21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistanda yetişyan Ýabany we Medeni ösümlikler.

Ýabany we medeni ösümlikler, Watanmyzyň düzlüklerinde, daglarynda, çemenliklerinde, çöllerinde ösýärler. Hemme ýerde diýen ýaly ösümliklere duş gelmek bolýar. Turkmenistanyň çöllerinde sazak, gandym, çerkez, selin yaly ösümlikler, daglarynda arca, kerkäw,agaclary, tokaýlarynda toraňňy, ýylgyn, gamyş, sahra ýerlerinde gyrtyç, dele, gyýak we beýleki ösumlikler ösýärler. Bularyň hemmäsi adam tarapyndan ekilman özleri gögerýän ösmlüklerdir. Sunuň yaly ösmlüklere ýabany ösmlükler diýilýar. Bu ösümlikleriň peýdalysy öran köpdür. Mysal üçin: gyrtyç, ýylak, ýandak we beýleki ösümlikler haýwanlara ot-iýim bolýar. Ýabany ösümlikleriň birnaçesi dokma we kagyz senagatynda çyg mal bolup hyzmat edýär. Yabany ösümlikleriň arasynda dokma senagatynda ýüň ýüpek we ýüplük sapaklaryny boýamak uçin gerekli renk berýanleride kandir. Oňa çopboýa, yşgyn, sozen, çerke we beýlekiler mysal bolup biler. Ençeme ýabany ösümliklerden adamyn keseline melhem etmek üçin dermanlyk maddalar alynýar. Oňa boýbodran, buýan, kakilik oty, keyik oty we beýlekiler mysal bolup biler.

Adam ýabany ösümliklerden ysmanagy, bowursleni, hozy we beýlekileri iýmit üçin peýdalanýarlar. Olarda  witmin kop bolýar. Ýabany arça,  ýylgyn we beýleki uly we gyrymsy agaclar ýangyç gurluşyk serishdesi hökmünde we agaçgoş (mebel) ýasamak üçin peýdalanylýar. Ençeme ýabany ösümlikler köpdür we henüz olar doly owrenilen däldir. Ýudumyzdaky ýabany ösümliklerin gurluşy, ýaşaýşy hem-de hojalykdaky ähmiýeti alymlar tarapyndan öwrenilýär. Ýabany ösümlikleri öwrenmekde hem-de olaryn arasyndan peýdalysyny, gowy miwelisini, ot-iymlik, gök ekinlik we dermanlyk ösümlikleri gözläp tapmakda ylmy gozegçilikler geçirilýär. Gowacanyň we beýleki ekinlerin arasynda haşal otlar hem ösýär. Olar kökleri bilen yzgara, yokumly maddalary we topraga dokýän dokunlerimizi  almak bilen ekine kop zyýan ýetirýärler. Yone bulara butinleý zyýanly ösümlik diýip bolmaýar. Sebabi olaryň arasynda dermanlyk, ot-iýimlik gornüşlerem bar. Haşal otlar hem oz gezeginde dem alyan howamyzy arassalamaga gatnaşýarlar. Ýabany ösümlikleriň arasynda manyrsak, çakjagundaz ýaly zäherlinlerem bar. Bilmezlikden adam we haywan olary iyende beden zaherlenyar. Shonun ucin zaherli osumliklerde aga bolmaly. Zaherli osumliklerden derman tayyarlanylyar. Diymek osumlikleri zyyanly we peydaly toparlara bolup bolmayar ekeni. Butinley peyda getirmeyan osumlik yokdur. Osumliklerin gurlushyny, osush ayratynlyklaryny onat owrenmek zerurdyr. Adam tarapyndan osdurilip yetishdirilyan gok-bakja ekinlerine, ir iymishli agaclara, bezeg ucin ekilyan gullere, derman tayyarlamak ucin ekilyan osumliklere medeni osumlikler diyilyar. Adam olary ekip, suwaryp, dokunlap, yumshadyp, hashal otlardan we kesellerden gorap, osdururip yetishdiryar. Bugdaydan, kunjiden, kelemden, uzumden we beyleki medeni osumliklerden corek,topragyny gok onum, tagamly, yag, gok onum miweler alynyar. Gowacanyn we kenebin hasyly senagatda gymmatly cig mail hokuminde peydalanylyar. Dalije mash, yorunja mallar ucin yokumly ot-iymdir. Kocelerin ugurlarynda, seyil baglarynda, yashaysh jaylarynda towereklerinde otyrdylan durli agaclar shaherlerimize, shahercelerimize we obalarymya gork bertar. Olar howany arassalayarlar, tozany saklayarlar. Diymek, adamyn durmyshynda osumliklerin bicak uly ahmiyeti bardyr. Tebigat adama ummasyz gin meydanlary, gullap duryan baglary, tokaylary, mes toprakly yerleri ecildi. Shonun ucin hem biz bu baylyga eyecilik gozi bilen seredip ayap saklamalydyrys.

Türkmenistanda tebigaty gorap saklamak barasynda yurdumyzyn Omurlik Prezidenti Beyik Saparmyrat Turkmenbashy enceme kanun cykardy. Bu kanunlar dowletimizin tebigy baylyklaryny gorap saklamaklygyna we olardan dogry peydalanmaklyga uly uns berilyanligine shayatlyk edyar. Beyik Saparmyrat Turkmenbashy ozunin Mukaddes Ruhnama kitabynda: “Turkmen taryhynyn durnuklylygyny, turkmen yashayshynyn taryhy goelligini bir zatda goryarin: bizin milletimiz oz yashayshyny tebigatda garshylyk gorkezmek, onun garshysyna cykmak usulynda dal-de,tebigat bilen sazlashyk esasynda gurnapdyr.” diyip bizin ata-babalarymyzyn tebigata we onun baylyklaryna uly sarpa goyandyklaryny we olary ayawly saklamaga calshandyklaryny gorkezyar hem-de tebigatyn baylyklaryny gorap saklamaga cagyryar.

referans:www.wikipedia.org

Degişli makalalar

Çagalary Goramagyň Halkara Güni Mynasybetli Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Sergi Guraldy

Maslahata Gatnaşyjylar Halkara Sport Kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň Resminamasy Hökmünde Ähmiýetini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Raýatlaryň Birek-Biregiňkä Gitmegi Hakynda Türkmenistanyň Hökümeti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Arasyndaky Ylalaşyk

turkmenhabargullugy