16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Partiýasy

«Zemin» hyzmat ediş toplumynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Partiýasynyň (TSTP) Balkan welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenbaşy şäheriniň kiçi we orta telekeçilik wekilleriniň ýygnagy geçirildi. Gün tertibine ykdysadyýetiň hususy böleginiň şäherdäki kärhanalarynda ilkinji partiýa guramalaryny döretmek, täze döredilen guramalarda olaryň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hem-de partiýanyň täze agzalaryny saýlamak ýaly meseleler girizildi. 

Partiýanyň Ustawyna laýyklykda geçirilen ýygnagyň jemleri boýunça «Tohtaniýaz», «Gyzgyn çörek» kärhanalarynda, «Zemin» hyzmat ediş toplumynda we «Adamat» söwda merkezinde ilkinji partiýa guramalary döredildi. Täze döredilen partiýa guramalarynda işjeň, işewürler toparlarynda we telekeçiler jemgyýetinde abraýdan peýdalanýanlar ýolbaşçy düzümine saýlanyldy. 

Partiýa hataryna kabul etmek dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Degişli makalalar

Microsoft Kompaniýasy – Ýokary Tehnologiýalar Bazaryny Ösdürmekde Türkmenistanyň Hyzmatdaşy

Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet Günleri

syrach

Ýurdumyzyň Baş Arçasy Dürli Öwüşginli Yşyklara Beslendi