18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YLYM

Türkmenistanda ylmyň mümkinçilikleri artýar.

ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasbyetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň maslahatlar zalynda dürli ylmy ugurlar boýunça doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalaryny üstünlikli goran birnäçe türkmen alymlaryny gutlamak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu baýramçylyk gününde ýörite diploma eýe bolan türkmen alymlaryny mübäreklemek däbi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2008-nji ýylyň 12-nji iýunynda girizildi. Şonda biziň ýurdumyzda ilkinji gezek döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda Ylymlar güni bellenildi.

Ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak meselesi ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmeginiň strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede bolan mejlisinde milletiň Lideri bu ugurdaky işiň ähmiýetini belläp, döwletiň mundan beýläk-de ylym we bilim pudagynyň ösdürilmegine, ýokary düşünjeli ýaş nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine, ýurdumyzyň halk hojalygynyň giň dünýägaraýşy bolan hünärli işgärler bilen doly üpjün edilmegine uly üns berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alymlyk derejeleriň we atlaryň berilmegi düýpli hem-de amaly ylmy gözlegleriň işjeňleşmegi, ýokary hünärli ýaş işgärleriň taýýarlyk derejesiniň ýokarlanmagy üçin höweslendiriji şert bolup durýar, munuň özi bolsa häzirki zamanyň talaplaryna we biziň ýurdumyzda ylmy pudagy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelere doly laýyk gelýär diýip belledi.

Şu dabaranyň sebäpkärleri bolan ylymlaryň doktorlary we kandidatlary üçin şu gün hakykatdan-da ýatdan çykmajak güne öwrüldi. Bu ýere Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň pudaklaýyn institutlarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň görnükli alymlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, habar beriş serişdeleriniň işgärleri, aspirantlar olary gutlamaga geldiler.

Alymlar öz zähmetlerine şeýle ýokary baha berlendigi, hemmetaraplaýyn goldaw we hünärleriň hem-de ylmy işleriň kämilleşdirilmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny täze Galkynyş eýýamynyň oňyn özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli güýçlerini we döredijilik mümkinçiliklerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar we türkmen ylmynyň ösmegine, onuň ýokary dünýä derejesine çykmagyna hemmetaraplaýyn goşant goşjakdyklaryny aýtdylar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Giriş Synaglary Başlandy

turkmenhabargullugy

Belarus Döwlet Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklary Fakultetiniň Esasy Hünärmenleri Türkmen Talyplaryna Sapak Berdiler

Sebitiň Çöllük Ekologik Ulgamy ÝuNESKO-nyň Bütindünýä Mirasynyň Sanawyna Girizilmäge Hödürlenilýär