04.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara bäsleşik.

Şunuň ýaly abraýly ýaryşlar barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşlaryň taryhynda dünýäniň 20 döwletinden 80 topar gatnaşdy. Olaryň hatarynda Russiýa, Ukraina, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Hytaý, Bahreýn, Taýland, Ermenistan, Belarus, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Latwiýa, Litwa, Moldowa, Özbegistan, Täjigistan, Estoniýa, Eýran ýaly ýurtlar bar. Şeýle hem bu ýaryşlara Türkmenistanyň toparlary hem gatnaşdylar. 

Ýaryşyň baş baýragyna 17 ýylda diňe üç gezek daşary ýurtlaryň toparlary eýe boldy. 1998-nji ýylda bu Kuboga Tähranyň «Isteglal», 2002-nji ýylda Gruziýanyň Kutaisi şäheriniň «Torpedo», 2006-njy ýylda Moldowanyň paýtagtynyň «Daçiýa» toparlary mynasyp boldular. Aşgabadyň «Nisa» topary Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky (1999, 2003,2004 we 2005-nji ýyllarda) bäsleşiklerde dört gezek ýeňiji boldy. 

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary ýaryşyň baş baýragyna 2007,2008 we 2009-njy ýyllarda mynasyp bolmagy başardy. Bu ýaryşlarda paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary 1995 we 2001-nji ýyllarda baş baýragy eýeledi. Türkmenistanyň ýygyndy klublar topary hem bu baýraga 1996 we 1997-nji ýyllarda mynasyp boldy. Şeýle hem Aşgabadyň ýygyndysy Türkmenistanyň Kubogyny 2000-nji ýylda almagy başardy. 

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda bu ýaryş täze görnüşde geçirilýär. Bu abraýly baýrak ugrundaky bäsleşiklere şu ýyl ilkinji gezek ýetginjekler toparynyň 9-sy gatnaşýar. Olar ýaryşyň deslapky tapgyrynda iki topara bölündiler. «A» toparda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Ermenistanyň toparlary bar. «B» toparda bolsa Ukrainanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Belarusuň toparlary çykyş eder. Birinji toparyň ýaryşlary «Aşgabat» stadionynda, ikinji toparyňky bolsa «Köpetdag» stadionynda geçiriler. 

Her topadan ýeňiji bolan iki komanda ýarym finala çykarlar. Olaryň ýeňijileri final oýunlarynda baş baýrak ugrunda bäsleşerler, utulan toparlar bolsa bäsleşigiň bürünç baýragy ugrunda oýnarlar. 

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ýaryşyň baýrak gaznasy ABŞ-nyň 35 müň dollarydyr. Ýaryşda birinji orna düşen topar Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyna mynasyp bolar we oňa ABŞ-nyň 20 müň dollary gowşurylar. Ikinji orna düşen topara 10 müň, üçünji ýeri eýelän topara bolsa 5 müň dollar gowşurylar. 

Oýunlaryň tertibi 
20-nji sentýabr 
«Aşgabat» stadiony 

15.00 Ermenistan-Gyrgyzystan 
18.00 Russiýa-Gazagystan 

21-nji sentýabr 
«Köpetdag» stadiony 

10.00 Ukraina-Täjigistan 
16.00 Özbegistan-Belarus 

«Aşgabat» stadiony 

15.00 Gazagystan-Ermenistan 
17.00 Ýaryşyň açylyş dabarasy 
18.00 Türkmenistan-Gyrgyzystan 

22-nji sentýabr 
«Aşgabat» stadiony 

15.00 Gyrgyzystan-Russiýa 
18.00 Ermenistan-Türkmenistan 

23-nji sentýabr 
«Köpetdag» stadiony 

10.00 Täjigistan-Özbegistan 
16.00 Belarus-Ukraina 

24-nji sentýabr 
«Aşgabat» stadiony 

15.00 Russiýa-Ermenistan 
18.00 Türkmenistan-Gazagystan 

25-nji sentýabr 
«Köpetdag» stadiony 

10.00 Özbegistan-Ukraina 
16.00 Belarus-Täjigistan 

«Aşgabat» stadiony 

15.00 Gyrgyzystan-Gazagystan 
18.00 Russiýa-Türkmenistan 

27-nji sentýabr 
Ýarym final oýunlary 
«Aşgabat» stadiony 

15.00 «A» toparyň ýeňijisi—»B» toparyň ikinji komandasy 
18.00 «B» toparyň ýeňijisi—»A» toparyň ikinji komandasy 

28-nji sentýabr 
5-8-nji orunlar üçin degişli bäsleşikler 
«Aşgabat» stadiony 

15.00 «A» toparyň dördünji komandasy—»B» toparyň dördünji komandasy 
18.00 «B» toparyň üçünji komandasy —«A» toparyň üçünji komandasy 

29-njy sentýabr 
«Aşgabat» stadiony 

10.00 Üçünji orun ugrundaky bäsleşik 

18.00 Final bäsleşigi

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Türkmen Türgeni Bürünç Medala Eýe Boldy

Berk Bedenli, Belent Ruhly

turkmenhabargullugy

Hormatly Wagyz Nesihat Çäresine Gatnaşyjylar!

turkmenhabargullugy