16.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyza has oňaýly şertleri döretmek we gowy hilli hyzmat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde 8 sany 400 orunlyk hem-de 11 sany 240 orunlyk köp gatly awtoduralgalaryň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we köp gatly awtoduralgalary 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

syrach

Ýörüte Ýer Gaznasynyň Hasabyna Daşoguz Welaýatynda Kartoşka Ekiljek Meýdanlaryň Çägi Giňeldildi

turkmenhabargullugy

Demokratik Özgertmeler Ýoly Bilen

syrach