17.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.Ol ýerde ertir döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahatynyň mejlisine gatnaşar. 

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara aeroportunda milletiň Liderini welaýatyň ýaşululary duz-çörek bilen mähirli garşylaýarlar. Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyny we ýetip gelýän röwşen Gurban baýramyny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösmegi barada doga-dilegler edilýär. 

Döwlet Baştutany ýaşulular bilen söhbetdeş bolup, olaryň saglygy, hal-ahwaly bilen gyzyklandy. 

Hormatly ýaşulular milletiň Liderine Watanymyzyň abadançylygy, ähli türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy abadançylygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde täze üstünlikler arzuw etdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň jemgyýetçilik-syýasy ösüşinde halk häkimiýetliliginiň özboluşly edarasy bolup çykyş edýän Ýaşulular maslahatynyň möhüm ornuna ünsi çekip, öňde boljak umumymilli forumyň örän uly ähmiýetini aýratyn nygtady. Ol Maslahatda bolsa tutanýerli zähmetiň netijesinde durmuşa geçirilen işleriň jemi jemlener, ýurdumyzda demokratik özgertmeleri has-da tizleşdirmäge we çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berip, okgunly ösýän durmuş-ykdysady özgertmelere täze kuwwatly itergi berjek ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlener. 

Soňra bu ýerde howa menziliniň binasynyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada ajaýyp tanslar ýerine ýetirilýär we aýdym-sazlar ýaňlanýar, folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde halk tansy bolan küştdepdi baýramçylyk çykyşlarynyň iň tolgundyryjy pursadyna öwrüldi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty.

syrach

Suw Damjasy Altyn Dänesi Baýramçylyk Dabaralary Boldy

syrach

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar: 19.05.2020-15.06.2020