05.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanda Halkara Ulag Geçelgeleriniň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gruziýa Respublikasynyň demir ýol we deňiz ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda bäştaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Şu gezekki duşuşykda bellenilişi ýaly, durnukly sebitara ulag ulgamyny döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy halkara hyzmatdaşlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag üstaşyr geçelgeleriniň ornuna we ähmiýpetine bagyşlanan hem-de  üstünlikli geçirilen (Aşgabat, 2014 ý.) ýokary derejeli Halkara maslahatynda aýdyň beýanyny tapdy. 

BMG-niň Baş Assambleýasy 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 
Türkmenistan tarapyndan hödürlenen ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky Rezolýusiýany kabul etdi, dunýäniň 85 döwleti onuň awtordaşlary hökmünde çykyş etdi. Şelýelikde, bu Rezolýusiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen hem-de Milletler Bileleşigi derejesinde biragyzdan makullanylan halkara ulag geçelgeleri babatyndaky ikinji resminamadyr. 2014-nji ýylda kabul edilen şunuň ýaly resminamanyň yzy bilen bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi üçin biziň ýurdumyz bu ulgamda işjeň çäreleri geçirdi. 

Türkmenistan şeýle hem Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy hem-de gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Merkezi Aziýadan günbatara tarap ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek maksady bilen amala aşyrylýan işler babatynda ägirt uly ähmiýete eýedir.     

Şu gezekki halkara duşuşygynyň gün tertibine “Gündogar-Günbatar” multimodal ulag geçelgesini hem-de sebit we sebitara  hyzmatdaşlygynyň  düzümlerini ösdürmegiň binýadynyň netijeli ulag geçelgelerini kemala getirmegiň möhüm wezipelerini çözmegiň çäklerinde üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri ösdürmek meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar öz ýurtlarynda bar bolan  ulag düzümleri bilen tanyşdyryşlaryny geçirdiler. 

Bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ulgamlarynyň mümkinçiliklerine hem-de onuň geljegine baha berildi we üstaşyr ýükleri çekmek hem-de bäş ýurt üçin bitewi logistika kompaniýasyny döretmek boýunça bilelikdäki hereketler baradaky teklipler aýdyldy. Umumy mejlisiň barşynda birmeňzeş nyrhlary we namalary resmileşdirmegi ornaşdyrmak, gümrük  işlerini ýönekeýleşdirmek we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bu çäräniň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdaky ähmiýeti we Türkmenistanyň deňeçer durnukly ösüş esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze keşbini kemala getirmäge goşýan oňyn goşandy nygtaldy. Şunda innowasiýa häsiýetli logistika düzümine eýe bolan utgaşdyrylan ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak işlerine uly orun degişlidir. Biziň ýurdumyzyň işjeň parahatçylyk dörediji, Merkezi Aziýada sebitleýin goşulyşmak, Ýewropa, GDA  ýurtlary we beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen syýasatynda beýan edilen strategiýasy bu wezipeleri çözmjge oňyn ýardam berýär. 

Taraplar ulag pudagy boýunça öň kabul edilen  halkara borçlaryny tassyklamak bilen, bu ulgamda birnäçe täze borçlary öz üstüne aldylar. Olaryň arasynda ulag – aragatnaşyk ulgamynda ykdysady we ylmy – tehniki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň we sebitleriniň arasynda ýokary netijeli ýük gatnawlary bolan halkara ulag ulgamyny döretmek, amatly ýollary saýlap almak hem-de ulagyň dürli görnüşlerini netijeli peýdalanmak boýunça wezipeler bar. Şunlukda taraplaryň her haýsy öz çäklerinde beýleki taraplaryň ulaglarynyň ähli görnüşleriniň hereket etmegi üçin amatly şertleri üpjün etmäge taýýardyr. 

***

Ýakynda bolsa Aşgabatda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministrliginiň, “MK “Kazakstan temir žoly” paýdarlar jemgyýetiniň, we Eýran Yslam Respublikasynyň Demir ýollarynyň ýolbaşçylarynyň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly boýunça goşmaça ýük gatnawlaryny çekmek, hususan-da, Russiýa Federasiýasyndan we beýleki Ýewropa ýurtlaryndan ýük gatnatmagyň meseleleri jikme-jik işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda ýakyn wagtda indiki duşuşygyň Russiýanyň ulag edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen geçirilmegi hakynda teklip aýdyldy.  

Şeýle hem gün tertibiniň ýene-de bir meselesi Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden Hytaýdan Eýrana ýük gatnawlaryny guramak boldy. Bu meseläniň wajyplygyny bu ýol boýunça şu ýylyň fewral aýynda amala aşyrylan synag gatnawy tassyklady. 

Myhmanlar şu gezekki duşuşyklary guramak meselesine işjeň çemeleşilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň XXI asyryň ählumumy ulag strategiýasynyň – okgunly goşulyşmak syýasatynyň, döwletleriň we sebitleriň geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriniň, tehniki hem-de tehnologiýa kuwwatlyklarynyň birleşdirilmeginde möhüm tapgyr boljakdygyny bellediler.   

Degişli makalalar

“Eni Türkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 05.02.2021-03.03.2021

turkmenhabargullugy

Ak Şäherim Aşgabat Atly Halkara Sergi

syrach

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Forumy Ýurdumyzyň Işewürler-Jemgyýetçiliginiň Täze Tekliplerini Öňe Ilerletmek Üçin Meýdança Öwrüldi