16.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

2015-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň,döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. Ortaça zähmet haklarynyň möçberi 10 göterim köpeldi.

Permana laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlanar.

Degişli makalalar

Tomaşaçylaryň 45 Müňüsine Niýetlenen Stadion Olimpiýa Şäherçesiniň Esasy Binalaryyň Biridir

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

turkmenhabargullugy

«Altyn Asyr» «Köpetdagdan» Üstün Çykdy, «Ahal» «Şagadamdan»