24.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Forumy Tamamlandy

Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Forumy Tamamlandy

Paýtagtymyzda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Aşgabat forumy öz işini tamamlady. Onuň gün tertibine dünýä energetikasynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek bilen bagly meseleleriň giň topary girizildi.

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän duşuşyk Aşgabatda daşary ýurt wekiliýetleriniň onlarçasyny, şol sanda Awstriýanyň, Albaniýanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Belarusuň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Italiýanyň, Ýemeniň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Keniýanyň, Litwanyň, Mongoliýanyň, Polşanyň, Pakistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Slowakiýanyň, Senegalyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Ugandanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň wekiliýetlerini ýygnady.

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň wekilleri, şeýle hem ministrlikleriň we edaralaryň, iri energetika kompaniýalarynyň esasy hünärmenleri, görnükli syýasatçylar, diplomatlar, alymlar, halkara bilermenleri bar.

Ozal habar berlişi ýaly, forumyň işiniň barşynda “Tebigy gazyň bazarlary: serhetara ulag daşamalary we üstaşyr geçelgeler”, “Bütindünýä energetika howpsuzlygynda suwuklandyrylan tebigy gazyň ornunyň artmagy” hem-de “Nebiti dünýä bazarlaryna çykarmak” ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda energetika ulgamynda dünýä bileleşiginiň işleriniň möhüm ugurlary, şol sanda transmilli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň tejribesi, suwuklandyrylan tebigy gazyň global söwdasynyň mümkinçilikleri hem-de sebit we dünýä möçberinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň tutýan orny we beýleki möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.

Şu gün “Elektrik energiýasynyň serhetýaka söwdasy we durnukly ösüş” atly mejlisiň çäklerinde bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä tejribesi hem-de geljegi uly ugurlary gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda Merkezi hem-de Günorta Aziýanyň arasynda elektrik energiýanyň söwdasynyň mümkinçilikleri, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektrik energiýasynyň sebit bazarlarynyň goşulyşmak tejribesi, Merkezi Aziýanyň sebit energetika ulgamynyň hereket etmegi, şeýle hem elektrik energiýanyň iberilmegini we üstaşyr geçirilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly meseleler seljerildi.

Hususan-da, Aziýa ýurtlarynyň dowam edýän ykdysady ösüşiniň, ilatyň sanynyň tiz artmagynyň hem-de milli ykdysadyýetleriň energiýany uly möçberde sarp etmegi şertlerinde energiýa serişdelerine bolan isleg yzygiderli ýokarlanar. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistan şolaryň biri bolup, onuň energetika senagaty dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýanyň eksportyny artdyrmagyň ýokary depginlerini görkezýär. Ýurduň dürli sebitlerinde kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýalaryň hem-de täze elektrik geçiriji ulgamlaryň gysga döwürde gurulmagy netijesinde pudagyň artan kuwwaty ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara hem ibermäge mümkinçilik berýär.

Pudakda ornaşdyrylýan innowasiýalar, tebigy gazyň ägirt uly gorlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň strategik pudagynyň öňünde goýan wezipelerini netijeli çözmäge ýardam edýär. Tebigy gaz elektrik stansiýalary üçin ýangyjyň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz görnüşleriniň biri bolup durýar.

Umuman, pudagyň kuwwatynyň artmagy türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, ozaly bilen Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberlerini has-da artdyrmaga ýardam eder. Bu goňşy ýurtda degişli düzümiň döredilmegi täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik berip, dostlukly ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga mynasyp goşandyny goşar. Elektrik energiýanyň daşary ýurtlara ugradylýan beýleki ugurlary hem has anyk görnüşe eýe bolýar.

Hususan-da, kuwwatly elektrik geçiriji ulgamy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugrunda gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi bu ulgamyň düzümine girýän desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik berer. Şol ýurtlaryň hökümetleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu taslamasynyň çalt amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýärler.

Forumyň gün tertibiniň esasy meselesini—energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşygy işläp taýýarlamak bilen bagly mesele gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşanlar energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegiň tejribe, kadalaşdyryjy hem-de hukuk taraplaryny, gaz, nebit we elektroenergetika bazarlarynyň aýratynlyklaryny, olaryň emele gelýän meýillerini seljerdiler, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň barabarlygyny nazara almak bilen, energiýa serişdeleriniň üstaşyr akymlarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam etjek çäreler hakynda nukdaýnazarlaryny beýan etdiler.

Bu çekişmäniň netijeleri forumyň jemleýji mejlisinde jemlendi. Bellenilişi ýaly, ählumumy ykdysadyýetiň ornunyň berkidilmegi dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gös-göni bagly bolup durýar. Energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, döwrebap çeşmeleriniň giňden elýeterli bolmagy ähli ýurtlaryň okgunly ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Dünýä bileleşiginiň tagallalary üçünji müňýyllygyň şu maksadyny gazanmaga gönükdirilendir, şol sanda BMG-niň kabul eden ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine laýyklykda gazanylmalydyr.

Bu, öz nobatynda, energetika ulgamynda halkara hukugy bilen berkidilen döwletleriň hyzmatdaşlygynyň täsirli gurallaryny işläp taýýarlamagyň, ählumumy energetika gatnaşyklarynyň barşyny kadalaşdyrýan möhüm, mizemez we köpugurly ýörelgelerini döretmegiň zerurdygyny aňladýar.

Şunuň bilen baglylykda, giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Türkmenistan öz ägirt uly möçberdäki serişdelerini tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşmak bilen, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmäge yzygiderli goşant goşýar, bu ugurda anyk çäreleri görýär. Hususan-da, tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlarynyň çäklerini diwersifikasiýalaşdyrmak we giňeltmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şundan ugur almak bilen, köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň netijeli häsiýeti barada durlup geçildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky Kararnama şol başlangyçlaryň öz wagtynda öňe sürlendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Baştutany energetika ulgamynda çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni almak we olary netijeli çözmek üçin häzirki zaman diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy barada aýdyp, BMG-niň ornuny ýeke-täk köpugurly düzüm hökmünde aýratyn görkezýär. Onuň çäklerinde energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek meseleleri boýunça giň halkara ylalaşygyny gazanmak mümkindir.

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň halkara-hukuk meselelerine aýratyn üns berilýär. Iri halkara gurama bolan Energetika Hartiýasy Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýär. Halkara Energetika Hartiýasynyň çäklerinde döredilen iş toparlarynyň çözgütlerine, şeýle hem halkara bilermenleriniň duşuşyklarynyň hem-de Aşgabat forumynyň jemlerine daýanmak bilen, ýurdumyz degişli ugurda işlerini giňeldýär.

Şunuň bilen birlikde, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de önümleri ugratmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak, energiýa netijeliligini we energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak, energetikanyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak, energetika maýa goýumlaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça halkara gepleşikleri dowam etdiriler.

Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak çykyşlary jemlemek bilen, forumyň çäklerinde geçirilen çekişmeleriň netijeli häsiýetini belledi. Onda dünýä bileleşigi üçin örän möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozaly bilen bu wekilçilikli duşuşyk ykdysady we durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek babatda netijeli gatnaşyklary giňeltmek bilen baglylykda umumy tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny görkezdi.

Aşgabat forumynyň Jemleýji resminamasynda bellenilişi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň çäklerinde energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek babatda köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşygy taýýarlamak boýunça maksada gönükdirilen işler geçirilýär. Ol energiýa serişdeleriniň halkara söwdasyny ösdürmek üçin gurallaryň biri bolmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, forum energiýa serişdeleriniň halkara ibermeleri bilen bagly bolan anyk meseleleriň toparyny kesgitlemäge hem-de Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň isleglerini beýan edýän çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berdi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary forumyň jemleriniň, bilermenleriň netijeleriniň nazara alynmagy hem-de syýasy jarnamada öz beýanyny tapmagy barada bir pikire geldiler. Bu jarnamany noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň 28-nji mejlisiniň jemleri boýunça kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly foruma gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli myhmansöýerlik hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça gepleşiklere täze itergi beren şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Degişli makalalar

Puşkin Adyndaky Teatrynyň Täze Oýny Maşgala Gymmatlyklary Barada

«Türkmen Alabaý Itleri» Assosiasiýasy Döredildi

Döwlet Immunizasiýa Maksatnamasy-Halkyň Saglygy Baradaky Alada

turkmenhabargullugy