14.9 C
Aşkabat
20.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky iň soňky we Täze ýyl baýramçylygyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda şu ýylda amala aşyrylan işleriň gysgaça jemleri jemlenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisi açmak bilen, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi.

Milli Parlamentiň başlygy A.Nurberdiýewa mejlisiň deputatlarynyň alyp barýan gündelik işleri hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler we Täze ýyl baýramçylygyny ýokary derejede guramak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda, halkyň abadançylygynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynda milli kanunçylyk ulgamynyň binýadynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu babatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany Mejlisiň deputatlarynyň halkyň arasynda bolup, ýurtda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriň ilerlemegine itergi berýän wagyz-nesihat işlerini geljek ýylda has giňden ýaýbaňlandyrmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň dokmaçylyk pudagynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda ýerine ýetirilýän işler, dokmaçylyk pudagynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda aýtdy.

Milletiň Lideri bu ulgamda durmuşa geçirilýän çäreleriň has-da işjeňleşmeginde halkara derejesinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede guralmalydygyny, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmelidigini, şeýle hem ulgam boýunça daşary ýurtlarda we Watanymyzda guralýan halkara forumlaryň, maslahatlaryň, sergileriň ýokary derejede geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarow ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda dekabr aýy üçin aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň we talyp haklarynyň doly tölenendigini habar berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlarda we daşary ýurtlarda öndürilýän önümleriň biziň ýurdumyzda sergileriniň guralmagy bilen baglanyşykly meseleler we olara degişli taslamalar barada aýtdy.

Döwlet Baştutany halkara hyzmatdaşlygynyň milli ykdysadyýetimiz üçin uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda guraýan sergilerine, forumlaryna ykjam taýýarlyk görülmelidigini aýdyp, hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň Türkmenistanda geçirýän çärelerine düýpli çemeleşmeleriň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow ýurdumyzyň oba senagat toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada habar berip, hormatly Prezidentimiziň uly tagallalasy bilen oba hojalygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde uly öňe gidişlikleriň gazanylýandygyny belledi. Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hakynda aýdyp, babadaýhanlar we maldarlar üçin döredilýän oňaýly şertler üçin pudakda zähmet çekýänleriň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşaldyklaryny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz täzeden galkynýan oba senagat toplumynyň mundan beýläk-de ýokary netijeleri gazanmagy, bu ugurda uly işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda döwletiň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy we toplumda alnyp barylýan işleriň öz wagtynda hem-de agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmelidigini nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz hökümet agzalary bilen guraýan maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň bazarlarynyň bolçulygy bu pudakda işleýänleriň yhlasly zähmetine baglydyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz diýarymyzda öndürilýän azyk önümleriniň hiliniň ýokary bolmagy we olaryň bol öndürilmegi ugrunda edilýän tagallanyň netijeli bolmalydygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, 2017-nji ýylda Aşgabatda üsti ýapyk desgalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlary mynasybetli 29-njy dekabrda paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynda we Saglyk ýolunda guraljak sport çäreleriniň maksatnamasy hakynda habar berdi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boljak Aziýa oýunlarynyň geçiriljek wagtyna çenli türgenlerimiziň ýokary derejede tälim almaklary üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, şeýle hem Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna oňyn täsir etjek bu ýaryşlar mynasybetli guralýan çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda Olimpiýa stadionynda hem-de Saglyk ýolunda guraljak sport çäreleriniň milletimize mahsus ýokary ruhubelentlik bilen, şatlyk-şagalaňa beslenip geçirilmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mezilow hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym ulgamynda tamamlanyp barýan ýylda uly işleriň edilendigini we täze uly tutumlara badalga berlendigini bellemek bilen, 2010-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda 10 sany halkara ylmy maslahatyň geçirilendigini habar berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, Hazar deňziniň we onuň kenar ýakalarynyň ylmy taýdan özleşdirilmegine aýratyn üns bermelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany türkmen topragynda bar bolan uglewodorod serişdeleriniň we beýleki ýerasty baýlyklaryň gaýtadan işlenilmegi ugrunda döwrebap ylmy çözgütleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny, hususan-da, ylmyň önümçilige bolan gatnaşygynyň has işjeň ýagdaýa geçirilmelidigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow şu ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde uly möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer hormatly Prezidentimiziň baştutanlyk etmeginde nebitgaz pudagynda uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly möçberli işleriň amala aşyrylandygyny, tebigy gazy eksporta, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyna we Eýran Yslam Respublikasyna ibermegiň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen halkara taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Hazar deňzinde barlaglaryň dowam etdirilýändigini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň toplumlaýyn ösdürilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2010-njy ýylda nebitgaz pudagynda edilen işleriň uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Täze ýylda-da ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýene-de uly möçberli meýilnamalary amala aşyrmalydygyny aýtdy. Hususan-da, milletiň Lideri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky ädimleri ätmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi hem-de bu gaz geçirijiniň türkmenistanlylaryň we Aziýa sebitindäki beýleki ýurtlaryň halklarynyň häzirki we geljekki nesilleri üçin uly ähmiýetiň bardygyny nygtady.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerler B.Hojamuhammedowa we G.Mezilowa Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorod serişdelerini gözlemek boýunça «Türkmengaz» Döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň işiniň depginini güýçlendirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew şu ýylda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda möhüm taslamalary amala aşyrmagyň barşy barada habar berdi. Hususan-da, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň egsilmez aladasy netijesinde ulag ulgamynda, ýurdumyzyň tanker flotuny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilendigini belledi. Demir ýol ulaglary ulgamynda Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň gurluşygy, galyberse-de, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň beýleki kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işler dowam etdirilýär—diýip, N.Şagulyýew aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen ulgamlarda döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işleriň möhüm ähmiýetlidigini belläp, munuň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmaga şert döretjekdigini hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamlaryna degişli kärhanalaryň önümçilik görkezijileriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigini aýtdy. Milletiň Lideri döwletiň geljekde-de howa, awtoulag, demir ýol we deňiz ulaglary boýunça kärhanalary, şeýle hem telekommunikasiýalaryň ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerini çözmekde degerli ýardam berjekdigini nygtap, täze 2011-nji ýylda bu pudaklar boýunça möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegiň depginlerini güýçlendirmegi tabşyrdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň şanly senesine çenli Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň gurluşygyny tamamlamak üçin ähli çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Bu halkara demir ýoly Türkmenistany goňşy Eýran we Gazagystan bilen baglanyşdyrar hem-de Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda halkara gatnawlary boýunça täze giň mümkinçilikleri döreder.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H. Saparlyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada aýtmak bilen, milletiň Lideriniň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we bilim pudaklarynyň, sport we syýahatçylyk ulgamynyň mundan beýläk-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejede ösdürilmegi üçin has oňaýly şertler döredildi diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän bu pudaklar ileri tutulýan döwlet syýasatynyň hemişe üns merkezinde durýar diýip belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleriň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyny, özgertmeleriň depginleriniň mundan beýläk has-da ýokarlandyrylmalydygyny belläp, täze ýylda döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynda ägirt uly işleriň durmuşa geçiriljekdigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada aýtdy. Şeýle hem wise-premýer Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň medeni maksatnamasy hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň jemlemesine öwrüljek Täze ýyl mynasybetli guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini belläp, 2011-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan giň möçberli çärelere badalga beriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu taryhy wakanyň bellenilmegine öz wagtynda ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Milletiň Lideri türkmen döwletiniň durmuşynda derwaýys tapgyra öwrüljek bu şanly sene özüniň çuň many-mazmuny bilen ýatda galýan, türkmen halkynyň agzybirligini hem-de bitewiligini, biziň ýurdumyzyň ösüşiň belent sepgitlerini eýelemek ugrundaky hyjuwyny, täze Galkynyş eýýamynyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini beýan edýän ählihalk dabaralary bilen şan-şöhrata beslenmelidir diýip nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow tamamlanyp barýan ýylyň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilip, amala aşyrylýan daşary syýasy strategiýanyň üstünlik getirýändigini aýdyň tassyklaýan wakalara baý bolandygyny belledi. Şol wakalaryň hatarynda 2010-njy ýylda türkmen döwletiniň Baştutanynyň daşary ýurtlara saparlaryny görkezmek bolar. Şol saparlaryň netijeleri hyzmatdaş ýurtlar bilen oňyn we özara arkalaşykly hereket edilmeginiň işjeňleşdirilmegine güýçli itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň belent münberinden täze halkara başlangyçlaryny öňe sürmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ÝeHHG agza bolup durýan döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň 7-nji duşuşygyna gatnaşmagy, ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygynyň baýram edilmegini, «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» duşuşygynyň TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna badalga berilmegi bilen baglanyşykly çözgüdi we beýlekileri möhüm ähmiýetli wakalar hökmünde görkezmek bolar. Wise-premýer özüniň ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň işgärleriniň we türkmen diplomatlarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirmek maksady bilen, geljekde-de öz tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny hem-de şol ugruň sebit boýunça we ählumumy derejedäki ösüşe degişli derwaýys meseleleriň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolmagyny şertlendirendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam etdirip, türkmen döwletiniň geljekde-de bu ugra ygrarly bolup, halkara derejesinde—iki taraplaýyn, şeýle hem köp taraplaýyn görnüşde, şol sanda esasy halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde özara bähbitli gepleşigiň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda çykyş etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleriň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi we be ugurda DIM-niň ýolbaşçylygynyň netijeli işleri durmuşa geçirmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, şu günler Türkmenistanda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi we ol çäreleriň mundan hem beýläk halkymyza mahsus ýokary ruhubelentlik bilen geçirilmegi we ählihalk şatlyk-şagalaňyna öwürilmegi üçin ähli çäreleriň görülmelidigi barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylda Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň geçen ýyldakydan köp geçirilendigini belledi we onuň 2010-njy ýylda öňki ýyllara garanyňda has tutanýerli we öndürijilikli işlemeklige badalga berendigini hem-de bu ýylyň şanly wakalara baý bolandygyny aýtdy. Meseleleriň üstünlikli çözülmegi, köp babatda Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde talabalaýyk hem-de dogry çözgütleriň kabul edilmegi, halkymyzyň yhlasly, maksada okgunly we sazlaşykly işlemegi netijesinde mümkin boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şeýle hem milletiň Lideriniň aýdyşy ýaly, iň esasy zat bolsa ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli özgertmeleriň halkymyz tarapyndan giňden goldanmagy netijesinde maksatnamalarda bellenen işleri amala aşyrmak we öňde duran möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek başartdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nygtaýşy ýaly, Türkmenistan—Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasyny, gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny, Altyn sähra etrabynyň merkezi şäherçesiniň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Döwlet energetika institutynyň binalar toplumlaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze gurlan desgalary, Aşgabat şäherindäki ýokanç keseller merkezleriniň toplumyny, täze we döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, stadionlary, muzeýleri, mekdepleri, çagalar baglaryny we dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, oba hojalyk toplumyna degişli desgalary we beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň ençemesini görkezmek bolar.

Şu ýyl edermen babadaýhanlarymyz yhlasly zähmetiň netijesinde bol galla we pagta hasylyny ösdürip ýetişdirdiler hem-de Watan öňündäki tabşyryklaryny artykmajy bilen ýerine ýetirdiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şu ýylda biziň ýurdumyzda bitirilen möhüm işleriň hatarynda «Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar, golaýda bu taslamany durmuşa geçirmek baradaky möhüm resminamalara gol çekildi. Mälim bolşy ýaly, täze gaz geçiriji diňe biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin hem ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň täze tebigy gaz eksport ugry asyrlar aşyp biziň bagtyýar nesillerimiziň abadançylygyny kepillendirer, şeýlelikde 2010-njy ýylda öz öňümizde goýan wezipelerimiziň ählisini diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirmek başartdy diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Indi bolsa, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýunyň dabaraly belleniljek ýyly bolan 2011-nji ýyla gadam goýýarys. Täze ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyz uly üstünliklere beslenmelidir, munuň üçin bolsa bizde ähli mümkinçiliklerem, şertlerem bar. Sözümiň ahyrynda bolsa, men sizi we tutuş halkymyzy Täze ýyl bilen ýene bir ýola gutlaýaryn, Täze ýylda abadançylyk we bagt, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlady. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Howa Ýollarynyň Aşgabat-Kazan-Aşgabat Gatnawlarynyň Uçuş Rejesiniň Tertibi

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary Welaýatyna Iş Sapary Başlandy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach