21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň Futbol Çempionaty Badalga Aldy

Paýtagtymyzda HTTU-“Balkanyň” duşuşygyndan ýokary liga toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 23-nji çempionaty badalga aldy.Geçen ýylda bolşy ýaly, dört aýlawda geçirilýän milli ýaryşyň medallary ugrunda toparlaryň 10-sy bäsleşýär. Oňa gatnaşyjylaryň düzüminde üýtgeşme bolup geçdi: “Bagtyýarlyk-Lebap” we “Talyp sporty” toparlarynyň ýerine çempionatda Marydan “Energetik” hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Hazyna” topary ilkinji gezek çykyş eder. “Energetik” geçen ýyl birinji ligada final ýaryşynda ýeňmek bilen türkmen futbolynyň ýokary ligasynda çykyş etmäge hukugy gazandy. Geçenki möwsümde birinji ligada saýlanma tapgyryny geçmedik “Hazyna” üçin bolsa Türkmenistanyň futbol federasiýasy Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplarynyň arasynda futbolyň barha artýan meşhurlygyny nazarda tutup, kadadan çykmadan ugur aldy. 

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadionynda HTTU–“Balkanyň” duşuşygynyň öň ýanynda çempionatyň dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy astynda toparlaryň kapitanlary ýurdumyzyň Döwlet tuguny ýokary galdyrdylar. Soňra oýun başlandy. 

Ýakynda ýagan ýagyş sebäpli, meýdançada emele gelen oňaýsyzlyk toparlaryň ikisiniň oýunçylaryna hem özleriniň has oňat oýunlaryny görkezmäge mümkinçilik bermedi. Duşuşygyň ykbalyny oýnyň 8-nji minutynda HTTU-nyň hüjümçisi Pirmyrat Soltanowyň geçiren eýe-täk pökgüsi çözdi. Ol meýdançanyň çep tarapyndan berlen pökgä öz wagtynda ýetişip, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji pökgini geçiren oýunçy boldy. 

Ýurdumyzyň çempionatynyň ilkinji tapgyry 6-njy martda “Ahal”- “Energetigiň” duşuşygy bilen dowam eder. 7-nji martda bolsa “Altyn asyr”-“Hazyna” , “Daşoguz”-“Şagadam” hem-de “Merw”-“Aşgabat” toparlarynyň duşuşygy bilen tamamlanar. 

Güýzde jemlenýän çempionatyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň iň oňat topary 2016-njy ýylda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli ýaryş bolan Aziýanyň toparlarynyň bäsleşiginde, ýagny, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda çykyş etmäge hukuk alar. 

Degişli makalalar

Jiu-Jitsu Boýunça Türkmen Ussatlarynyň Üstünligi

syrach

HTTU öňdeligini gidirmeýär.

syrach

Türkmen Pälwanlarynyň Dünýä Çempionatyndaky Üstünligi

turkmenhabargullugy