14.9 C
Aşkabat
20.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen sportuny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky gyşky oýunlar sport toplumyna bardy. Ol ýerde köpçülikleýin sport hereketini, şol sanda hokkeý oýnuny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Bu maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň düzüminde “Bürgüt”, “Şir’, “Alp Arslan” we “Oguz han” hokkeý toparlary döredilen ulgamlara gözegçilik edýän orunbasarlary, şeýle hem ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky Döwlet komitetiniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Mälim bolşy ýaly, gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ilkinji täze hokkeý toparlary döredilip, olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşik yglan edildi. Şonda milli Liderimiz Kuboga mynasyp bolan toparyň dünýäniň belli hokkeý toparlarynyň biriniň stadionynda türgenleşik geçmäge iberiljekdigini aýdypdy. Şeýlelikde, ýurdumyzda yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde hokkeý toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikleriň jemleýji final oýnunda “Bürgüt” we “Şir” toparlary bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt” topary ýaryşyň baş baýragyna mynasyp boldy. Hokkeý ýaryşy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirildi.

Maslahatyň barşynda uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň üstünlikli tamamlanandygy bellenildi we onuň dowamynda ýurdumyzda birnäçe şanly wakalaryň bolup geçendigi aýdyldy. Döwlet Baştutunymyz milli ykdysadyýetimiziň başga-da birnäçe pudaklarynda hokkeý toparlarynyň döredilmegi, olaryň zerur enjamlar bilen üpjün edilmegi we toparlaryň netijeli oýunlaryň ýola goýulmagy ugrunda degişli ýolbaşçylara ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz olimpiýa oýunlarynda we beýleki abraýly halkara ýaryşlarynda, ýurdumyzyň çäginde geçirilýän bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri, olaryň tälimçilerini we beýleki hünärmenleri maddy taýdan höweslendirmegiň netijeli ulgamyny döretmäge, ýokary derejeli ussat tälimçilere we türgenlere sport bilen şertnamalaýyn esasda meşgullanmaga mümkinçilik berýän düzgünnamalaryň işlenip taýýarlanmalydygyny belledi.

Şeýle hem şu günki maslahata gatnaşýan Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mülikow ýurdumyzyň içeri işler ministrliginiň hem hokkeý toparynyň döredilendigi hakynda döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda sportuň täze görnüşi bolan hokkeýi ösdürmek babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigi, toparlaryň göwnejaý türgenleşik geçmekleri hem-de bäsleşiklere ýokary derejede taýýarlyk görmekleri üçin döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem täze döredilen her bir hokkeý toparynyň sportuň beýleki görnüşindäki toparlarda bolşy ýaly, özboluşly nyşanynyň we beýleki toparlaryňkydan tapawutly bezegi bolan lybasynyň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygy barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de watandaşlarymyza, ozaly bilen bolsa ýaşlara şahsy görelde görkezýän döwlet Baştutanymyz ynsan saglygy we onuň abadançylygy hakynda edilýän aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda şu ýylyň 4-7-nji apreli aralygynda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça geçirilen ýaryşda birinji orny eýelän Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt” toparynyň 20 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanýandygyny hem-de bu hokkeý toparynyň “Ak bars” hokkeý klubynyň çagalar mekdebiniň (Kazan şäheri) binýadynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin 2012-nji ýylyň 20-nji apreli-5-nji maýy aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine ibermek baradaky Buýruga gol çekýändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygananlaryň el çarpyşmalary astynda toparyň tälimçisi S.Durdyýewe toparyň mynasyp bolan baýragyny gowşurdy.

Hokkeýçiler toparynyň tälimçisi sportuň bu görnüşiniň belent netijeleri eýelemegi, türkmen türgenleriniň göwnejaý çykyş etmegi we doly derejede taýýarlyk görmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtap, gowşurylan ýokary sylag üçin hormatly Prezidentimize toparyň ähli hokkeýçileriniň adyndan sag bolsun aýtdy. Şeýle hem tälimçi öz öňlerinde goýlan möhüm wezpelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda ähli yhlaslaryny, tejribelerini gaýgyrman belent ýeňişlerini gazanjakdyklaryny belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu günki iş maslahatynyň jemini jemläp, döwletimiziň sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmek babatda yzygiderli alada etjekdigini, munuň üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigini we alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçiligiň alnyp baryljakdygyny belläp, maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden 

referasns:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Awtomobil we Welosiped Ýaryşlary

syrach

Ýaşlar Futbol Meýdanynda

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň birinji raketkasy finala çykdy

syrach