14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Abdul Maligi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim.

Jenap Abdul Maligiň ýokary adamçylyk häsiýetleri onuň özüne ynanylan ýokary jogapkärçilikli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna laýyklykda ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda ony mähirli kabul etmegňizi we onuň Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan aýtjak zatlaryna, aýratyn-da meniň Siziň Alyhezretiňize  uly hormat goýýandygym, Türkmenistana tüýs ýürekden dostluk we abadançylyk arzuw edýändigim baradaky sözleri ýetirende, oňa  doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin. 

Dostluk arzuwlary bilen, 
Mamnun Huseýn, 
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti 

Degişli makalalar

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan Gaz Geçirijisiniň Konsorsiumynyň Öňbaşçysy Kesgitlenildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň gelin-gyzlaryny

syrach

Berdimuhamedow Türkiýäniñ metbugat işgärleriniñ

syrach