18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Baýdagy we Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kitaby Halkara Kosmos Stansiýasynda

Russiýaly kosmonawt, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany we Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň eýesi, Türkmenistanda doglan, häzirki döwürde Halkara kosmos stansiýasyndaky missiýa ýolbaşçylyk edýän Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gutlag iberdi.

Milli Liderimizi we ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlap, kosmonawt Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny goýmagy özi üçin uly hormat saýýandygyny aýtdy. Ol bu kitaby we baýdagy 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda başlan HKS-iň nobatdaky missiýasyna öz ýany bilen almagyny mähriban Watanyna, milli Liderimiziň alyp barýan döredijilik we ählumumy ösüş syýasatyna goýýan hormatynyň nyşanydygyny nygtady.

Şeýle hem kosmonawt doglan we önüp-ösen ýurduna aýratyn gadyr goýýandygyna we onuň gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny belledi.

Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, bu kitabyň ýurdumyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda gazanýan üstünlikleriniň kosmiki giňişlikde ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny alamatlandyrýandygyny nygtady.

Watandaşymyz Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal badalga berlen kosmiki maksatnamasynyň öz ösüşini dowam etjekdigine we beýleki watandaşlarymyzyň hem ýurdumyzy şöhratlandyryp, kosmonawtlar hatarynyň üstüni ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

21-nji mart Nowruz güni.

syrach

Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň Döwlete Dahylsyz Ulgamy: Innowasiýalara Tarap Ugur

turkmenhabargullugy

Warşawada Türkmenistan Bilen ÝHHG/DIAHBE-niň Arasyndaky Hyzmatdaşlygy Ýygjamlaşdyrmak Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy