21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmenistanda Halkara Okuw Maslahaty Geçirilýär

Türkmenistanda Halkara Okuw Maslahaty Geçirilýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işini dowam edýär. Ol ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guraldy.

Ozal habar berlişi ýaly, on günlük okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri hem-de olaryň türkmen kärdeşleri – Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasynyň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň, “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň işgärleri gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň bilermenleri, şol sanda Russiýadan, Germaniýadan, Eýrandan, Maltadan, we Gondurasdan bilermenler, Halkara ummanlar instituty, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasy (IOC UNESCO), BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP), Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýän bilermenler çykyş edýärler.

Şeýle hem özara alyşmalaryň çäklerinde “Hazar bilim maksatnamasyna” gatnaşmaga ilkinji gezek Hytaý Halk Respublikasynyň Deňiz maglumatlary we habarlar hyzmaty boýunça Milli merkeziniň (National Marine Data and Information Service) wekilleriniň çagyrylandygyny bellemelidiris. Týanszin şäherinde ýerleşen bu ylmy-barlag we maglumatlar merkeziniň binýadynda her ýyl Ýuwaş ummanyň günbatar böleginiň deňizlerini dolandyrmak we durnukly ösdürmek boýunça okuw maslahaty geçirilýär. Şol okuw maslahatlary Halkara ummanlar instituty tarapyndan okuw boýunça hyzmatdaşy — Hytaýyň ummanlar boýunça döwlet dolandyryş edarasy bilen bilelikde guralýar.

Hazar sebiti geografiki taýdan amatly ýerleşip hem-de baý we dürli görnüşli tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, häzirki wagtda köp döwletleriň we transmilli korporasiýalaryň syýasy we ykdysady bähbitleriniň merkezinde durýar. Munuň özi sebitiň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky aýratyn ornuny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, okuw maslahatynyň maksatnamasyna köptaraply diplomatiýa, gepleşikleri geçirmegiň kadalary, hyzmatdaşlygyň hökümetara gurallary, halkara guramalary bilen özara gatnaşyklar ýaly wajyp meseleler girizildi.

Okuw maslahatynyň diňleýjileri BMG-niň deňiz hukugy boýunça Konwensiýasy, milli kenarýaka we deňiz zolaklaryny ulanmaga, Hazar deňziniň nebit we gaz serişdelerini gözlemäge we ulanmaga, gämiçiligi kadalaşdyrmaga hem-de Hazaryň deňiz ulgamyna we balyk gorlaryny goramaga degişli halkara hukuknamalary bilen içgin tanyşdylar.

Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny kemala getirmäge aýratyn üns berildi. Kenarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny döretmäge gönükdirilen binýatlaýyn resminama hökmünde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Hazar deňziniň biologiki suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky Ylalaşyk hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk işlenip taýýarlanyldy we olara gol çekildi.

Hazar deňziniň derejesiniň wagtal-wagtal üýtgäp durmagy, şeýle hem howanyň ählumumy we sebit derejesinde üýtgemegi bilen şertlendirilen Hazaryň aýratyn gidrometeorologiki şertleri nazara almak bilen, Hazar deňziniň gidrometeorologiýasynyň ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Ylalaşygyň üstünde işlemek Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň monitoringi baradaky Utgaşdyryjy komitetinde başlyklyk eden döwründe tamamlandy. Ylalaşyk Hazar deňziniň ýagdaýy barada maglumatlary almak boýunça toplumlaýyn sebit ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Şol maglumatlar bolsa gämiçiligiň, nebit çykarmagyň, balyk tutmagyň, gidrotehniki desgalaryň gurluşygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerurdyr.

Häzirki wagtda Hazarýaka döwletleriniň ulag we söwda-ykdysady ulgamlarda hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşygyň hem-de Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň üstüni ýetirjek Teswirnamalaryň ikisiniň taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Bu resminamalar goňşy ýurtlaryň degişli edaralarynyň biologiki serişdeleriň bikanun alynmagyna (brakonerçilige) garşy göreşmek we deňiz ýüzüşiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklar üçin hukuk esasyny döreder.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Aşgabatda, Tähranda, Bakuda we Astrahanda geçirilen sammitleriniň ähmiýeti nygtaldy. Şol sammitleriň her biri Hazarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de ilerletmekde möhüm tapgyr boldy. Bu ugurda gazanylan ösüş sebitiň ýurtlarynyň Hazar deňzini dostluk we ylalaşyk deňzine öwürmäge çalyşýandyklaryna hem-de özara ynanyşmak esasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryna şaýatlyk edýär.

Biziň ýurdumyz milli ekologiki ileri tutulýan ýörelgelerden ugur almak bilen, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ulgamynda abraýly halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Sapaklaryň biri hut şu meselä bagyşlandy. Onda Ählumumy ekologiýa gaznasynyň işine hem-de Türkmenistanda ÄEG, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Bütindünýä banky bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalara garaldy.

Olaryň hatarynda “Türkmenistanda aýratyn goralýan tebigy çäkler ulgamynyň netijeli dolandyrylmagyny güýçlendirmek”, BMG-niň biologiki köpdürlülik baradaky Konwensiýasynyň ýerine ýetirilmegini goldamakda milli biologiki köpdürlüligi meýilleşdirmek, Türkmenistanyň 2011—2020-nji ýyllar üçin strategiki meýilnamasy”, “Türkmenistan: BMG-niň howanyň üýtgemegi hakyndaky Çarçuwaly Konwensiýasy boýunça üçünji milli maglumaty taýýarlamak”, “Türkmenistanyň ýaşaýyş jaýlary ulgamynda energiýa netijeliligini gowulandyrmak”, “Howanyň üýtgemegi bilen bagly Türkmenistanyň fermer hojalyk ulgamy babatda döreýän töwekgelçiliklere milli we ýerli derejelerde seslenmek”, “Suw serişdeleriniň dolandyrylyşyny gowulandyrmak üçin energiýanetijelilik hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri” we beýleki taslamalar bar.

2016-njy ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ÄEG-niň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň täze bilelikdäki taslamasynyň – Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk birleşikleriniň howa babatda durnukly işini goldamak” taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Taslamada daýhanlara kömek bermek, şol sanda oba hojalyk işleriniň öndürijiligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak arkaly goldaw bermek göz öňünde tutulýar.

Umuman, okuw maslahatynyň diňleýjileri alnan maglumatlaryň uly ylmy we amaly gyzyklanma döredýändigini, özara peýdaly tejribe alyşmaga, Hazar boýunça döwletara ylalaşyklaryň çäklerinde işlemek üçin hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini bellediler.

Okuw maslahaty 16-njy martda tamamlanar.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagyny Ösdürmegiň Barşy Bilen Tanyşdy

syrach

Türkmenistana ÝHHG-niň Topary Geldi

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Döwlet Gullukçysynyň Etikasy we Gullukda Özüni Alyp Barşy Hakynda

syrach