04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa Iş Sapary bilen Ugrady

2015-nji ýylyň 12-nji Mart agşam  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz şol ýerde BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşar. Bu maslahat Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçiriler.

Türkmen Lideriniň bütin dünýä forumyna gatnaşmagy ýurdumyzyň durmuşa geçirýän açyk we oňyn syýasatynyň esaslarynyň mizemezligini nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwrüň öňde durýan meselelerini çözmek boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bolsa şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Dünýäniň ähli künjeklerinden belli syýasatçylaryň we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşjak bu dünýä derejesindäki maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy milli Liderimize Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe iberdi.  Dostlukly ýurduň hökümet baştutany özüniň çakylyk hatynda uly tebigy betbagtçylyklardan soň, ilatly ýerleri dikeltmek boýunça tejribe we bilimleri alyşmak babatda öňümizdäki maslahatyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Ählumumy forumyň geçiriljek ýeri hökmünde hut şu şäheriň seçilip alynmagy tötänden däldir – birnäçe ýyl mundan ozal  Sendaý şäheri güýçli ýer titremesini başdan geçirdi, ýöne ejir çeken ýerleri dikeltmek üçin ähli çäreleri gördi.

Ýeri gelende aýtsak, hut tebigy betbagtçylyklaryň köp ýüze çykýan  ýeri bolan Ýaponiýa şu mesele boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän  birinji we ikinji Halkara maslahatlarynyň myhmanlaryny kabul etdi.  2005-nji ýylda ikinji maslahatyň çäklerinde dünýäniň 168 ýurdy tarapyndan hereket etmegiň on ýyllyk döwür üçin Hiog çarçuwaly maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnama soňky ýyllarda ýygy-ýygydan ýüze çykýan ýer titremeleriniň, suw joşmalarynyň, tupanlaryň we beýleki tebigy betbagtçylyklaryň netijesini  peseltmäge we olarda heläk bolýanlaryň sanyny, şeýle hem ykdysady we ekologiýa ýitgilerini azaltmaga gönükdirilendir. 

Diňe  2014-nji ýylyň dowamynda bütin dünýäde uly tebigy betbagtçylyklaryň 230-a golaýy hasaba alyndy. Olar  adamlaryň köpsanlysynyň ömür tanapyny kesdi, şeýle hem  250-300 milliard amerikan dollary möçberinde zyýan ýetirdi. Munuň özi köp döwletleriň durnukly ösüş  ýolunda uly kynçylyklary döretdi.  Şunuň bilen birlikde, adamzat töwekgelçiliklere gözegçilik etmek ulgamlaryny pugtalandyrmakda, olara taýýarlygy ýokarlandyrmakda we howplaryň öňüni almak ulgamlaryny kämilleşdirmekde uly üstünliklere eýe boldy we ählumumy abadançylygyň bähbidine tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge  taýýardyr.

Türkmenistan şu ýyllaryň dowamynda  dünýäde bolup geçýän wakalaryň ählisine işjeň gatnaşýan ýurtlaryň öň hatarynda bolmak we ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, bar bolan ekologýia meselelerini çözmäge hem-de ýüze çykyp biläýjek ekologiýa hadysalarynyň öňüni almaga täze çemeleşmeleri teklip edýär. Esasy düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň abraýly agentlikleri we edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän milli we sebit derejesindäki dürli taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň onlarçasy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, adamzadyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdini gözlemäge ýurdumyzyň gönüden-göni gatnaşmaga taýýardygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden, şol sanda 2012-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen “Rio+20”  Bütindünýä duşuşygynda, şeýle hem beýleki möhüm halkara ähmiýetli forumlarda öňe süren başlangyçlarynda öz aýdyň beýanyny tapdy.  Şol başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, Hazarýaka sebitiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge we Hazar deňziniň arassalygyny saklamaga gönükdirilen teklipler, şeýle hem täze ýöriteleşdirilen düzümi – BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek baradaky Sebitara merkezini döretmek hakyndaky teklip bar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  hökümetiň golaýda bolan mejlisinde belleýşi ýaly,  Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit  we halkara guramalarynyň  we düzümleriniň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürip, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşar.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň Sendaý şäherinde geçiriljek ýörite  maslahatyna gatnaşmagy ýurdumyzyň  tebigy betbagtçylyklaryň döretjek howpuny azaltmak, olaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça  ählumumy tagallalara işjeň goşulyşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Garaşylyşy ýaly, onuň netijeleri boýunça täze maksatnama kabul ediler. Bu maksatnama Hiog çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň oňyn tejribesine daýanyp, howanyň üýtgemeginiň täsirine uýgunlaşmak we  weýran edijilikli tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini azaltmak bilen baglanyşykly anyk hereketlere gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Ýaponiýa iş saparynyň we wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň çäklerinde  ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini  geçirmek göz öňünde tutulýar. Duşuşyklaryň barşynda geljekki ösüş bilen bagly meseleler  ara alnyp maslahatlaşylar.

Degişli makalalar

Hususy Kompaniýa Ilkinji Gezek Älem Giňişligine Adam Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

syrach