25.9 C
Aşkabat
02.08.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Daşary Ýurt Döwletlerine Gitmek we Türkmenistana Gelmek Baradaky Hukuklary Hakynda)

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Daşary Ýurt Döwletlerine Gitmek we Türkmenistana Gelmek Baradaky Hukuklary Hakynda)

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletlerine gitmek we Türkmenistana gelmek baradaky hukuklarynyň döwlet tarapyndan goragyny kepillendirmek, biometriki maglumatly pasportlaryň eýeleriniň halkara gatnawlary üçin açyk bolan gözegçilik-geçiriş bölümlerindäki pasport barlagyndan geçişlerini ýeňilleşdirmek, şeýle hem şol pasportlaryň hakykylygyna güwä geçmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna
Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasyna Türkmenistanyň goşulmagy bilen bagly işleriň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy hökmünde bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Raýatlygy

turkmenhabargullugy

Türkmenistan – Gazagystan; Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar.

syrach

Iýmit Önümlerini Seljermek Boýunça Türkmenistanyň Barlaghanalarynyň Ygtybarly Işleri Halkara Derejesinde Ykrar Edildi