21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YLYM

Türkmenistanda Ylmy Pudagy Ösdürmek Boýunça Halkara Maslahaty Geçirilýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly Halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahat ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senä – Ylymlar gününe gabatlanylyp guraldy.

Foruma gatnaşmak üçin Awstriýadan, Belarusdan, Bolgariýadan, Russiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan, jemi 20-ä golaý döwletden meşhur alymlar türkmen paýtagtyna geldiler. Maslahata ýurdumyzyň ylmy-barlag we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bir ýyl mundan ozal hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Ol dünýä ylmynyň gazananlary nazara alnyp enjamlaşdyryldy, bu ýerde barlag we tejribe çynaglaryny geçirmek, täze açyşlar üçin ähli zerur şertler döredildi. Merkeziň düzümine üç bölüm we barlaghanalaryň onusy girýär. Olar Germaniýada, Beýik Britaniýada, Ýaponiýada we beýleki ýurtlarda öndürilen iň täze enjamlar hem-de kompýuter ulgamlar bilen üpjün edildi. Tehnologiýalar merkeziniň işe girizilmegi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň intellektual kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen ylmy-tehniki özgertmeleriň ýolunda möhüm ähmiýetli ädim  boldy.  

Merkeziň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda obasenagat toplumynda, ekologiýa ulgamynda ulanmak üçin innowasion tehnologiýalar ulgamynda, tebigy baýlygy rejeli ulanmakda, ýangyç-energetika we serişdeleri tygşytlaýjy ulgamda geçirilýän ylmy barlaglary  görkezmek bolar.  Bäsleşige ukyply önümleriň täze görnüşlerini döretmek maksady bilen himiýa senagaty boýunça, şeýle hem gurluşykda, binagärlikde we seýsmologiýada, lukmançylykda we derman serişdelerini öndürmekde hem ylmy-barlaglar alnyp barylýar. Maglumat –telekommunikasiýa tehnologiýalary, ykdysady we gumanitar ylymlar hem Merkeziň ylmy-barlag işiniň möhüm ugurlary bolup durýar. 

Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara hem-de tutuş ylmy jemgyýetçilige iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda  ylym ulgamyndaky ýokary depginli ösüşleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylmy-tehniki syýasata örän jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşilýändigine şaýatlyk edýändigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri  amala aşyranymyzda, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklaryny  döredenimizde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli  maksatnamalary durmuşa geçirenimizde, biz iň öňdebaryjy innowasion –tehnologik tejribelere hem-de düýpli ylmy esaslara daýanýarys. 

Maslahat umumy mejlisden başlandy. Çykyş edenler türkmen topragynda geçirilýän halkara maslahatlara yzygiderli gatnaşmagyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegiň özleri üçin ajaýyp däbe öwrülendigini bellediler.  

Türkmenistanyň ylmynyň geljeginiň ýurdumyzyň dünýäniň ylmy giňişligine goşulyşmagy, ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi bilen berk baglanyşyklydygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan abraýly halkara guramalary, dürli ýurtlaryň esasy ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. 

Özlerini gyzyklandyrylýan meseleler boýunça pikir alyşmalardan başga-da, daşary ýurtly myhmanlar  Ylymlar gününe bagyşlanan dürli dabaralara – Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasyna, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hem mümkinçilik aldylar. 

Ertir maslahat öz işini bölümlerde dowam etdirer. Tehnologiýalar merkezinde  “Täze senagat –innowasion tehnologiýalar”  mowzugy boýunça mejlis geçiriler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ekologiýa we biotehnologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Lukmançylyk ylmynda we derman öndürmekde innowasion tehnologiýalar”  bölümi işlär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynda bolsa alymlaryň çykyşlary ynsanperwer ylymlar we halkara gatnaşyklary bilen baglanyşykly bolar.        

Maslahata gatnaşyjylaryň paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriň professor –mugallymlar düzümi we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen duşuşyklary, Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşlyk çärelerini öz içine alýan giň möçberli medeni maksatnama hem meýilleşdirildi. 

Degişli makalalar

Hormatly Wagyz Nesihat Çäresine Gatnaşyjylar!

turkmenhabargullugy

Türkmen Milli Konserwatoriýasynda Opera Sungaty

syrach

Belarus Döwlet Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklary Fakultetiniň Esasy Hünärmenleri Türkmen Talyplaryna Sapak Berdiler