04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Kabus Bin Said,
Omanyň Soltany:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident,

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy iberýändigime örän şatdyryn.

Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş,  şeýle hem tutuş musulman ymmatyna Beýik Biribardan rowaçlyk dileg edýärin.  

 

*** 



Iýad Amin Madani, 
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary: 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident, 

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adyndan, onuň institutlarynyň işgärleriniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraz aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr. 

Beýik Biribardan Size Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, şeýle hem tutuş musulman ymmatyna parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy dileg edýärin. 

Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. 

***  

Islam Karimow, 

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti:


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Siziň Alyhezretiňiz hormatly jenap Prezident! 


Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýärin.  


Biziň dostlukly halklarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. 


Pursatdan peýdalanyp, Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş dileg edýärin.

*** 

Abdullah II, Iordaniýanyň Patyşasy:


Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Iordan Haşemit Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen Size mähirli gutlaglarymy ýollaýaryn.


Meniň Size berk jan saglyk, bagt, türkmen halkyna bolsa abadançylyky we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy kabul ediň.


*** 


Mohammad Abdul Hamid,

Bangladeş Halk Respublikasynyň

Prezidenti:


Onuň Alyhezreti

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy iberýärin.


Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin. 

Degişli makalalar

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ýangyç-Energetika Toplumynyň Gazananlary we Geljegi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Degişli Permanlara we Kararlara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Prezidentimiziň Yslamabada Sapary Tamamlandy

syrach