22 C
Aşkabat
19.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Ýurdumyzyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi;

Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi; 

Oba hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezini dolmakdan boşadylýan taraplaryň sanawy tassyklanyldy. 

*** 

Ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen geçirilýän hasaplaşyklary has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň we gant şugundyrynyň önümçiligini maliýeleşdirmegiň we önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasyny”  durmuşa geçirmek, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge giňden taýýarlyk görmek hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda halkara synag ýaryşlaryny geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine sportuň degişli görnüşleri boýunça halkara federasiýalary bilen bilelikde 2016-njy ýylda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda halkara synag ýaryşlaryny geçirmäge ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşyp, halkara synag ýaryşlaryny geçirmek baradaky guramaçylyk toparynyň düzümini, sportuň degişli görnüşleri boýunça halkara federasiýalary bilen ylalaşyp, halkara synag ýaryşlaryny geçirmek baradaky düzgüni namalary tassyklamak tabşyryldy. 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet halkara synag ýaryşlaryna daşary ýurtly gatnaşyjylara dilmaçlyk hyzmatyny etmek üçin, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplary meýletinçiler hökmünde çekmegi üpjün etmäge borçly edildi. 

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň görnüşleri boýunça ýurdumyzyň türgenleriniň hem-de V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak daşary ýurt döwletlerniň türgenleriniň okuw türgenleşiklerini geçirmegi guramak tabşyryldy.

*** 

“Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky”  Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, şeýle hem temmäki önümlerini Türkmenistana getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, temmäki önümlerini bellenen tertipde Türkmenistanyň çägine getirmäge, iň pes bölek satuw bahalaryny bellemäge, garamagyndaky edara görnüşli taraplaryň üsti bilen lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berildi. 

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna özygtyýarlyklarynyň çäklerinde Kararda görkezilen edaralardan beýleki edara görnüşli we şahsy taraplar tarapyndan temmäki önümleriniň (şahsy zerurlyklar üçin niýetlenip bellenen tertipde getirilýän we Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilýän temmäki önümleri muňa girmeýär)  Türkmenistanyň çägine getirilmezligine hem-de lomaý we bölek söwdalarynyň amala aşyrylmazlygyna gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy. 

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi. 

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda çykaran 14570-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine, ilatyň durmuş we hukuk taýdan goraglylygynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara ynsanperwer hukugy bilen baglanyşykly adam söwdasyna garşy göreş babatda döwlet edaralarynyň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we halkara guramalarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň ministrliklerine, pudak edaralaryna, ýerli häkimiýet edaralaryna hem-de jemgyýetçilik guramalaryna Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.                                       

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň  üstünlikli durmuşa geçirilmegini we adam söwdasyna garşy göreş babatda halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini utgaşykly alyp barmak Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi. 

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 6947  belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň goranmak ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda, dabaraly ýagdaýda geçirmek, söwesjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.   

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinden demir ýol ulaglary bilen üstaşyr geçirilýän ýükleriň mukdaryny artdyrmak, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň halkara gatnawlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Serhetýaka-Akýaýla ��”Serhetýaka demir ýol ugurlary boýunça Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilýän ýükleriň ähli görnüşi üçin halkara nyrhlarynyň 50 göterimine çenli ýeňillikleri ulanmaga ygtyýar berildi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanda Sagdyn Nesil Kemala Gelýär

Balkanabadyň Ilaty Ýylboýy Gök Önümler Bilen Üpjün Ediler

Prezidentimiz Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach