20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Waldas Lastauskasdan ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Litwanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri gazanmygy arzuw etdi. 

Öz gezeginde doly ygtyýarly ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna ýetip gelýän baýramçylyk – Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli Litwa Respublikasynyň adyndan iň ýakymly gutlaglary we arzuwlary aýdyp, ählumumy bähbitler üçin oňyn, netijeli gepleşigiň ýola goýulmagyna işjeňlik bilen ýardam edýän parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebe bolup durýandygyny belledi. 

Duşuşygyň barşynda, diplomata Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şunda dünýäniň ähli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi barada gürrüň berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna we olaryň ýaşaýyşynyň hiliniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýandygy barada aýratyn durlup geçildi. 

Türkmenistanda amala aşyrylýan maksatnamalar, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly binalary we desgalary gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, ilata görlüp-eşidilmedik ýeňillikleriň berilmegi muňa aýdyň mysal bolup biler. Şeýle hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryň ornaşdyrylýandygy, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sportuň we bedenterbiýe hereketiniň çalt depginler bilen ösdürilýändigi, türkmen jemgyýetinde ata-babalarymyzyň belent ruhy ýörelgeleriniň aýawly saklanýandygy hakynda aýdyldy. 

Şeýle hem litwaly diplomat türkmen parlamentiniň gurluşy we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. 

Jenap Waldas Lastauskas Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn hyzmtdaşlygyň oňaýly mümkinçiliklere eýedigi barada aýdyp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen doly möçberli gepleşigi ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Söwda-ykdysady ugur, bilim we ylym, saglygy goraýyş we syýahatçylyk, oba hojalygy boýunça hyzmatdaşlyk özara arkalaşykly hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we özara düşünişilmegine ýardam berýän medeni gepleşigiň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiligine garaldy. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň örän möhümdigi bellenildi. 

* * *

Şu gün Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde, şeýle hem maliýe we demir ýol ulaglary ministrliklerinde kabul edildi. 

Ertir dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda: “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, howapsuzlygyň we durnukly ösüşiň strategiýasy” atly halkara maslahatyna gatnaşar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde we Söwda-senagat edarasynda duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach

Türkmenistan-Russiýa: Däp Bolan Dostlukly Gatnaşyklary

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach