26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, ösüşiň we hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

BMG-niň Türkmenistana hemişelik bitaraplyk derejesini bermek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilen güni garaşsyz türkmen döwletiniň taryhy ýyl ýazgysyna girdi we ýurduň daşary syýasat ugrunyň hem-de içerki ösüşiniň netijeli durmuşa geçirilýän täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyryldy. Häzir, bu şanly senäniň 15 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik halkara başlangyçlary we durnukly ösüş atly» Halkara maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Umumymilli «Galkynyş» hereketi bilelikde gurady.

Maslahatyň Adalat ministrliginiň maslahatlar zalynda geçirilen açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, milli parlamentiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Milli institutyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem syýasatşynaslar, jemgyýetçilik işgärleri, alymlar, żurnalistler, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Türkmen döwletiniň Baştutany maslahata gatnaşyjylary forumyň işiniň başlamagy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 15 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, bu senäniň garaşsyz Türkmenistanyň—özüniň bitaraplyk derejesini dünýäde howpsuz meselelerini çözmek üçin işjeň ulanýan ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň ösmegine goşant goşýan parahatçylyk dörediji ýurduň taryhynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. «Biziň bitaraplygymyz, onuň häzirki döwrüň öňe sürýän sebit we halkara ähmiýetli çylşyrymly we möhüm meselelerini çözmekdäki oňyn orny HHI asyrda halkara gatnaşyklaryny gurmagyň nusgasydyr diýip, ynamly aýtsa bolar» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Milletiň Lideriniň Gutlagy zalda oturanlaryň dowamly el çarpyşmalary bilen kabul edildi.

Maslahatyň barşynda türkmen döwletiniň daşary syýasat doktrinasyna bagyşlanan, halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygynyň döwrebap synlaryna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýetine, garaşsyz bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen milletiň Lideriniň giň möçberli özgertmeleriniň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan soňky ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlara amala aşyrylan döwlet we resmi saparlar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynyň işi we beýleki iri halkara duşuşyklar mahalynda daşary döwletleriň baştutanlary we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen bolan köp sanly duşuşyklar türkmen döwletiniň gülläp ösüş we rowaçlyk ýolundaky derwaýys ädimlere öwrüldiler we biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň ösüşiniň giň möçberini şertlendiriler.

Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklaryna gönükdirilen bitaraplyk syýasaty häzirki döwürde has belent derejä çykdy we täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna gyşarnyksyz eýerýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde biziň ýurdumyz dünýäniň 129 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şeýle hem Türkmenistan abraýly halkara guramalarynyň 40-a golaýynyň agzasy bolmak bilen, ähli pudaklary öz içine alýan 100-den gowrak halkara maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär diýlip, çykyşlarda bellenildi.

Maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi aýdyň beýan edildi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň açylmagy, biziň ýurdumyzyň BMG-niň birnäçe Konwensiýalaryna goşulmagy, türkmen paýtagtynda iri halkara duşuşyklarynyň, şol sanda ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça, şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň barşynda öňe süren oňyn başlangyçlary we birnäçe derwaýys halkara meseleleri boýunça anyk teklipleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Lenni Montiýel maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň dürli düzümleri bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygynyň netijelerine ýokary baha berdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna halkara gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Şeýle hem ol, Türkmenistan bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk ýurt bolmak bilen, Rezolýusiýanyň ugurlaryna gyşarnyksyz eýerýär, dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň ilerlemegine ýardam berýär, bu bolsa biziň geljekki netijeli hyzmatdaşlygymyz babatda oňaýly çaklamalary öňe sürmäge mümkinçilik berýär diýip belledi.

Maslahatda Türkmenistanyň goňşy döwletler we dünýä jemgyýetçiliginiň agzalary bilen dostluk, doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyna bagyşlanan aýry-aýry çykyşlar hem boldy. Hususan-da, Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Pýer Lebowiç türkmen döwletiniň Baştutanynyň raýdaşlygyň mehanizmlerini işläp taýýarlamagy, tebigy serişdeleri paýhasly we rejeli peýdalanmagy, ekologiýa boýunça möhüm meseleleriň çözgüdini şertlendirýän halkara başlangyçlarynyň oňyn ähmiýetini belledi. Pakistanyň we Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekilleriniň çykyşlarynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine deglip geçildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdiler we türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň abadançylygy üçin aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanda täze Galkynyş eýýamynda alnyp barylýan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Özüniň ruhy we mazmuny boýunça täzeçillik ýörelgeleri durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň jähetinde türkmen halkynyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynyň binýadyny düzdi we biragyzdan goldanyldy diýip, çykyşlarda bellenildi.

«Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli halkara başlangyçlary we durnukly ösüş» atly Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanyna ýetip gelýän şanly baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny iberdiler we milletiň Liderine berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, parahatçylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Dubaý Türkmenistanyň Nebitgaz Göçme Forumyna Taýýar

Palestinanyň ilçisi işläp başlady.

syrach