35.9 C
Aşkabat
31.07.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Halkara Sport Kongresine Gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Halkara Sport Kongresine Gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Iş saparynyň barşynda Döwlet Baştutanymyz “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresine gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, şeýle hem özara peýdaly sebitara, halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan ulag-aragatnaşyk düzüminiň döwrebap köpşahaly ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berildi.

Degişli makalalar

Beýik Magtymgulynyň Ýadygärliginiň Hormatyna

Prezidentimiz Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Türkmenistan-BMG: Söwda we Ösüş Ulgamynda Bilelikdäki Taslama