22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi. 

Milli Liderimiz mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen Türkmenistanyň ähli halkyny, ýurdumyzyň ähli halyçylaryny ýetip gelýän Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. 

Türkmenistanda giňden bellenilýän bu baýramçylygyň ähmiýetiniň uludygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz: “Haly biziň merdana halkymyzyň iň gadymy sungatlarynyň biridir. Bu sungat türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz beýik goşandydyr. Türkmen halysynyň halkymyzyň taryhyny beýan edýän her bir çitimine çeper elli zenanlarymyzyň irginsiz zähmeti we yhlasy siňdirilendir” diýip belledi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzyň baý däplerini özünde jemleýän halyçylyk sungatymyz täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda täze, döwrebap halyçylyk kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Çeper elli zenanlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş we zähmet şertlerini gowulandyrmak barada döwletimiziň yzygiderli alada edýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzda halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns beriljekdigini nygtady. 

Mejlise gatnaşyjylary, Türkmenistanyň halkyny, ähli halyçylary Türkmen halysynyň baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyza berk jan saglyk we uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, elinden dür dökülýän halyçy zenanlarymyza bolsa, daraklarynyň batly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Türkmenistanda halyçylyk pudagyny ösdürmek, şol sanda onuň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hasabatyň esasy meselesi boldy. Wise-premýer Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çärelere, şol sanda 26-njy maýda açylýan, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçirilýän “Türkmeniň kalby—türkmen halysy” atly halkara sergisine, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIII mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň dokma senagatyny we milli halyçylygy ösdürmäge ägirt uly serişdeleri goýberýändigini aýtdy. Halyçylygyň däpleri berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap esasda ösdürilýär. Türkmenistan bu ulgamda giň mümkinçiliklere eýedir diýip, milli Liderimiz pudagy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ýurdumyzda öndürilýän dokma we haly önümleriniň dünýä bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. 

Öňde boljak baýramçylyk dabaralary barada aýtmak bilen, milli Liderimiz türkmen halylarynyň biziň milli buýsanjymyz we beýik medeni mirasymyz bolup durýandygyny, şeýle hem onuň tutuş adamzadyň baýlygyna öwrülendigini belledi. Türkmen halysy biziň halkymyzyň kalbynyň özboluşly aýnasy bolup, onuň ruhy dünýäsini, döredijilik, şahyrana oýlanmasyny we milli häsiýetiniň giňligini şöhlelendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Halyçylyk sungatyny dikeltmek döwletimiziň aýratyn aladasy bolmak bilen, biz geljekde hem bu ulgamy gyşarnyksyz ösdüreris diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere milli baýramçylyk mynasybetli bellenilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini çözmek babatda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň geçirýän işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol «Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakyndaky» kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu taslamada geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we häkimlikleriň bermeli hasabatlaryny we maglumatlaryny taýýarlamagyň tertibi we möhletleri kesgitlendi. Ministrlikleriň, edaralaryň we kärhanalaryň hünärmenleri üçin usulyýet gollanmalaryny taýýarlamak hem-de degişli maslahat beriş-düşündiriş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet býujeti işlenip taýýarlananda ykdysadyýeti okgunly ösdürmäge, onuň hususy ulgamyny höweslendirmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelerden ugur almak möhümdir diýip belledi. 

Milli Liderimiz hödürlenen resminamanyň taslamasyny umuman makullap we Karara gol çekip, wise-premýere 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny öz wagtynda taýýarlamagy tabşyrdy. 

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen işleri dowam etmegiň möhümdigi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş we ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmakda parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berip, hususan-da, birnäçe pudaklarda ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Mejlisiň komitetlerinde işleriň dowam edýändigini habar berdi. Ýerli häkimiýet we jemgyýetçilik guramalary bilen ýygjam özara hereketleri amala aşyrmak bilen, deputatlar ilata kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirýärler, şeýle hem möhüm durmuş meseleleriniň çözülmegine ýardam edýärler. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylyk binýady özünde iň oňat milli däpleriň yzygider sazlaşygyny we täze özgertmelere uýgunlaşmagyny jemlemek bilen, häzirki döwrüň meýillerine açykdygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy dünýä tejribelerini we ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleriň talaplaryny nazara almak arkaly, kanunçykaryjylyk işiniň birnäçe ugurlary boýunça täzelikleri ornaşdyrmagy işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri barada hasabat berip, 29-31-nji maýda ýurdumyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde Aşgabatda ýokary derejede türkmen-türk gepleşikleri geçiriler. Onuň gün tertibine işjeň ýörelgelere, özara hormat goýmak we doly möçberli özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri giriziler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. 

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şol hyzmatdaşlygy giňeltmekde Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň işine uly orun degişlidir. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze hil taýdan baýlaşandygyny kanagatlanma bilen belläp, kökleri asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýän türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, munuň özi iki ýurduň hem-de halkyň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, giň ugurlar boýunça netijeli özara hereketi ösdürmäge gyşarnyksyz meýillerine aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam edip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny, şeýle hem biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän dürli taslamalara köpsanly türk kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýandygyny ygtybarly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde getirdi. 

Milli Liderimiz söwda-ykdysady pudakda, netijeli işewür gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmakda, şeýle hem däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, wise-premýere, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berdi. 

Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, geljek hepdede Türkmenistanyň wekiliýeti Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň dördünji mejlisine gatnaşmak üçin Berlin şäherinde bolar. Hormatly Prezidentimiz özara bähbitlere gabat gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini amala aşyrmakda bu topara uly ornuň degişlidigini aýratyn nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa döwlet Baştutanymyza Çagalary goramagyň halkara gününiň baýram edilmegi bilen başlanýan geljek aý üçin bellenilen medeni çärelere hem-de medeni-durmuş maksatly döwrebap binalary ulanmaga bermek boýunça taýýarlyk işleri barada habar berdi. Şol gün dabaralar gözel Gökdere jülgesinde we Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde ýaýbaňlanar. Ol ýerde täze çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ikisiniň açylyş dabarasy bolar. 

Iýun aýynyň medeni maksatnamasynda milli we halkara derejesinde giňden bellenilýän şanly senelere bagyşlanan çäreler hem bar. 

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, 1-3-nji iýunda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Onuň çäklerinde biziň paýtagtymyzda konsertler, sergiler guralar we kinolar görkeziler. Şeýle hem doganlyk ýurduň medeniýet we sungat işgärleri Lebap welaýatynda konsert maksatnamasy bilen çykyş ederler. 

Paýtagtymyzda geçiriljek dabaralar hasabatyň ýene bir meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýörite taýýarlanan “Ak şäher–Aşgabat” atly saýt hödürlendi. Täze saýt şäher häkimliginiň resmi Internet-sahypasy bolar hem-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäher boýunça möhüm maglumatlar bilen tanyşdyrar, şeýle hem Internetden peýdalanýanlara türkmen, rus we iňlis dillerinde beýleki materiallary hödürlär. Fotosuratlar, şäheriň kartalary we syýahatçylar üçin ýol görkezijiler, dürli desgalaryň sanawy, ulag hereketiniň çyzgysy, medeni çäreleriň we dürli wakalaryň mahabatlary saýtyň mazmunyny baýlaşdyrar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň habar beriş serişdeleri bilen ýaş zehinleriň döredijilik işini goldamakda ysnyşykly gatnaşyk saklamagyna ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz öňde boljak ähli dabaralary we Täjigistanyň medeniýet günlerini geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu çäre biziň halklarymyzyň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk däpleriniň beýany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrjak baýramçylyga öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Ak şäher—Aşgabat” atly saýtyň taslamasyny makullap, täze Internet – sahypanyň şäher häkimliginiň we beýleki şäher gulluklarynyň işini maglumat taýdan üpjün etmäge, ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga we şäher hojalygyny netijeli dolandyrmakda möhüm meseleleri çözmegiň derhallygyna bildirilýän talaplara gabat gelmelidir diýip belledi. Şol bir wagtyň özünde saýt dünýä ulgamynda türkmen paýtagtynyň özboluşly keşbine öwrülip, ak mermerli Aşgabady ösdürmekde gazanylan üstünlikler barada zerur maglumatlary bermelidir we ýurdumyzyň baş şäheriniň abraýyny berkitmelidir. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, orak möwsümine taýýarlygyň çäklerinde umuman, ýurdumyz boýunça bugdaý orujy kombaýnlaryň 1882-si taýýarlyk hataryna çykaryldy, kabul ediş bölümleriniň 157-sine, şeýle hem elewatorlara bugdaýyň ýitgisiz we öz wagtynda daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 6660 töweregi üpjün eder. 

Göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar däne orujy kombaýnlary zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglar, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edip, gije-gündizleýin hyzmat ederler. Mehanizatorlar we bugdaý oragyna gatnaşýan beýleki işgärler üçin zerur bolan hemme durmuş şertleri dörediler, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda işleri guralar. 

Mundan başga-da, sebitlerde gowaça ideg işleri dowam edýär, olaryň hatarara bejergi we otag işleri geçirilýär, ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we beýleki meýdan işleri talabalaýyk alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynyň hem ýokary depginler bilen ösýändigini nygtady. Ussat daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinlerinden ýylyň-ýylyna bereketli hasyl alýandygyny buýsanç bilen aýdyp, döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň şu ýyl hem bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini belledi. 

Häzir gallaçy daýhanlaryň durmuşynda örän möhüm we jogapkärli döwür—orak möwsümi başlanýar. Olaryň öňünde ýetişdirilen hasyly örän gysga wagtyň içinde ýitgisiz ýygnap almak wezipesi durýar. Bu örän möhüm we jogapkärli wezipäni daýhanlaryň üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine hem-de olaryň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynam bildirip, milli Liderimiz Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 1-nji iýundan, Daşoguz welaýatynda bolsa 12-nji iýundan başlap, galla oragyna girişmäge ak pata berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýola goýlan asylly däbe görä, ýerlerde orak möwsümini il içinde hormatlanýan, abraýly ýaşulularyň “bissimilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Merdana gallaçylarymyza bolsa “Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar!” diýip, saçaklarymyzyň berekedi bolan bugdaý hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap, täze zähmet ýeňişlerini gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz hemme agrotehniki kadalaryň berjaý edilip, gowaçalara ideg edilmegine hem-de beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň üstünlikli geçirilmegine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere degişli anyk görkezmeleri we tabşyryklary berdi. 

Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda—nebitgaz, himiýa we balyk senagaty pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň serişde mümkinçiligini pugtalandyrmak, tehniki we tehnologiki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistan üçin ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolup durýandygyny nygtady. Biziň esasy maksadymyz bu tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmakdan, Watanymyzyň we halkymyzyň eşreti üçin ulanmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu maksatlaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň energetika döwletiniň derejesini has pugtalandyrdy. 

Şunuň bilen baglylykda, bellenip geçilişi ýaly, soňky ýyllarda açylan täze ýangyç ýataklarynyň doly möçberde özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna uzak möhletleýin hem-de ygtybarly ibermegiň köp görnüşli ulgamyny yzygiderli kemala getirýän biziň ýurdumyzyň kuwwatly gaz mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar. Türkmen ýataklaryndan gözbaş alyp gaýdýan energetika ugurlary, şeýle hem geljek üçin bellenilýän täze eksport ugurlary giň möçberli energetika howpsuzlygynyň täze düzümleýin binýadynda möhüm halka bolar, Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen, bütin dünýäde giňden goldawa eýe bolan halkara başlangyçlarynyň toplumy şony kemala getirmegi maksat edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz ulgamynyň öňünde duran anyk wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, wise-premýerden ýangyç çig malyny çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň we eksport etmegiň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga, nebithimiýa önümleriniň giň görnüşlerini öndürmäge gönükdirilen ähmiýetli taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişiniň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew öz gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi we döwlet Baştutanymyzyň özal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Ol şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça täze binagärlik taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki ýollary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gurluşyk, senagat pudaklarynyň we elektroenergetikanyň ýokary ösüş depginleriniň saklanyp galmagynyň ilkinji nobatdaky wajyp wezipe bolup durýandygyny nygtady. Çünki ähli bellenilen meýilnamalaryň we uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi şol pudaklara bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşyklaryň depginleriniň güýçlendirilmeginiň, gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň iň ýokary talaplara hem-de döwrebap ülňülere gabat gelmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz iň döwrebap tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikalary has giňden peýdalanmak wezipelerini öňde goýdy. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem şäheriň jemagat hojalygy düzümlerini ösdürmek hem-de durmuş ugurly işleri sazlaşykly ýola goýmak boýunça wezipelere oýlanyşykly we netijeli çemeleşmegiň, paýtagtymyzda degişli inženerçilik ulgamynyň işlerini döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmagyň möhümdigini belledi we möhüm ulgamyň işini mydama yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamdarynda geçirilýän işleriň netijeleri, ylmy we bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet durmuş syýasatyny we milli maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalyny döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berildi. 

Ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat bermek bilen, wise-premýer «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Derman ösümlikleri instituty üçin barlaghana enjamlaryny we reaktiwleri satyn almak hakyndaky» kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

Milli Liderimiz «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalyny döretmek hakynda” teklibi makullap we degişli resminama gol çekip, täze neşirde işlemek üçin hünärli žurnalistleri we syýasatşynaslary çekmegiň zerurdygyny aýtdy. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetinde bolup geçýän düýpli özgertmeleriň depginini, biziň döwletimiziň ýöredýän syýasatynyň oňyn ugruny we ynsanperwerlik mazmunyny mynasyp beýan edip bilerler diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynda milli maksatnamalary amala aşyrmagyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem ylym-bilim edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw-usulyýet edebiýatlary bilen üpjün edilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Derman ösümlikleri instituty üçin barlaghana enjamlaryny we reaktiwleri satyn almak hakyndaky» karara gol çekip, döwletimiz geljekde hem türkmen alymlaryna netijeli işlemek üçin zerur bolan ähli şertleri döreder diýip belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň “Atamyrat-Ymamnazar” böleginiň dabaraly ýagdaýda düýbüni tutmaga, şeýle hem Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde gurlan binalary we desgalary açyp, ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz bütin ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda durmuşa geçirilýän, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň möhümdigini belläp, gurluşyk işleriniň tertibiniň berjaý edilmeginiň we olaryň hiline berk gözegçiligiň, şeýle hem täze senagat kärhanalarynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz halkymyz, onuň abadançylygy we rowaçlygy baradaky aladanyň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçip, olaryň şu welaýatyň hem-de tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin ähmiýetini nygtap, göz öňünde tutulan ähli çäreleri ýokary derejede guramak barada görkezme berdi. 

Milli Liderimiz welaýatda senagat desgalaryny gurmak bilen bir hatarda, sebiti mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bolan ulag düzümlerini döretmek, gaz geçirijileri we elektrik geçiriji ulgamlary gurmak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny hem belledi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisininde şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we abadançylyk hem-de öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady.

syrach

Türkmenistanyň we Şwesiýa Patyşalygynyň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeler Geçirildi

syrach

Orta Aziýany Pars aýlagyna birleşdirjek demir ýol liniýasynýň gurluşygy dowam edýär.

syrach