideri ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça uly işleri amala aşyrýan Türkmenistanyň tagallalarynyň oňlanýandygyny aýdyp, owgan lideri goňşy iki ýurduň mundan-da beýläk bilelikde hyzmatdaşlyk etmeginiň tutuş sebit üçin mynasyp göreldä öwrüljekdigine ynam bildirdi. 
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna şu ýyllarda netijeli ynsanperwerlik kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, däbe öwrülen hem-de taryhy we medeni taýdan ýakynlygyň berk binýadyna esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 
Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça çaltlandyrylmagyna uly gyzyklanma bildrýändigini aýdyp, gol çekmek üçin niýetlenen resminamalaryň diňe br türkmen we owgan halklarynyň däl-de, tutuş sebitdäki halklaryň bähbitleri üçin amala aşyrmak boýunça bellenilen bilelikdäki taslamalaryň çalt durmuşa geçirilmegine gös-göni ýardam berjekdigini belledi. 
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygyna, Türkmenistandan Owganystana täze elektrik geçirijileriniň çekilmegine, şeýle hem halkara ulag gatnawlarynda möhüm ähmiýetli düzüme öwrüljek Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demr ýolunyň gurluşygyna degişli taslamalaryň möhüm ähmiýetlidigi bellenildi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu taslamalaryň örän möhüm ähmiýetlidigini beläp, milli Liderimize türkmen bilermenleriniň Owganystanyň çäginde demir ýoly gurmakda kömek bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi. 
Mohammad Aşraf Gani türkmen tarapyna Owganystan -Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesine degişli taslamanyň oňlanandygy üçin minnetdarlyk we hoşallyk bildirip, diňe bir gazgeçirijiniň däl-de, Pakistan bilen serhede çenli demirýoluň we elektrik energiýasyny geçirijileriň çekilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini hem-de degişli gepleşikleriň geçirilmegine taýýardygyny aýtdy. 
Belent mertebeli myhman bar bolan kuwwaty we mümkinçililikleri, iň esasysy bolsa taraplaryň özara islegini göz öňünde tutmak arkaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekkdigine ynam bildirip, netijeli gepleşikleriň geçirilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 
Owganystanyň Prezidenti çykyşyny jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özara hormat goýulmagyna esaslanýan hyzmatdaşlyga mahsus ruhda ösdürilýän türkmen-owgan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine örän uly şahsy goşandy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, kärdeşine berk jan saglyk, köpugurly döwlet we jemgyýetçilik işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa – parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi. 
Soňra “Oguzhan” köşkler toplumynyň “Seljuk han” zalynda däbe öwrülen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýadyň döredilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 
Türkmenistanyň we Owgaynstanyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Elektrik eneretikasy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2016-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna gol çekilýär. 
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler. 
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani “Magtymguly” zalyna baryp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlendiler. 
Şu gün şeýle hem Ymamnazar-Andhoý ugry boýunça elektrik enerşiýasyny ibermek baradaky şertnamama goşçaça ylalaşyga we Serhetabat-Hyrat-Turgundy ugry boýunça elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnama goşmaça ylalaşyga gol çekildi. 
Türkmenistanyň Prezidenti milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde çykyş edip, däbe öwrülen türkmen-owgan gatnaşyklaryna mahsus bolan açyk we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň netijeli häsiýetli bolandygyna ýokary baha berdi. Milli Liderimiz şu gün özara düşünişmek, ynanyşmak we hormat goýmak ýagdaýynda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan we has ýokary derejä ýetirilýän hyzmatdaşlygyň geljekki anyk ugurlarynyň kesgitlenendigini aýtdy. 
Türkmen Lideri iki döwletiň halkara we sebit meseleleriniň köpüsi baradaky garaýyşlarynyň bir-birine doly laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen belläp, munuň aýratyn hem, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine degişlidigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we sebit derejesinde, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde şu ugurdaky işleri dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan hemişe goňşy Owganystanyň we doganlyk owgan halkynyň parahat durmuşda ýaşamagynyň we zähmet çekmeginiň, geljegine ynamly garamagynyň tarapdary bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Owganystana mümkin bolan ähli kömegi berýändigini we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna hem işjeň gatnaşjakdygyny belledi. 
Türkmen Lideri owgan topragynda parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar boljakdygyna berk ynam bildirip, Owganystana we onuň halkyna bagtly geljegi we gülläp ösüşi arzuw etdi hem-de biziň gatnaşyklarymyzyň esasy maksadynyň halklarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny we ýurtlarymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmekden ybarat bolup durýandygyny aýtdy. 
Döwlet Baştutanymyz duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn sowda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, nebitgaz, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, ylym, medeniýet we sungat ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada özara pikir alyşylandygyny we degişli ylalaşyklara gelinendigini belledi. 
Gepleşikleriň netijeberi boýunça birnäçe resminamalara gol çekilendigi we bu resminamalaryň türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmäge we iki döwletiň gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine hyzmat etjekdigi aýdyldy. Şeýle hem, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we özara maýa goýumlar üçin zerur şertleri döretmek barada pikir alşyldy. 
Taraplar bar bolan mümkinçilikleri öwrenmek bilen, geljekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparyna uly ornuň degişlidigini bellediler. 
Türkmen döwletiniň Baştutany ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, ýangyç-energetika pudagynda iri taslamalary amala aşyrmak meselelerine hem garalyp geçilendigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, şu maksat bilen, Türkmenistan möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlary bilen çykyş edip, energetika we ulag boýunça diplomatiýany işjeňleşdirýär. 
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan energetika babatynda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda iki sany ýörite Rezolýusiýanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda – 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy kabul edildi. 
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň ýolbaşçylaryna, ilkinji nobatda, Prezident Mohammad Aşraf Ganä şeýle möhüm halkara resminamalarynyň kabul edilmeginde doganlyk Owganystanyň möhüm halkara resminamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edendigi we ýurdumyzyň başlangyçlaryna iş ýüzünde goldaw berendigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. 
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçip, döwletlerimiziň «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Prezident Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşygyň çäklerinde şu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara maýa goýumlaryny çekmek, halkara maliýe edaralary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada giňişleýin pikir alyşylandygy nygtaldy. 
Türkmen Lideri gazanylan anyk ylalaşyklar barada aýdyp, ýakyn geljekde Owganystanyň serhet welaýatlarynda birnäçe durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem täze elektrik geçirijileriň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Türkmenistan öz öndürýän elektrik energiýasynyň bir bölegini Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli şertlerde berýär. Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň goňşy Owganystana iberilýän möçberini geljekde has-da artdyrmagy göz öňünde tutýandygy nygtaldy. 
Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin hem uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi. Häzirki zaman söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüş ýollaryny nazara almak bilen, Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda söwda we aragatnaşyk ýollarynyň, şeýle hem yklymara geçelgeleriň ösdürilmegine örän uly üns berýär. Bu ugurdaky mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy, bar bolan mümkinçilikleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin özara arkalaşykly hereketleri amala aşyrmak barada ylalaşyldy. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn hem iki döwletiň çäklerinden üstaşyr daşalýan ýükleriň barha artýandygyny belledi hem-de munuň üstaşyr söwdanyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýändigini aýtdy. 
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşyklarynyň örän çuň taryhy we medeni kökleri bar diýip belledi. Bu gatnaşyklar häzirki zaman talaplary esasynda täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, gepleşiklerde iki döwletiň we halkyň arasynda medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ysnyşykly gatnaşyklaryň çäklerinde halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýarys diýip aýtdy. Bu ugurda alymlaryň, medeniýet we sungat işgäleriniň özara gatnaşyklary has-da ösdüriler. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu döwlet saparynyň öňünde goýlan maksatlara ýetilendigini belläp, Prezident Mohammad Aşraf Ganä ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de doganlyk owgan halkyna bagt, abadançylyk, parahatçylyk arzuw etdi we “Paýhasyň kuwwaty gara güýçden rüstemdir!” diýen owgan nakylynyň çuňňur manysyny belledi.
Soňra Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani žurnalistlere ýüzlenip çykyş etdi. 
Owganystanyň Lideri geçirilen gepleşikleriň netijelerini häsiýetlendirip, şu günki düşüşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumynyň, şeýlehem sebit we halkara derejesindäki syýasat boýunça özara gyzyklanma bildirilýän käbir meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. 
Mohammad Aşraf Gani taraplaryň iki ýurduň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda bolsa esasy halkara guramalarynyň çäklerinde özara arkalyşykly hereket etmegiň esasy ugurlary boýunça çemeleşmeleriň meňzeşdigini tassyklandyklaryny aýtdy. 
Belent mertebeli myhman häzirki döwürde dünýädäki möhüm meseleler babatdaky garaýyşlaryň meňzeşdigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň milli, sebit we halkara derejelerinde gazanan üstünlikleri bilen gutlap, öz halkyny rowaçlygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe tarap ynamly alyp barýan türkmen Lideriniň oňyn syýasatynyň Owganystan tarapyndan dolulygyna oňlanýandygyny aýtdy. 
Owganystanyň Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň bitaraplygynyň belleniljek 20 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmekde mundan beýläk-de üstünlik gazanmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. 
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçip, şu günki duşuşygyň türkmen-owgan gepleşiginiň senenamasyna täze sahypa bolup ýazyljakdygyny hem-de bu gepleşigi işjeňleşdirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. 
Belent mertebeli myhman Aziýadaky gadymy söwda ýollarynyň möhüm çatrygyny dikeltmek boýunça başlangyç barada aýdyp, üstaşyr geçelgeleri gurmak ugrundaky meýilnamalaryň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belledi, şol geçelgeler Türkmenistanyň we Owganystanyň çäklerinden geçip, Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýä, beýleki tarapdan bolsa Gazagystana, Ukraina, Russiýa uzalyp gider. 
Mohammad Aşraf Gani Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, demir ýoluň, elektrik geçirijileriň gurluşygynyň oňlanylýandygyny belläp, şol taslamalara Demirgazyk, Merkezi we Gündogar Owganystanyň keşbini düýpgöter özgertmek arkaly, bu ýurdy Merkezi Aziýa bilen baglanyşdyrjakdygyna ynam bildirdi hem-de munuň hemmeler üçin amatly boljakdygyny we iri sebitleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigini aýtdy. 
Owganystanyň Prezidenti owgan tarapynyň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde gazanylan ähli ylalaşyklaryň däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çaltlandyrylmagyna badalga berjekdigine ynam bildirdi hem-de ynamyň we özara hormat goýmagyň şol hyzmatdaşlygyň esasy alamatlary bolup durýandygyny aýtdy. 
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Owganystana sapar bilen gelmäge çagyrandygyny aýtdy. 
Çykyşynyň ahyrynda belent mertebeli myhman Türkmenistan tarapyndan ynsanperwerlik kömeginiň berilýändigi hem-de onuň sebitde parahatçylygyň we yzygiderli ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasaty ýöredýändigi, ýüze çykýan meseleleri BMG-niň çäklerinde Owganystana ýardam berilýändigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. 
Günüň ikinji ýarymynda Owganystanyň Prezidenti Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň Gypjakdaky aramgähine gül desselerini goýdy, şeýle hem Türkmenbaşynyň ruhy metjidine baryp gördi. 
Bu ýerden belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni türkmen paýtagtynyň günorta tarapyna – Garaşsyzlyk binasyna tarap ugrady. 
Owganystanyň lideri iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde, Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde ýaş agaç nahalyny oturtdy. 
Şu gün Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna bardy, bu ýerde Owganystanyň baştutanyna bu ýokary okuw mekdebiniň hormatly professory diýen ady dakmak dabarasy boldy. 
Dabaraly ýagdaýda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hormatly professory diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň Karary okalýar. Dostlukly ýurduň baştutany bu hormatly ada parahatçylyk we jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk, türkmen we owgan halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly goşandy, şeýle hem ykdysadyýet, bilim we medeniýet??? ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy. 
Dabara gatnaşanlaryň el çarpyşmagy bilen Prezident Mohammad Aşraf Ganä degişli diplom gowşurylýar we ýörite akademiki lybas berilýär. 
Owgan Lideri ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, özüne bildirilen hormat-sarpa üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem tutuş türkmen halkyna hoşallygyny beýan edip, bu waka iki doganlyk halkyň arasyndaky bozulmaz dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýene bir nyşany hökmünde baha berýändigini aýtdy. 
Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, goňşy ýurtda türkmen döwletiniň Baştutanynyň sebitde we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary we döredijilikli syýasaty tutuşlygyna goldanylýar. Owgan halky Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegi üçin berilýän yzygiderli kömege we goldawa ýokary baha berýär diýip, Mohammad Aşraf Gani aýtdy. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýe bolan türkmen-owgan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny belläp, Owganystanyň baştutany ulag-üstaşyr geçelgelerini we energetika ugurlaryny ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýeti üçin uly ähmiýete eýedigini aýtdy. 
Mälim bolşy ýaly, eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberýär we olaryň möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutýar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Häzirki wagtda şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu taslamalaryň ählisi diňe bir türkmen hem-de owgan halklary üçin däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin ykdysady taýdan örän bähbitlidir. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy bolsa türkmen gazyny ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde peýdalanmaga mümkinçilik berer diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani belledi. 
Owgan Lideri medeni-gumanitar gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösüşini belledi we ol biziň ýurtlarmyzyň we halklarmyzyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder diýip aýtdy. 
Belent mertebeli myhman çykyşyny tamamlamak bilen, özüne berlen ýokary baha, myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi we geljekde hem özüniň doganlyk owgan we türkmen halklarynyň has-da ýakynlaşmagy, iki döwletiň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini belledi. 
Agşam Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň hormatyna resmi nahar berildi, şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler. 
Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Toplumlaýyn Mineral Dökünleriň Önümçiligi Özleşdirilýär

turkmenhabargullugy

Hazaryň Kenarýaka Zolagynyň Ýataklary Işlenilýär

Eni Turkmenistan Limited Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär