04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýaan Reýnholddan ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikler arzuw etdi.

Myhman hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, özüniň parahatçylyksöýüjilik syýasaty hem-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşi bilen halkara abraýyna eýe bolan Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletinde öz ýurduna wekilçilik etmegi uly hormat-sarpa hasaplaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda diplomata Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada jikme-jik gürrüň berildi. Dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli dostlukly gatnaşyklary ösdürmek şol syýasatda möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ylmy-tehniki gazananlaryň ornaşdyrylyşy barada habar berildi. Estoniýaly diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen hem tanyşdyryldy.

Öz nobatynda Estoniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi habary üns bilen diňläp, durmuş ugurly syýasaty durmuşa geçirmekde iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşligini aýratyn belledi. Jenap Ýaan Reýnhold Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwaty barada aýdyp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Söhbetdeşler şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň wajypdygyny, bu işde Estoniýa Respublikasynyň parlamentinde döredilen Türkmenistan bilen dostluk toparynyň ornunyň möhümdigini nygtadylar.

* * *

Şu gün Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Ertir Estoniýanyň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň Nebitgaz senatagy we mineral serişdeler ministrliginde, Maliýe ministrliginde hem-de Söwda-senagat edarasynda duşuşyklary geçirer. Şeýle hem jenap Ýaan Reýnholdyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary intitutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem-de professor-mugallymlar düzümi bilen duşuşyklar meýilleşdirildi. Medeni maksatnamanyň çäklerinde ilçi paýtagtymyzdaky muzeýler hem-de Aşgabadyň beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşar.

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 19.05.2020-15.06.2020

18-nji Aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna Döwlet Sapary Başlanýar