29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täze Kitaplary Neşire Taýýarlanýar

Ýurdumyzyň durmuşynda boljak şanly seneleriň öň ýanynda bize ilkinji gezek çapdan çykjak aýratyn neşirler hem garaşýar. Bular, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan täze kitaplardyr.

Möhüm döwlet işlerine we aladalaryna, wakalara, saparlara we ýokary derejedäki duşuşyklara baý bolan iş tertibinde döwlet Baştutanymyzyň dürli sport çäreleri, saz ýa-da döredijilik we ylmy iş bilen hem meşgullanmaga wagt tapýandygy, hakyky alymyň maksadaokgunlylygy bilen köpsanly taryhy çeşmeleri, arhiw materiallaryny we ol ýa-da beýleki mesele boýunça dürli maglumatlary çuňňur öwrenýändigi      hemmämize mälimdir. Milli Liderimiziň döreden “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, türkmenleriň haly sungaty baradaky “Janly rowaýat” eserleri, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli eseri, şeýle hem dünýäniň köp dillerine terjime edilen beýleki neşirleri bu tutanýerli we ýadawsyz zähmetiň aýdyň netijesidir. 

Milletimiziň baý ruhy, döredijilik we pähim-paýhas mirasy, medeni gymmatlygy, mähriban tebigatymyzyň gözelligi we bereketi, halk pähimi milli Liderimiziň edebiýat işinde ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. 

Ine, bu günem döwlet Baştutanymyz täze kitaplaryň üstünde işlemegini dowam etdi. Hormatly Prezidentimiziň agtygynyň tomusky dynç alyş möwsüminde atasynyň ýanynda bolup, peder nesihatlaryny diňlemegi, ondan köp zatlary öwrenmegi agtyk üçin has ähmiýetli boldy. Şeýle hem ol  atasyna dutarda täze öwrenen sazlaryndan çalyp berdi. 

Türkmen medeniýetine bagyşlanan täze kitabyň üstünde işlemek tamamlanan wagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygynyň öwrenen hem-de ajaýyp ýerine ýetiren sazlaryny diňläp, ýaş sazandanyň ussatlygyna buýsandy. 

Milli Liderimiziň täze kitaplarynyň biri — “Türkmen medeniýeti” milletiň köp müňýyllyk medeni mirasy hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri hakyndaky oý-pikirleri görnüşinde beýan edilýär. 

Täze kitabyň Türkmenistanda 27-nji iýunda bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanylyp neşir edilmegine garaşylýar. Şeýle hem bu senä gabatlanylyp, milli Liderimiziň “Ile döwlet geler bolsa” diýlip atlandyrylýan ýene-de bir täze kitaby çap ediler. 

Döwlet Baştutanymyzyň ýene-de bir kitaby giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Onuň üstünde işlenilmegi hem tamamlaýjy tapgyra gadam basýar. Ol ýurdumyzyň şu ýylyň dekabrynda giňden we dabaraly bellemäge taýýarlanýan türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllyk tejribesine bagyşlanýar.  

Şu günler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ösümlik dünýäsiniň melhemlik güýjüne bagyşlanan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ägirt uly ylmy işiniň nobatdaky 7-nji kitabyny tamamlamagyň üstünde hem işleýär. 

Bu ensiklopediki işiň neşir edilen 6 kitaby daşary ýurtlarda, ilkinji nobatda, ylmy toparlarda giň meşhurlyga hem-de ýokary ykrarnama eýe boldy. Biziň ýurdumyzda bolsa ol diňe bir giň okyjylar köpçüliginiň arasynda iň meşhur neşirleriň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli lukmançylyk ugurlarynyň hünärmenleri, ilkinji nobatda, farmasewtler üçin ajaýyp gollanma öwrüldi. 

Bu neşiriň 7-nji kitabynyň çap edilmegi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolar. Bu senelere bagyşlanyp ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň möçberli dabaralar hem-de çäreler geçiriler. 

Ata-babalarymyzyň tejribesi hem-de häzirki zaman tehnologiýalary – bu ýörelge “Saglyk” döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmegiň esasyna goýuldy. Türkmenistanyň derman senagatynyň öndürýän önümleriniň hatarynda dünýä derejesinde mynasyp bäsleşmäge ukyply ýokary hilli derman serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşi bar. 

Olaryň onlarça görnüşi bolsa ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan ýerli dermanlyk otlardan, melhemlik ösümlikleriň köklerinden we miwelerinden ybaratdyr. Milli Liderimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde bu sanawyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Ýurdumyzyň derman öndürijileri döwlet Baştutanymyzyň kitabyndaky maglumatlary özleşdirmek bilen, mähriban Diýarymyzda ösýän ösümliklerden täze derman serişdelerini işläp taýýarlaýarlar we şeýlelikde, dermanlaryň görnüşlerini hem-de öndürilýän möçberlerini artdyrýarlar. 

Döwlet Baştutanymyzyň her bir kitabynda okyjy ruhlandyryjy pikiri hem-de güýji tapyp biler, çünki olar gaýduwsyz watançy, hakyky alym we özgerdiji syýasatçy tarapyndan ýazylandyr. Olarda mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgi, Diýarymyzyň ajaýyp we beýik geljegine bolan berk ynam äşgär duýulýar. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň Täze Binasyny Açdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal Welaýatyna Iş Sapary

turkmenhabargullugy