23.4 C
Aşkabat
24.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiriniň, pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde Ylymlar gününe görülýän taýýarlyk, sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmegiň barşy, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde körpeleriň wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň döredilendigi barada aýdyldy.

Şeýle hem  häkim welaýatyň etraplarynda galla oragyny öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama, oraga gatnaşyjylara tehniki we medeni hyzmatlar barada aýratyn durup geçdi. Soňra ol welaýatda pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň  ýerine ýetirilendigini habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine häkimiň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, ulanylýan tehnikalaryň we kombaýnlaryň bökdençsiz işini ýola goýmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz galla oragy mahalynda işleýänler üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz obalary özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagynyň möhüm wezipedigini aýratyn belledi hem-de bu babatda görülýän çärelere toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. 

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çagyryldy. Häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli taýýarlanylan meýilnama,  welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, gurulýan desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Häkim galla oragyny guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek babatda ähli zerur çäreleriň görlendigini aýdyp, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmek üçin ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy, bar bolan ähli ammarlaryň we däne saklanylýan beýleki desgalaryň galla hasylyny bökdençsiz kabul edýändigi barada habar berdi. Hasabatyň barşynda Balkan welaýatynyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnama üstünlikli hötde gelendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Mundan başga-da, ol şu ýyl Balkan welaýatynda geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýratyn durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän  agrotehniki çärelerе, ilkinji nobatda bolsa, galla oragynyň öz wagtynda hem-de ýitgisiz tamamlanmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp,  welaýatda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň  örän guramaçylykly geçirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz galla oragy mahalynda oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde  ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň hem-de welaýatyň ykdysadyýetini pugtalandyrmagyň ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda durýandygyny aýdyp, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak we ýokary hilini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan şanly senelere göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.  

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ekerançylar üçin  örän jogapkärli döwür bolan gowaçalara edilýän ideg işlerini guramaçylykly geçirmek, galla oragyna taýýarlyk görmek babatda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi. 

Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.  Mundan başga-da, ol çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýörite iş maksatnamasynyň düüzlendigini aýtdy. Welaýatda pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetrilendigi baradaky hoş habar hasabatyň jemini jemledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pagtaçy kärendeçiler üçin zerur şertleriň üpjün edilmegi, şeýle hem galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk  görmegi  gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz dürli maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy  we olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagy üçin zerur çäreleri görmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle  hem döwlet Baştutanymyz milli baýramçylyklara taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçdi we häkime degişli tabşyklary berdi.   

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz gezeginde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ylymlar gününi ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen işlenip düzülen meýilnama, obasenagat toplumynda hem-de maldarçylyk hojalyklarynda işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gowaçalara we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

Mundan başga-da, ol welaýatyň etraplarynda galla oragynyň barşy, möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde tamamlamak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Soňra häkim şu ýyll Lebap welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk çäreleri hem-de baýramçylyk dabaralary mynasybetli işlenip taýýarlanan medeni maksatnama hakynda habar berdi.  Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde bar bolan  dynç alyş merkezleriniň işi barada durup geçdi. Häkim welaýatda pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini habar berdi.
 
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, orak möwsümini guramaçylykly geçirmek, ulanylýan tehnikalaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly ähli çäreleri berk gözekgçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen bir hatarda, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny şertlendirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime welaýatda gurulýan desgalaryň, aýratyn-da, durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz durmuşynda möhüm waka bolan Medeniýet hepdeligine hemmetaraplaýyn göwnejaý taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna häkimiň ünsüni çekdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri we galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. 

Häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde öňde boljak Ylymlar gününiň welaýatda giňden we dabaraly ýagdaýda belleniljekdigi aýdyldy. Şeýle hem ol welaýatyň dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtyny peýdaly hem-de şadyýan geçirmegi ugrunda ähli zerur şertleriň üpjün edilendigini habar berdi.  Haasbatyň barşynda welaýatyň pileçileriniň şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigi barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, olaryň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň baş şertidigini nygtady. Milli Liderimiz örän jogapkärli möwsüm hasaplanýan galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.  

Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsümine we geçirilmegi meýilleşdirilen beýleki çärelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.  

Öz nobatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, şol sanda  paýtagtymyzyň etraplarynda arassaçylyk işlerini yzygiderli ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. 
Şeýle hem ol paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek, şäheriň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze desgalary gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işler barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz şäher gulluklarynyň sazlaşykly işlerini üpjün etmek, abadanlaşdyryş, şäher gurşawynyň ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Paýtagtymyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak,  arassaçylyk işlerini ýola goýmak boýunça   ýaýbaňlandyrylan çäreleri örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdüriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, önüm öndürýänler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda  geçirmek boýunça döwlet Bşatutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda kämil bank-maliýe hasaplaşyklaryny guramagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdüriýetiniň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz önüm öndürýänler, aýratyn-da, gallaçylar we ýüpekçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň  öz wagtynda geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda ýurdumyzyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleriniň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny aýratyn nygtady. 

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowy çagyrdy. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň pileçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady.  Şunda, döwletimize 2 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pile tabşyryldy. 

Milli Liderimiz iş maslahatynyň barşynda senagat önümçiliginde möhüm çig mal hasaplanylýan piläni öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmeginiň guwançlydygyny belläp, wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşýan wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýerlerde ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleriň gazanylmagynyň zerurdygyny nygtady. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, bu pudagy ösdürmekde ýüpek önümçiligine aýratyn orun degişlidir, şunda, pudagyň işgärleriniň, pileçileriň hem-de ýüpekçileriň netijeli işi ugrunda ählii  zerur şertler döredilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz bu pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, munuň ýurdumyzda piläniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmaga, ýüpekçilik pudagyny ösdürmäge, şeýle hem ilatymyz üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl edermen pileçilerimiz yhlasly zähmet çekip, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler we 2 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pile taýýarlamagy başardylar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Munuň özi halkymyzyň gadymy hünärleriniň biri bolan ýüpekçiligiň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini, ösdürilýändigini alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň barşynda iş maslahatyna gatnaşyjylary, tutuş türkmen halkyny, ýüpekçilik pudagynyň ähli işgärlerini pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri bilen gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, pudagy ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda  hormatly Prezidentimiz Gürbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.  

Degişli makalalar

Türkmen Howa Ýollarynyň ösüşi.

syrach

Yabancıların İkamet İzini İşlemlerinin Yürütülmesine Dair Yetkili Aracı Kurumlar Yönetmeliği Resmi Gazetede Yayınlandı

turkmenhabargullugy

HATYRA gunu mynasibetli çakylyk

syrach