15.01.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden we mähirli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Rustam Minnihanowyň baştutanlygynda doganlyk Tatarystanyň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýokary üstünlikler gazanandygyny belläp, onuň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berdi hem-de özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň köpýyllyk däplerine daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden bagt, berk jan saglyk we gujur-gaýrat, şeýle hem jogapkärli döwlet wezipesinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Paýtagtymyzyň Sport Merkezlerinde Türgenleşik Geçdi

Semeni-Ýokumlar Çemeni

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň Halkyny Halkara Nowruz Güni Bilen Gutlady