16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň çäklerine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

Karar 2015-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan güýje girýär.     

 

*** 


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda 2015-nji ýylyň 8-28-nji sentýabry aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 188 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin “Boing-757” uçarynyň ýörite gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy. 

***  

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek hem-de 2015-nji ýylda Aşgabat şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitete, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 13-17-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


***


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Wagtlaýyn Administrasiýasynyň arasynda Elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2002-nji ýylyň 7-nji martynda baglaşylan Ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrligine Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalyk ministrliginiň arasynda 2002-nji ýylyň 7-nji martynda baglaşylan şertnamalaryň möhletlerini 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Degişli makalalar

Daşoguzly Şalyçylar Ýyllyk Tabşyrygy Artygy Bilen Amal Etdiler

Prezidentimiz Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Prezidentimiz Kubanyň hökümetiniň baştutany bilen duşuşdy.

syrach