14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň paýtagtynda ikinji Halkara maýa goýum forumy açylýar

Aşgabat ýene-de dünýäniň birentek ýurtlarynyň biznes toparlarynyň wekilleriniň ýygnanýan ýerine öwrüldi. 18—19-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky «Altyn Ýyldyz» medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumy bolup geçer. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Beýik Britaniýanyň «IS Energi Limited» kompaniýasy bilen bilelikde guralýar.

Aşgabatdaky halkara maýa goýum forumynyň her ýylda geçirilip ugralmagy dünýäniň biznes-elitasynyň milli ykdysadyýetini durnukly ýagdaýda ýokary depginler bilen ösdürmek arkaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça uly möçberli ykdysady reformalary üstünlikli amala aşyrýandygyny aýan edýän Türkmenistan babatda uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýän subutnama öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, maýa goýum forumynyň işiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda, oňa gatnaşyjylara häzirki döwürde milli senenamamyzyň şanly baýramyna—özüniň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna taýýarlyk görýän Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň giň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Olar 17-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Sergi köşgüniň Ekspozision merkezinde Türkmenistanyň täze Galkynyş eýýamynda gazanan ykdysady netijelerine bagyşlanyp guralan serginiň myhmanlary boldular. Bu sergi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň gazanýan üstünliklerine we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlanýar.

Bir ýyl mundan ozal geçirilen birinji maýa goýum forumyna halkara institutlarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, birżalaryň, täjirçilik banklarynyň 600-den gowragy, dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan konsalting we reýting agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy we bu forum bazar ykdysadyýetine degişli özgertmeleriň we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň täze taryhynda, hakykatdan-da, möhüm waka öwrüldi. Şunda döwletiň maýa goýumlar boýunça syýasaty üstünlikli ýöretmegi ösüş gazanmagyň esasy faktorlarynyň biri hasaplanýar.

Aşgabatdaky häzirki duşuşygyň hem uly möçberli bolmagyna garaşylýar. Çünki forumyň maksatnamasy dürli çärelerden ybarat bolup, oňa gatnaşýan düzümleriň ýokary wekilçilikli boljakdygyna şaýatlyk edýär. Dünýäniň 40-a golaý ýurdundan gelen halkara we sebitleýin guramalaryň, halkara maliýe düzümleriň, dünýäniň iri kompaniýalarynyň 300 töweregi delegatlary bu foruma gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda BMG-niň, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça bankynyň, Doýçe bankyň, beýlekileriň wekilleri bar. Daşary ýurt biznesine ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Malaýziýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň köp sanly kompaniýalary wekilçilik edýär.

Foruma gatnaşyjylara döwletimiziň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýöredýän maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary barada jikme-jik maglumat berler. Aýry-aýry mejlisleriň barşynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna täzeçillik tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar hem-de Türkmenistanyň çäginde durmuşa geçirilen halkara taslamalaryň barşynda toplanan tejribe öwreniler.

Şu forumyň esasy wezipesi Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän bazarynyň geljegi bilen tanşylyp, halkara maliýe guramalary we korporasiýalary tarapyndan baha berilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Munuň özi nebitgaz we himiýa toplumyny, elektroenergetikany, gurluşyk industriýasyny, transporta degişli infrastrukturany, bank we maliýe sektorlaryny, oba hojalyk toplumyny, maglumatlar tehnologiýalaryny we telekommunikasiýalary, derman senagatyny we farmasewtika bazaryny, dokma senagatyny we syýahatçylygy ösdürmek bilen baglylykda, potensial maýadarlaryň öňünde maýa goýumlary boýunça açylýan täze mümkinçiliklere has netijeli garalmagyna oňaýly ýagdaý döreder.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň forumda garaljak esasy meseleleriň birine öwrüljekdigine söz ýok. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň global energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berler. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen sektorynda uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde, nebitiň we gazyň gaýtadan işlenip taýýarlanylmagyny, himiýa pudaklaryny ösdürmekde, transport infrastrukturasyny gurmakda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Iki günlük maýa goýum forumynyň gün tertibi boýunça dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şonda daşary ýurt kompaniýalarynyň köp sanly wekillerine Türkmenistanda maýa goýumlary bilen bagly ýagdaý, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň esasy meýilleri, ýuridiki we salgyt kanunçylygy barada has täze we jikme-jik maglumat berler, olar özara peýdaly hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini kesgitlärler.

Forumyň çäklerinde potensial maýadarlaryň, halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň hökümetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kompaniýalaryň wekilleri bilen köp sanly duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek bellenildi. Şonda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda bilelikde işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Nebit Dürlüçe Nyrhda Satylýar

Türkmenistanyň nebit gorlarynyň täze subutnamasy

syrach

HEA 2017-nji Ýylda Dünýä Boýunça Nebite Bolan Islegiň Çaklamasyny Aşaklandyrdy