14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşiniň 2010-njy ýyldaky jemleri jemlenildi hem-de ministrliklerde we pudak edaralarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi, şeýle hem progressiw özgertmeleri we düýpli reformalary amala aşyrmak bilen baglylykda 2011-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň we beýleki edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň gün tertibini yglan edip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň belleniljek döwründe ýurdumyzda amala aşyryljak gurluşyk baradaky maksatnama, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Mejlisiniň barşynda birnäçe ýolbaşçylary wezipä belledi. Hususan-da, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasaryny wezepä bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda, wise-premýer H.Muhammedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy wezipesinde goýup, onuň gözegçilik edýän pudaklary boýunça Ministrler Kabiýetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine ozal ýurdumyzyň oba hojalyk ministri bolup işlän O.Gurbannazarow bellenildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesine M.Baýramowy belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň müdiri wezipesinden boşatdy.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň başlygy B.Kakalyýew wzipesinden boşadyldy. Bu gullugyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň başlygynyň orunbasary Y.Ymamberdiýewiň üstüne ýüklenildi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesine A.Hanalyýew bellenildi.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin A.Sahadow ýurdumyzyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä bu komitetiň başlygynyň orunbasary bolup işlän A.Hojaberdiýew bellenildi. Mundan hem başga saglyk ýagdaýy sebäpli, M.Keýmirow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy we bu wezipä S.Mämmedow bellenildi.

Soňra hasabat bermek üçin maslahata gatnaşyjylara söz berildi.

Ilkinji bolup Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarow çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň 2010-njy ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi, wise-premýer hasabat döwrüne degişli makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ýagdaýda ösýändigine şaýatlyk edýändigini belledi.

2010-njy ýylyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly ýagdaýda ýokarlanandygy bellenildi. Jemi içerki önümiň ösüş depginleri pudaklar boýunça: senagat pudagynda – 108,1 göterim, gurluşykda – 116 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda – 112,2 göterim, söwdada – 111,3 göterim, oba hojalygynda – 107,8 göterim we hyzmatlar ulgamynda – 106 göterim boldy. 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2010-njy ýylda elektrik energiýasynyň, gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň, meneral dökünleriň, sementiň, magdan däl gurluşyk materiallarynyň, pagta süýüminiň, nah ýüplükleriň, tikinçilik we örülen önümleriň, aýakgabyň, eýlenen deriniň, derman serişdeleriniň, balyk we balyk önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň, süýt we beýleki oba hojalyk önümleriniň, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň öndürilişi artdy.

Hasabat döwründe daşary söwda dolanşygynyň möçberi artdy. Bölek söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 2009-njy ýyla garanyňda 116,5 göterime barabar boldy. Şeýle hem ilata edilýän tölegli hyzmatlar 17,7 göterim hem-de ulaglaryň ähli görnüşleri bolsa ýolagçylary gatnatmak boýunça 14,1 göterim artdy.

Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, 2010-njy ýylda döwlet býujetine tölenilmeli salgytlaryň ähli görnüşleri boýunça meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigini aýtdy. Şeýlelikde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 125 göterim we çykdajy bölegi 92 göterim ýerine ýetirildi. 2010-nji ýyl boýunça býujetde emele gelen artykmaçlygyň hasabyna emele gelen pul serişdeleri Durnuklaşdyryş gaznasyna geçirildi.

Önümçilik maksatly desgalara we durmuş ulgamyna ep-esli möçberdäki maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi milli ykdysadyýetiň çaltlandyrylan depginde ösmegine ýardam berdi. Geçen ýyldaky bilen deňeşdireniňde, 2010-njy ýylyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişiniň 14,1 göterim ösüş gazanylmagyna garaşylýar.

Ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesi yzygiderli ýagdaýda ýokarlandyryldy. 2009-njy ýyldakysy bilen deňeşdireniňde ýurdumyzda aýlyk zähmet hakynyň ortaça möçberi 12,1 göterim ýokarlandy.

Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary öz hasabatynyň ahyrynda Halkara walýuta gaznasynyň bilermenleri, şeýle hem beýleki abraýly maliýe guramalary tarapyndan ýokary baha berilmeginiň 2010-njy ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ýagdaýda ösüş gazanandygyny aýdyň görkezýän subutnama öwrülendigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň maliýe ministri A.Goçyýewe söz berildi. Ol 2010-njy ýyl boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik hasabat berdi. Býujet serişdeleriniň 75 göterimden gowrak böleginiň durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilendigi bellenildi.

Maliýe ministri ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, 2010-njy ýylyň jemleri boýunça onuň girdeji böleginiň 105 göterim, çykdajy böleginiň bolsa—94,8 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Şeýle hem 2010-njy ýylyň 9-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Buhgalteriýa hasabatyny we auditi özgertmegiň Maksatnamasy hakynda» gol çeken Kararyny ýerine ýetirmegiň barşynda edilen işler barada aýdyldy. Häzirki wagtda buhgalteriýa hasabatynyň we auditiň halkara standartlarynyň ýörelgelerine laýyk gelýän milli ulgamyna tapgyrlaýyn geçilýändigi bellenildi.

Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedowa söz berildi. Ol 2010-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginleri barada hasabat berdi. Ol öz hasabatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berip, düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasynyň 134,2 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Munuň özi 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende 100,5 göterime barabardyr. Hasabat döwründe Milli Maksatnamada göz öňünde tutulan durmuş maksatly binalaryň jemi 54-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 577 kilometr suw geçirijileri, 66 kilometr lagym geçirijileri çekildi.

Soňra Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Gökleňowa söz berildi. Ol bank ulgamyna degişli edaralaryň işi, şeýle hem milli puluň denominasiýasynyň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň banklarynyň zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny bermek boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirendigi barada aýdyldy.

2010-njy ýylyň dowamynda milli puluň daşary ýurt puluna bolan gatnaşygy durnukly saklandy. Birża söwdalary ygtyýarly banklaryň gatnaşmagynda yzygiderli geçirildi. Hasabat döwründe banklaryň aktiwleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 42,7 göterim artdy, hususy maýa goýumlarynyň möçberi 24,1 we gazanylan peýdanyň möçberi bolsa 57,1 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy banklaryň işini, bank ulgamynyň ösüşini düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilýän işler, şeýle hem buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatynyň ulgamyna halkara ülňülerini ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler barada aýtdy.

Hasabatyň çäklerinde G.Gökleňow ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň walýuta hasaplaryna gelip gowşan serişdeleriň möçberiniň olaryň önümleri satyn almak hem-de ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça töleg geçirmek üçin sarp edilen serişdeleriň möçberinden ep-esli köpdügini aýtdy. Şeýle hem tebigy we suwuklandyrylan gazyň, polipropileniň, nebitiň we nebit önümleriniň, himiýa önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň, pagta süýüminiň eksportunyň hasabyna alnan walýuta serişdeleriniň möçberiniň artandygy bellenildi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa söz berildi. Ol döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we halkara hukugynyň kadalary bilen baglylykda ýurdumyzyň parlamentiniň mundan beýläk-de döwrebap kanunçylyk—hukuk binýalyny döretmek boýunça 2010-njy ýylda ýerine ýetiren işleri barada habar berdi.

Geçen ýylda Türkmenistanyň Mejlisinde maslahatlaryň yzygiderli ýagdaýda geçirilendigi bellenilip, onuň çäklerinde deputatlaryň 79 sany möhüm resminamalara, şol sanda 34 iri kanunlara we 45 sany kararlara seredendikleri we olaryň kabul edilendigi barada habarda aýdyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň «Aýratyn ykdysady zolaklar hakyndaky», «Bank işi hakyndaky», «Intellektual hususyýetçilik hakyndaky», «Tokaý kodeksi» we başga-da birnäçe kanunlar hem-de kadalaýyn hukuknamalaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ol resminamalar milletiň Lideri tarapyndan başy başlanan döwlet ösüşiniň, türkmen jemgyýetiniň bitewiligini we durnuklylygyny pugtalandyrmagyň iri möçberli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder. Bu işler bilen bir hatarda Mejlisiň deputatlary ýerlerde, saýlaw okruglarynda we habar beriş serişdeleriniň üsti bilen maglumat beriş, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar diýip, A. Nurberdiýewa aýtdy. Şeýle hem halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek barada çykyşda aýdyldy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol 2010-njy ýylda ýurdumyzyň daşary işler edarasynyň 2008-2012-nji ýyla çenli döwürde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň Esasy ugurlaryny amala aşyrmak hem-de döwlet Baştutanynyň bu ministrligiň öňünde goýan möhüm ähmiýetli wezipelerini berjaý etmek bilen baglylykda eden işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ýurdumyzyň bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hem-de parahatçylygy söýüjiligiň we hoşniýetli goňşuçylygyň we özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine esaslanýan öňden görüjilikli daşary syýasy ugruň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegini şertlendirendigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli türkmen döwleti dünýäniň 129 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy hem-de halkara guramalary bilen gatnaşyklary giňden ösdürýär. Şeýle hem geçen ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara 15 sany döwlet, resmi we iş saparlarynyň bolandygy nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistana daşary döwletleriň birnäçesiniň baştutanlary, şeýle hem esasy halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary sapar bilen geldiler. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar we gepleşikler hem-de şolaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çaltlandyrmagyň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň berkidilmegine gönükdirilen özara bähbitli gepleşigi ösdürmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli ädimlere öwrüldi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda 2010-njy ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Durmuş ykdysady ösüş boýunça döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň dokma we haly önümçiligi sazlaşykly ösüşe eýe boldy we şeýle ýokary netijelere milli ykdysadyýetimiziň eksporta niýetlenen pudaklarynyň material-tehniki binýadynyň pugtalanmagy netijesinde ýetildi diýip, wise-preýmer belledi. H.Muhammedowyň aýtmagyna görä, 2010-njy ýylda Daşoguzda we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda gurlan pagta egirji fabrikler, Ruhabat etrabyndaky häzirki zaman dokma kärhanasy pudagyň döwrebap kärhanalarynyň sanawynyň üstüni ýetirdi, Bereket we Serdar şäherlerinde täze haly kärhanalarynyň gurluşygyna badalga berildi.

Hasabatda 2010-njy ýylda ýurdumyzda dokma senagatynyň önümleriniň çykarylyşynyň 109 göterime ýetendigi, onuň önümçilik kuwwatynyň ösüşi 136 göterimden gowrak bolandygy bellenildi. Ýurdumyzyň Dokma senagaty boýunça 2009-njy ýyl bilen deňeşdireniňde söwda dolanyşygy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça 115,7 göterime deň boldy. Edara daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döreden iri halkara sergileriniň birnäçesini gurady.

2010-njy ýylda ýurdumyzda öndürilen haly önümleri we ýokary hilli dokma harytlary daşary ýurtlaryň birnäçesinde, şol sanda Şanhaýda geçirilen «EKSPO—2010» sergisinde, şeýle hem Germaniýada, BAE-de, Ermenistanda, Täjigistanda we Awstriýada görkezildi.

Şu ýylda hem bu iş dowam etdiriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetimiziň ýakynda geçen mejlisinde Eýran Yslam Respublikasynda we Saud Arabystany Patyşylygynda biziň ýurdumyzda öndürilen harytlaryň sergisini geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu forumlaryň esasy wezipeleriniň biri Türkmenistanyň gazananlaryny we bar bolan mümkinçiliklerini görkezmekden, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakdan, türkmen haryt öndürijileriniň harytlarynyň, şol sanda dokma we haly önümleriniň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Hasabatyň barşynda wise-premýer söwda we hyzmat etmek ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Ýazmuhammedowa söz berildi. Ol milli medeniýetimizi we sungatymyzy, neşirýat ulgamyny ösdürmek, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer 2010-njy ýylyň ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösüşe eýe bolan mümkinçiliklerini beýan edýän ençeme şanly wakalara beslenendigini aýtdy we birnäçe daşary ýurtlar bilen bilelikde medeni çäreleriň guralmagy, ýurdumyzda halkara festiwallarynyň geçirilmegi, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň daşary ýurtlarda guralýan döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi. Şeýle hem Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň okyjylarynyň sanynyň artandygyny, tele we radio ýaýlymlaryň gepleşikleri babatda gyzyklanma bildirýänleriň köpelendigini, birnäçe täze desgalaryň ulanmaga berilmegi we bar bolanlarynyň durkunyň düýpli täzelenmegi netijesinde pudagyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalanandygy barada aýtdy. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda medeni durmuşda möhüm ähmiýete eýe bolan täze Medeniýet öýleri ulanmaga berlendigini habar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda 2010-njy ýylda amala aşyrylan işleriň netijeleri, şol sanda 2030-nji ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça edilen işleriň netijesi, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserni hakyndaky Düzgünnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler hakyndaky hasabat berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça geçen ýylda döwlet we halkara ähmiýetli möhüm taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilendigi bellenildi. Aşgabatda Türkmenistanyň birinji halkara gaz kongresi, «Türkmenistanyň nebitgaz senagaty: onuň häzirki ýagdaýy, geljekki ösüşi we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara sergisi we maslahaty geçirildi. Geçen ýylyň sentýabrynda «Awaza: döredijiligiň, gurluşygyň we ösüşiň täze belentliklerinde» atly halkara sergi we ylmy maslahat boldy.

Geçen ýylyň iň bir ähmiýetli wakalaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 11-nji dekabrda Aşgabatda geçrilen «Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan» taryhy duşuşygydyr. Şonda Türkmenistanyň tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlarynyň iri bazarlaryna eksport edilýän täze ugruny açýan möhüm ähmiýetli energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.

Ykdysady görkezijilere geçmek bilen, wise-premýer tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende 116,5 göterime barabar bolandygyny, tebigy gazyň eksportynyň 33,6 göterim artandygyny belledi.

Geçen ýylda desgalaryň 20-si ulanmaga tabşyryldy. Olaryň hatarynda «Bagtyýarlyk» gaz gysyjy desga, «Merkezi Garagum—Ýylanly» gaz geçirijisi,»Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky täze desgalar—teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumy, uzynlygy 7 kilometr bolan «Awaza» derýasy, «Arzuw» sagaldyş merkezi, Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezi bar.

2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň kompaniýalarynyň güýji bilen «Gündogar- Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi, Garlykda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça häzirki zaman kärhanasynyň, şeýle hem Türkmen politehniki institutynyň, Gökderede çagalar üçin sagladyş we dynç alyş merkezleriniň we başga-da birnäçe desgalaryň gurluşygy başlandy. Mundan hem başga geçen ýyl milletiň Lideriniň tabşyrygy boýunça iri Günorta Ýolöten ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge badalga berildi.

Soňra Hökümet Baştutanynyň orunbasary H. Saparlyýewe söz berildi. Ol öz gözegçilik edýän pudaklarynda 2010-njy ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer bilim, saglygy goraýyş we sport pudagyndaky edaralaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri we ýokary okuw mekdeplerini, sport desgalaryny we sagaldyş mekezlerini häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem «Bilim» ylmy-gollanma żurnalyny döretmek hakyndaky kararyň taslamasy barada habar berdi.

Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda saglygy goraýşyň we syýahatçylygyň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uly üns berilýär. 2010-njy ýylda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we Gökderede täze sport desgalary, bejeriş toplumlary hem-de döwrebap saglyk we dynç alyş merkezleri guruldy we ulanmaga berildi, şeýle hem öňküleriň durky täzelenildi. Iri desgalaryň, şol sanda Olimpiýa şäherjiginiň, täze lukmançylyk mekrezleriniň gurluşygyna milli Liderimiz tarapyndan badalga berildi. Türkmen sportsmenleri uly halkara sport ýaryşlaryna gatnaşdylar. Geçen ýylyň ahyrynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada karar kabul edendigi baradaky habar gelip gowuşdy, munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelendigini hem-de her bir raýatyň saglygy, fiziki we ruhy taýdan kämilleşmegi baradaky aladany döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýän iş diýip yglan eden türkmen Lideriniň syýasatynyň giňden ykrar edilýändigini görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow 2010-njy ýylda gurluşyk ulgamynda edilen işleriň netijeleri, şeýle hem 2011-nji ýubileý ýylynda ýurdumyzda gurlup, ulanmaga beriljek täze desgalar barada hasabat berdi.

Geçen ýylda umumy bahasy, takmynan, ABŞ-niň 4,8 milliard dollaryna barabar bolan önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň jemi 120 sanysy gurlup, ulanmaga berildi. Şol sanda elektrik energiýasynyň önümçiligini birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik beren döwlet elektrik stansiýalary guruldy. Ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň ugrunda täze köprüleriň onlarçasy guruldy.

Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi sementiň öndürilişini 33 göterim, keramzitiň öndürilişini 4 göterim, diwaryň ýüzüne örtülýän gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini 9 göterim artdyrdy.

Hasabat döwründe şondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi 3 göterim ýokarlandy. Daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi yzygiderli artýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň ylym ulgamynda 2010-njy ýylda ýerine ýetirilen işler, şeýle hem «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen alymlaryny hemmetaraplaýyn goldamak we höweslendirmek meselelerine uly üns bermegi bilen geçen ýyl ýurdumyzyň ylmy üçin örän netijeli boldy. Şunuň bilen baglylykda hökümet Baştutanyň orunbasary ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan ylmy ösdürmäge aýratyn üns we goldaw berýändigi, ýurdumyzyň alymlarynyň zähmetini hemme taraplaýyn höweslendirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer geçen ýylda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda derwaýys meseleler boýunça amala aşyrylan ylmy işleriň netijeleri barada habar berdi. Olaryň hatarynda nebitgaz toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly ylmy işläp taýýarlamalary, seýsmologiýa, gurluşyk we binagärlik, energetika, lukmançylyk we farmasewtika, tebigy we gumanitar ylymlar, ykdysadyýet, aragatnaşyk, häzirki zaman aragatnaşyk tilsimatlaryny ösdürmek, önümçiligi awtomatlaşdyrmak ulgamlaryndaky barlaglary görkezmek bolar.

Geçen ýyl ýaş türkmen alymlarynyň ylmy taýýarlygy dowam etdirmäge we hünärini ýokarlandyrmaga bolan höwesi has-da artdy. Mysal üçin, 45 adam aspirantura, 9 adam doktorantura, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärlige 221 adam, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärlige bolsa 47 alym kabul edildi.

Geçen ýylda dünýäniň ylym we bilim merkezleri bilen giň gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan halkara ylmy maslahatlaryň 10-sy, şeýle hem halkara sergisi geçerildi. Olara dünýäniň köp ýurtlaryndan alymlar, esasy ylmy-barlag edaralarynyň, institutlarynyň, halkara guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wise-premýer türkmen alymlarynyň öz öňlerinde goýlan wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Öz gezeginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew 2010-njy ýylda gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda edilen işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Geçen ýylda umuman, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça kärhanalaryň ýükleriň we ýolagçylaryň daşalýan möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edendigi bellenildi.

Hususan-da, 2010-njy ýylda Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça 26,8 million tonna ýük we 6,5 milliona golaý ýolagçy daşaldy, şonda 2009-njy ýyldaky dereje bilen deňeşdireniňde, ösüş depginleri degişlilikde 103,5 göterime we 101,8 göterime barabar boldy.

Geçen ýylda Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 9 million 950 müň tonna ýükler, 278 million 831 müň ýolagçy daşaldy. Munuň özi bu görkezijileriň jsüş depginleriniň 2009-njy ýyldaky bilen deňeşdireniňde 105,7 göterim we 104,3 göterim möçberinde ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ilatyň we edaralaryň aragatnaşygyň telefon (simli), radiotelefon we öýjükli görnüşleri boýunça bildirýän isleglerini ýokary hilli kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda telefon nokatlarynyň 306 müň 958-si guruldy we şonda meýilnama 179 göterime barabar möçberde berjaý edildi.

Hasabat döwründe «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugy boýunça 2009-njy ýyldaky derejä garanyňda, ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugy boýunça hasabat döwründe 5 million 191,7 müň tonna ýük we 36,1 müň ýolagçy daşaldy. Şunda ösüşiň depginleri degişlilikde 111,1 we 148,6 göterime barabar boldy.

Soňra Türkmenistanyň welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew hasabat döwründe durmuş-ykdysady maksatnamalary berjaý etmek hem-de welaýatyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça edilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Häkimiň hasabat bermegine görä, welaýatda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde 2010-njy ýyl boýunça bellenilen işleriň möçberi 112 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň dowamynda Ahalda dürli maksatly uly desgalaryň 20-si guruldy. 2011-nji ýylda tutuş welaýat boýunça ýene-de 34 sany desgalaryň we binalaryň gurluşygy tamamlanar hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat düzümini mundan beýläk-de giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak işi dowam etdiriler.

Häzirki wagtda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyny mynasyp garşylap, ony oba senagat toplumynda täze zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen, welaýatyň meýdanlarynda we daýhan hojalyklarynda möwsüm boýunça möhüm ähmiýetli oba hojalyk işleri geçirilýär. Tutuş Ahal welaýaty boýunça güýzlük bugdaý üçin 226 müň gektar ýer, gowaça üçin 120 müň gektara golaý ýer bölnüp berildi, şu günler bu ýerlerde agrotehnikler we mehanizatorlar täze hasylyň düýbüni tutmak işlerini dowam etdirýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýerleriň melioratiw ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna, täzeden taba getirilmegine we täze meýdanlaryň oba hojalyk dolanyşygyna girizilmegine, saýlap almak we tohumçylyk işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S. Satlykow ýylyň jemleri boýunça hasabat berdi. Hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde welaýatda 633,6 million mantlyga golaý möçberde maýa goýum özleşdirilendigi bellenildi.

Welaýatyň ýolbaşçysy öz hasabatynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň abadanlaşdyrylmagyna degişli meseleler barada jikme-jik gürrüň berdi, bu ýerde 2010-njy ýylda möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi. Olaryň arasynda Türkmenbaşy şäheriniň has kämil tehnika bilen üpjün edilen Halkara aeroporty, kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy, deňiz suwuny süýjetmek üçin niýetlenen desga, 7 kilometre uzalyp gidýän we dynç alyş zolakly, gämi gatnawly derýa, çagalar üçin ähli oňaýlyklar döredilen sagaldyş merkezleri bar. Häzirki wagtda Hazaryň kenarynda 250 orunlyk ýokary derejeli ýene-de bir myhmanhana gurulýar, ony Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlap ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Awazada täze sagaldyş, sport, medeni-dynç alyş merkezlerini gurmak boýunça halkara tenderleri geçirilýär.

Häzirki wagtda Serdar we Bereket şäherlerinde durmuş ykdysady desgalarynyň birnäçesi gurulýar, olaryň käbiri eýýäm ulanmak üçin taýýar edildi. Balkan welaýatyndaky beýleki iri gurluşyklarynyň hatarynda Jebel şäherçesiniň ýanynda gurulýan sement zawody bar. Şeýle hem häkim welaýatyň agrar pudagynda alnyp barylýan işler we möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow öz hasabatynda oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça uly möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, 2010-njy ýylda bu maksatnamanyň çäklerinde 340 million manat özleşdirilendigini, munuň bellenilen möçbere garanyňda 108,8 göterime barabardygyny belledi. 2011-nji ýylda-da bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine ep-esli möçberdäki maýa goýumlaryny gönükdirmek bellenildi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna çenli bu ýerde medeniýet we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň 30-syny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar, häzirki wagtda şol desgalarda gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar.

Welaýatda täze hasylyň düýbüni tutmak we şu maksat bilen güýzlük bugdaýyň ekilen meýdanlarynyň ählisinde ekine göwnejaý ideg etmek boýunça iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem welaýatyň pagtaçylyk meýdanlarynda işler ýaýbaňlandyryldy hem-de ekişe taýýarlyk görmek giň gerime eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda welaýatyň daýhanlary 244 müň tonna pagta ýygnap, Watan harmanyna tabşyrdylar hem-de boýun alan borçnamalaryny artykmajy bilen ýerine ýetirdiler. Hasabatda bellenilişi ýaly, daýhanlar bilen özara hasaplaşyklar şu güne çenli dolulygyna geçirildi. Möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, bakja, gök ekin, iýmlik ekinler üçin niýetlenen meýdanlar giňeldilýär.

Welaýat häkiminiň hasabatynda aýdylyşy ýaly, suwaryş we zeýkeşleriň ulgamyny arassalamak we durkuny täzelemek boýunça zerur işleriň ählisi geçirildi. Şunda döwlet Baştutanynyň tabşyrygyny berjaý etmegiň çäklerinde, suwdan rejeli peýdalanmagyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Mallary dok we ýyly gyşlatmaga taýýarlyk görmek boýunça uly işler berjaý edildi. Gara mallaryň, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny durnukly ýagdaýda artdyrylmagy üpjün edildi, şunuň özi et-süýt önümleriniň we ýumurtgalaryň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý. Ýaýylow 2010-njy ýylyň netijeleri, welaýatda döreýän täze mümkinçilikler barada hasabat berip, geçen ýylyň welaýatyň oba zähmetkeşleri üçin şowly bolandygyny we olaryň bugdaý we pagta öndürmek boýunça boýun alan borçlaryny artygy bilen ýerine ýetirendigini aýtdy. Daýhanlar 2011-nji ýyly hem zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler we munuň üçin häzirki wagtda geljekki hasylyň düýbi tutulýar. Güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreler berjaý edilýär. Pagta üçin niýetlenen meýdanlarda ekişiň geçirilmegine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Täze meýdanlaryň özleşdirilmegine-de aýratyn üns berilýär, çünki munuň özi oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, zeýkeş we suwaryş ulgamyny arassalamak hem-de durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Maldarçylygy ösdürmek, et-süýt önümleriniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak möhüm ähmiýetli wezipeleriň hatarynda goýulýar.

Welaýatda önümçilik we söwda ulgamlarynyň serişdeleriniň dolanyşygy sazlaşykly ýagdaýda artýar. 2010-njy ýylda welaýatda düýpli maýa goýumlarynyň möçberi bellenilendäkä garanyňda 107,9 göterime barabar boldy.

Oba ýerlerinde uly möçberli özgertmeleriň maksatnamasyny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär, bu maksatnama welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýşyny hil taýdan täze derejä ýetirmäge gönükdirilendir. Şonuň çäklerinde uly gurluşyk meýdançasyna öwrülen Lebapda sagaldyş merkezleri, lukmançylyk we bilim edaralary, sport desgalary gurulýar. Welaýatda ýaşaýyş jaýyny girewine goýup edinmek baradaky maksatnamany amala aşyrmagyň barşynda, banklaryň ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna binalaryň 163-siniň gurluşygyna badalga berildi, şolaryň 84-si eýýäm guruldy.

Öz gezeginde Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow 2010-njy ýylda bu welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri barada hasabat berip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň 111 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Hasabatda welaýatda durmuş desgalarynyň gurluşygy hem-de her bir etrapda döwrebap infrastrukturany döretmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Welaýatyň möhüm ähmiýetli desgalarynyň arasynda Maryda welaýat kitaphanasy üçin täze jaýy gurmak işi dowam etdirilýär.

Hasabatyň barşynda oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin işleriň barşy barada aýdyldy. Ýurdumyzda oba hojalygyny özgertmek boýunça işleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde 2010-njy ýylda pudakda oňyn netijeleriň gazanylandygy bellenildi, hususan-da dänäniň, pagtanyň, azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilýän möçberleri artdyryldy, ýetişdirilen hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklar dolulygyna geçirildi. 2010-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milletiň Lideriniň öz şertnamalaýyn borçlaryny ýerine ýetiren kärendeçi pagtaçylara pagtanyň galan bölegini özbaşdak, birżanyň üsti bilen ýerlemäge mümkinçilik bermek barada öňe süren teklibi daýhanlaryň arasynda ruhubelentlik döretdi.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow çykyş edip, 2010-njy ýylda oba hojalyk ulgamynda gazanylan esasy ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bu hasabatda oba senagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, oba hojalygyny özgertmegiň çäklerinde görlen çärelere, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerine, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg etmek we mallary gyşlatmak bilen baglylykda edilen işlere aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna 2010-njy ýylyň maýynda Daşoguzda geçirilen ýurdumyzyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul edilen çözgüde laýyklykda, Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça işlenip düzülen Baş maksatnama hödürlendi.

Çykyşda Türkmenistanda suwdan rejeli peýdalanmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleriň halkymyzyň ýaşaýşynyň hilini we derejesini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ýagdaýda ösdürmekde möhüm ähmiýetli ýagdaýlaryň bri hökmünde döwlet syýasatynda ileri ututlýan ugurlaryň hataryna goşulandygy hem-de munuň eýýäm suwy arassalamak boýunça zawodlary, suw howdanlaryny we beýleki desgalary gurmak boýunça birnäçe uly möçberli taslamalarda öz beýanyny tapandygy bellenildi.

Bu Baş maksatnama şu ugurda alnyp barylýan işleriň täzeden has uly gerime eýe bolmagyna itergi berer, şol maksatnamany işläp taýýarlamak üçin ýörite döwlet topary döredildi hem-de oňa şu ugra degişi ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şol sanda oba we suw hojalyk ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň esasy hünärmenleri goşuldy.

Suwuň gorlaryny tygşytlaýan kämil tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna suwdan rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek bu Maksatnamanyň möhüm ähmiýetli jäheti bolup durýar. Munuň özi häzirki wagtda dünýäde örän möhüm ähmiýete eýe bolýan ekologik abadançylygy saklamak we daşky gurşawy goramak bilen berk baglydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu möhüm ähmiýetli ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde işjeňlik görkezýär hem-de durnukly ösüşe, şol sanda suwdan peýdalanylmagyna degişli meseleleriň oýlanyşykly we özara kabul ederlikli çözgütleriniň bilelikde gözlenilmegi ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edilen hasabatlary jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, pudaklaýyn ministrliklere we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna, häkimlere ata Watanymyz üçin möhüm ähmiýetli ýyly şanly senä mynasyp derejede tamamlamak üçin milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bar bolan mümkinçiliklerden dolulygyna peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň kuwwatyna we halkyň erkine daýanmak arkaly täze Galkynyşyň ýola bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öz ösüşinde belent sepgitlere ýetmegi başarýandygyny tutuş dünýä görkezmelidigimizi aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň barşynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmaga, türkmen halkynyň abadan durmuşy üçin oňyn şertleri döretmäge, şeýle hem guramaçylyk meselelerine degişli binäçe möhüm resminamalara gol çekdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara ýüzlenip çykyş etdi hem-de şonda 2010-njy ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi we 2011-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary kesgitledi.

Döwlet Baştutany geçen ýylyň netijeleriniň milli ykdysadyýetiň durnukly ýagdaýda ösýändigini, uly möçberli milli we halkara taslamalarynyň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan maliýe, ykdysady özgertmelere Halkara walýuta gaznasy tarapyndan ýokary baha berildi, bu gaznanyň eskpertleri Türkmenistanyň mundan beýläk-de çalt depginde ösüş gazanjakdygyny çaklaýarlar. Türkmenistanyň ykdysadyýeti dünýäde dowam edýän çökgünligiň şertlerinde-de özüniň durnukly ösýändigini subut etdi, geçen ýylda üstünlikli amala aşyrylan salgyt-býujet we pul-karz syýasaty hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany 2010-njy ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini dowam etdirendigini kanagatlanma bilen belledi.Jemi içerki önümiň möçberi 109,2 göterim artdy. Döwletimiziň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmak boýunça amala aşyrylan syýasat tutuş ykdysadyýetiň ösüşine oňyn täsirini ýetirdi. Puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi 0,1 göterime çenli peseldi. Milli pulumyzyň hümmeti durnukly derejede saklanýar. Döredilen Durnuklylaşdyrylyş gaznasy hem ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyna we ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine öz oňyn täsirni ýetirýär.

Häzirki döwürde döwletiň maliýe serişdelerini dolandyryş ulgamyny özgertmek hem dowam etdirilýär. Halkara standartlaryny nazara almak bilen, täze býujet kanunçylygy, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek boýunça kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylýar, bank ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär.

Geçen döwürde Türkmenistanda bazar özgertmelerini amala aşyrmak boýunça düýpli ösüş gazanylandygy aýdyň duýulýar. Bu özgertmeleri durmuşa geçirmegiň depginini çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde uzakmöhletleýin durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin hem uly ähmiýeti bardyr.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça amala aşyrylýan özgertmelerimiziň netijesinde Türkmenistanyň ösen senagaty we häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary bolan ýurda öwrülýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde biziň raýatlarymyzyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş derejesi we medeniýeti hem yzygiderli ýokarlanýar. Bu proses örän çalt depginde geçýär, onuň 2010-njy ýylda BMG-niň adamyň ösüşi boýunça beýannamasynda öz beýanyny tapmagy ýöne ýerden däldir.

Şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidenti öňe tarap aýdyň ösüşlere we gazanylýan üstünliklere garamazdan, biz arkaýynlaşyp, ösüş depginimizi birjik-de gowşatmaly däldiris we gazanylan üstünliklerimize çendenaşa buýsanyp, magtanmaly däldiris diýip belledi. Ýurdumyzyň durmuşyna şanly waka boljak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýyly bolan 2011-nji ýylda biziň öňümizde täze we örän uly wezipeler durýar. Türkmen Lideri geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna ýurdumyzy ösdürmegiň täze ugurlaryny gözlemek, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda dünýäde amala aşyrýan işjeň syýasatymyzy dowam etmek, şeýle hem ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmegi dowam etmek bilen bagly meseleler esasy wezipeleriň we maksatlaryň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet we bilim ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri dowam etmek, jemgyýetimimizi demokratiýalaşdyrmak, ökde, ukyply, ussat hünärmenleri taýýarlamak mesleleri öňküsi ýaly ýurdumyzyň Hökümetimiziň üns merkezinde bolmalydyr diýip belledi. Eksport etmäge niýetlenen gowy hilli, ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmek maksady bilen, dünýä standartlaryna we tehnologiýalaryna laýyklykda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, bar bolan senagat kärhanalaryny giň gerim bilen, toplmulaýyn döwrebapllaşdyrmagyň maksatnaasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak zerurdyr.

Şeýle hem maliýe-bank ulgamynyň ösdürilmegini dowam etmek, bazar ykdysadyýetini ösdürmek maksady bilen, nobatdaky netijeli çäreleri amala aşyrmak zerurdyr.

Milletiň Lideri nebigaz toplumyny, elektrik energetikasy pudagyny, nebithimiýa we gazhimiýa senagatyny, himiýa senagatyny, maşyn gurluşygyny, gurluşyk materiallar senagatyny, ýeňil senagaty, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny, syýahatçylyk we hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürilmeginiň üpjün edilmegini ilkinji nobbatdaky weziýeleriň hatarynda görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň we Ministrler Kabinetiniň, hukuk goraýjy edaralaryň, Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň, ýurdumyzyň ähli jemgyýetçilik guramalarynyň wezipesi neşekeşlige garşy alnyp barylýan göreşi yzygiderli dowam etmekden ybaratdygyny belledi.

Galyberse-de, ähli döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, Hökümet elektron ulgamyny ornaşdyrmak meseleleri barada aýratyn durlup geçildi.

Ýokarda aýdylanlar bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa we parlamentiň deputatlaryna döwletimiziň ykdysadyýetinde we jemgyýetimizde özgertmeleriň mundan beýläk-de çalt depginler bilen amala aşyrylmagyny kesgitleýin kanunlaryň we kanunlar esasynda kabul edilen namalaryň üstünde düýpli işlemegi we olary kabul etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty barada durup geçip, onuň öňküsi ýaly «açyk gapylar» syýasaty bolmagynda galýandygyny we bu syýasatyň sebitde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň goralyp saklanmagyna we pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, hususan-da onuň energetika bilen bagly ugruna ünsi çekip, häzirki wagtda ýurdumyzyň «Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý» gaz geçirijisini, «Türkmenistan-Eýran» gaz geçirijisiniň ýene-de bir şahasyny ulanmaga bermek, beýleki bir iri halkara taslamasyny—»Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisingiň taslamasyny amala aşyrmak üçin zerur esaslary döretmek bilen bir hatarda häzirki döwürde Ýewropa döwletlerini hem tebigy gaz bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy. Milletiň Lideri wise-premýer B.Hojamuhammedowa we nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berip, hususan-da, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» üstünde gysga wagtyň içinde täzeden işläp, onuň zerur düzedeşler girizilen täze taslamasynyň tassyklamak üçin hödürlenilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazowa we gurluşyk pudagynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylda uly işleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi. Ýubileý ýylynda—mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň dabaraly belleniljek ýylynda umumy bahasy 6 milliard 200 million amerikan dollaryna barabar bolan täze iri desgalaryň 102-sini gurup, işe girizmek göz öňünde tutulýar. Obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamamyza laýyklykda umumy bahasy 767 million amerikan dollary bolan köp sanly ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary we senagat kärhanalary gurlup, ulanmaga berler. Täze, möhüm ähmiýetli gurluşyklaryň hatarynda Demirgazyk-Günorta demir ýoluny, gaz we nebit geçirijileri, köprüleri, awtomobil ýollaryny, fabrikleri we zawodlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guruljak desgalary, hassahanalary hem-de saglyk merkezlerini, ýaşaýyş jaý toplumlaryny we beýleki medeni-durmuş mksatly desgalary görkezmek bolar. Umuman, şu ýylyň dowamynda bahasy takmynan 7 milliard amerikan dollaryna barabar bolan köp sanly dürli desgalar gurlup ulanmaga berler. Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň taryhynda entek şeýle uly möçberdäki düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilen ýyly ýokdur diýip belledi. Şoňa görä-de ýubileý ýylynda tabşyrylmagy göz öňünde tutulan ähli desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek zerurdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerler N.Şagulyýewe, D.Orazowa, M.Ýazmuhammedowa paýtagtymyzda täze gurulýan telewizion minarada alnyp barylýan ähli işleri doly tamamlap, ony şu ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany şu ýylyň oktýabr aýyndan eýýäm mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan baýramçylyk gepleşiklerini täze gurlan telewizion minaranyň üsti bilen ýaýlyma berip başlamaly diýip aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Mezilowa, H.Saparlyýewe, D.Orazowa şu ýylda ýurdumyzda tehnologiýalar merkeziniň (tehnoparkyň) gurluşygyna başlamak tabşyryldy, onuň ýurdumyzda ylmy ösdürmekde, dürli ugurlar boýunça alymlary taýýarlamakda we senagaty ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe boljakdygy aýdyldy.

Döwlet Baştutany wise-premýer M.Akmämmedowa, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň uly kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň örän möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinlerini ýurdumyzyň sebitleri boýunça ýöriteleşdirmek, bu pudaga bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak we oba hojalygyny özgertmek boýunça beýleki möhüm wezipeleriň ählisi hem şu ýylda üstünlikli amala aşyrylmalydyr. Şonuň bilen birlikde milletiň Lideri döwlet öňküsi ýaly, oba hojalyk pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermegi geljekde hem dowam eder, bu goldaw biziň oba hojalyk pudagynyň ähli ugurlaryny täzeden enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, umuman, obalary özgertmek boýunça amala aşyrýan işlerimizde hem aýdyň görünýär diýip nygtady.

Ýurdumyzda ulag hem-de aragatnaşyk pudagyny ösdürmek aýratyn möhüm wezipeleriň biridir. Döwlet Baştutany şu ýyl bu pudakda ägirt uly taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyryljakdygyny aýdyp, şu meselä wise-premýer N.Şagulyýewiň we beýleki degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Şonda Demirgazyk-Günorta halkara demir ýolanyň gurluşygy tamamlanmalydyr, Aşgabat-Garagum-Daşoguz hem-de Türkmenbaşy-Farap awtomobil ýollarynyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüleriniň gurluşygy, howa menzilleriniň durkuny täzelemek we beýleki göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek dowam etdirilmelidir. Şunuň bilen birlikde ýokary tizlikli aragatnaşyk serişdelerini we Internet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähli zerur çäreler görülmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, biz ýurdumyzda özgertmeleri yzy

Degişli makalalar

Türkmenistan Malaýziýa Arasy Göni Awia Gatnawa Başlady

syrach

Ýeňiş Güni Mynasybetli Dabaralar

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Wena Sapary

syrach