20.9 C
Aşkabat
26.04.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň britan tarapyndan başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň britan tarapyndan başlygy Ronald Neşi kabul etdi. Ol Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilçilikli delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, jenap Ronald Neş Türkmenistanyň Prezidentine Onuň Alyhezreti Şazada Endrýunyň iň gowy arzuwlaryny gowşurdy, ol eýýäm Aşgabada birnäçe gezek gelip gördi. Öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, myhman Beýik Britaniýa Türkmenistany geljegi uly we işewür hyzmatdaş hasaplaýar, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen delegasiýanyň düzümi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip belledi. Şol delegasiýanyň düzümine «Shell», «Gaffney, Cline & Associates», «De La Rue», «Rolls-Royce», «WYG International», «Worley Parsons», «BSP International Foundation Ltd.», «British Petroleum», «JCB» ýaly belli kompaniýalaryň we beýlekileriň ýolbaşçylary girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen salamlaşyp, öz gezeginde Türkmenistan hem Beýik Britaniýa bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini belledi. Beýik Britaniýa biziň ýurdumyzyň konstruktiw, özara bähbitli esasda uzakmöhletleýin, iri hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýeti özgertmegi hem-de dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulmagy, ylmy-tehniki progressiň öňdebaryjy gazananlaryny we nou-haulary ornaşdyrmagy ileri tutýan Türkmenistanyň şol hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, döwlet Baştutany şunda dünýäniň öňdebaryjy, hususan-da, bilelikde işläp, uly tejribe toplanan britan kompaniýalary bilen gatnaşyklary berkitmäge uly ähmiýet berilýär diýip belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň şu güne meýilleşdirilen mejlisi babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Mejlisiň gün tertibine netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň bir topary girizildi.

Ileri tutulýan pudaklaryň birnäçesiniň ugry boýunça söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Ronald Neş şeýle hem häzirki zaman innowasion tehnologiýalar ulgamynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýetini bellediler. Şol tehnologiýalaryň iş ýüzünde ulanylmagy ykdysady ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan iri energetika döwleti bolmak bilen we nebitgaz pudagynyň önümçilik infrastrukturasyny doly döwrebaplaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça strategiýasyny amala aşyrmak bilen ägirt uly mümkinçiliklere hem-de bu ulgamda täze iri taslamalary amala aşyrmak üçin zerur bolan serişdelere eýedir we daşary ýurtly, şol sanda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyr.

Türkmenistanyň ýöredýän energetika syýasatyny goldaýandygyny aýdyp, myhman türkmen Lideriniň global energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren we BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigini belledi. Şonda jenap Ronald Neş esasy britan kompaniýalarynyň geljegi uly bolan, çalt depginlerde ösýän türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge we bilelikdäki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga ymtylýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda milletiň Lideri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täsirli guraly boljak Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň birinji mejlisine gatnaşyjylara üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutany bu geňeşiň mejlislerini her 6 aýdan Aşgabatda we Beýik Britaniýanyň Birleşen Korollygynda hem-de Demirgazyk Irlandiýada geçirmek baradaky pikiri goldady.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hoşlaşanlarynda döwrüň talaplaryna we özara bähbitlere gabat gelýän iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kit Renni Allan gatnaşdy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Daşary Ykdysady Işiň Möhüm Wezipeleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Türkmenistanyň Şähergurluşyk Maksatnamasynyň Gerimi-Halkyň Bähbidine