18.9 C
Aşkabat
05.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň hokkeýçileriniň badalgalaryň täze möwsümi başlandy.

Paýtagtymyzyň sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň hokkeý boýunça açyk birinjiligi badalga aldy.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan, ýaryşlara dört topar–Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguz han”, ulaglar we aragatnaşyk ulgamlarynyň “Alp Arslan” we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” toparlary gatnaşýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ýurdumyzda hokkeýiň taryhynda ilkinji gezek geçirilen ýaryş saglyga, beden we ruhy taýdan kämilleşmäge tarap ýolda ýaşlar üçin oňat itergi boldy, ol döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek maksady bilen döredildi. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ilkinji milli ýaryş biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşini hil taýdan ösdürmekde täze ugry kesgitledi, abraýly baýrak ugrundaky göreşi 4 topar alyp bardy. Sportuň tomusky we gyşky görnüşlerini ösdürmäge ägirt uly üns berýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda jemleýji ýaryşa gatnaşmagy bolsa sport senenamasynda täze ýaryşa ägirt uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. 

Mälim bolşy ýaly, hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kudogynyň ilkinji eýesi “Bürgüt” topary boldy, ol döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda 2011-nji ýylyň 20-nji aprelinden 5-nji maý aralygynda türgenleriň ussatylygy ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin, şeýle hem biziň ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmek hem-de sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Kazan şäheriniň “Ak bars” hokkeý klubynyň çagalar mekdebiniň binýadynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda okuw türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdi. 

Ine, indi bolsa biziň iň oňat hokkeý toparlarymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda täze ýaryşa eýýäm yzygiderli taýýarlyk görmegiň tapgyryny başlaýar, ol döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda halkara derejesine eýe boldy. Şol resminama bilen milli Liderimiz ýaryşyň jemleri boýunça 1,2 we 3-nji orunlary eýelän toparlara degişlilikde 20 müň, 10 müň we 5 müň amerikan dollary möçberinde baýraklar bellenildi. 

Şu hepdede Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda her gün biziň esasy hokkeý toparlarymyzyň gatnaşmagy bilen ýaryşlar geçiriler, olaryň sany yzygiderli artýar. Mysal üçin, häzirki ýaryşda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň sport klubynyň “Galkan” topary janköýerleriň öňünde ilkinji gezek çykyş eder. 

Şu gün sport boýunça döwlet komitetiniň sport mekdebiniň açyk birinjilik ugrundaky ilkinji ýaryşynda “Oguz han” we “Alp Arslan” toparlary duşuşdylar, şol ýaryş aýlawly ulgam boýunça geçirilýär. Duşuşyk “Oguz han” toparynyň hokkeýçileriniň uly artykmaçlygynda geçdi, olar ynamly ýeňiş gazandylar. 

Ýaryş 26-njy oktýabrda tamamlanar. 

Degişli makalalar

HTTU öňdeligini gidirmeýär.

syrach

Türkmenistan 1:1 Eýran

syrach

Çagalaryň Arasynda Küşt Boýunça Ýurdumyzyň Ilkinji Çempionaty

syrach