18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň taslamalaryny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Täze jaý” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany, eltiji awtomobil ýoluny degişli ýöriteleşdirilen awtoulag serişdelerini satyn alyp bermek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2016-njy ýylyň noýabr aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar etmek tabşyryldy.

***

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň merkezi edarasynyň gurluşy; “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna
garamagyndaky “Hökümet awiasiýasy” kärhanasyny bellenen tertipde “Hökümet awiasiýa topary” diýip atlandyrmak, onuň Tertipnamasyny we Gözükdirijisini işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

“Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we ätiýaçlandyrýanlary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň çäklerinde awtomobil ulag serişdeleri dolandyrylýan mahaly üçünji taraplaryň bähbitlerini (ömrüni, saglygyny we emlägini) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligiň gullugyna we awtomobil ulag serişdelerini bellige almagy amala aşyrýan beýleki döwlet edaralaryna awtomobil ulag serişdeleri bellige alnanda, bellige alnyşa üýtgetme girizilende we tehniki gözegçilikden geçirilende awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasyny baglaşmagyna gözgeçilik etmek tabşyryldy.

Şeýle hem resminama bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň Adabal ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny, şeýle hem berkarar döwletimizde amala aşyrylýan döwletli işleri, türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, täze öwüşginlere eýe bolan milli däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny, žurnalistikasyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Karary “Edebiýat we sungat” gazetinde dolulugyna çap edilýär.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke Atçylyk Toplumynda Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy

Weteranlaryň Arasynda Küşt Çempionaty Geçirildi

syrach

Dünýäniň Habarlar Giňişliginde – “Aşgabat 2017” Oýunlary

turkmenhabargullugy