27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanda Mongoliýanyň ilçisi işe başlady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oçir Oçirjawdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildiren ilçi öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdoržyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň we durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Mejlisiň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeler we hukuk reformasy bilen baglylykda onuň eýeleýän orny hem-de wezipeleri söhbetdeşligiň aýratyn meselesine öwrüldi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Onuň amala aşyrylmagy iki ýurduň bähbidine hyzmat eder. Dostlukly döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek, netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksadynda ilçi medeni alyşmalary işjeňleşdirmek ugrunda pikir aýtdy.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

* * *

Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oçir Oçirjaw saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlary, oba hojalygy, hususan-da, maldarçylyk agzaldy, syýahatçylyk, sport we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk görkezildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Sammitine Gatnaşdy

turkmenhabargullugy

Brent Kysymly Nebitiň Barreliniň Bahasy 2016-njy Ýylyň 30-njy Noýabryndan Bäri Birinji Gezek 51 Dollardan Aşak Düşdi

Türkmenistanyň DIM-nde Bütindünýä Bankynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk