37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwründe ýurdumyzyň myhmanlaryna we ilatyna edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine Hytaý Halk Respublikasynyň “Zhengzhou Yutong Bus Co., LTD” kompaniýasy bilen 40 sany “Yutong ZK6122H9” kysymly uly awtobusy, 50 sany “Yutong ZK6729D” kysymly orta synply awtobusy, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada şertnamany;

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Toyota Central Asia FZE” kompaniýasy bilen 50 sany “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobusy, 200 sany “Toyota Corolla” kysymly ýeňil awtoulagy, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş Sekretaryny Kabul Etdi

syrach

Resul Gylyjowyň Ýolbaşçylygyndaky Orkestr Dante Aligýeriniň «Ajaýyp Komediýasynyň» Bir Parçasyny «Gürrüň Berer»

turkmenhabargullugy

Milli Ýygyndymyzyň Hasabynda 62 Medal Bar: 29 – Altyn, 21 – Kümüş we 12 – Bürünç

turkmenhabargullugy