35.9 C
Aşkabat
31.07.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň DIM-de Ýewropa Bileleşiginiň Ýurdumyzdaky Ilçisi Bilen Duşuşyk Geçirildi

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllardaky oňyn ösüşini bellediler. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy babatda, şeýle-de energetika ulgamdaky we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň maksatlary we wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. DIM

Degişli makalalar

Arkadagyň Köňül Sahawaty

Birleşen Hereketlendiriji Gurluşyk Korporasiýasy Energetika Boýunça Iň Täze Güýç Desgalaryny Türkmenistana Getirer

turkmenhabargullugy

2018 Yılı Türkmenistan’da «Türkmenistan Büyük İpek Yolu’nun Kalbi» Yılı Olarak İlan Edildi