22.9 C
Aşkabat
11.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Boýunça Hökümet Mejlisini Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň käbir agzalary bilen nobatdaky mejlisi geçirdi. Onda bazar gatnaşyklarynyň kemala gelýän şertlerinde döwletimiziň ykdysady we durmuş syýasaty bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, pudaklary ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň barşyna seredildi, ministrlikleriň we edaralaryň düzümlerini üýtgetmek hakynda möhüm çözgütler kabul edildi. 

Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer «Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Bu resminama ýakyn geljekde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kesgitlän ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenilip taýýarlanylýar. Hususan-da, obasenagat toplumy tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny has-da artdyrmaga, ekerançylygy, maldarçylygy, guşçulygy hem-de ykdysadyýetiň oba hojalyk ulgamynyň beýleki pudaklaryny depginli ösdürmäge, oba hojalygynyň gaýtadan işleýän täze kärhanalaryny döretmäge gönükdirilen çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, öňdebaryjy, şol sanda sanly tehnologiýalary hem-de soňky ylmy-barlag işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň seçgiçilik we tohumçylyk işini ösdürmek boýunça çäreler bellenildi. 

Maksatnamada ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de «suw diplomatiýasy» ulgamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça çärelere aýratyn orun berildi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň oba hojalyk toplumynyň işini kämilleşdirmek we ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak baradaky çözgütlerini yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap, bu pudaga degişli ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny üýtgedip guramak hakynda karara gelendigini aýtdy. 

Şuňa laýyklykda, Oba we suw hojalyk ministrliginiň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen birleşdirilýändigi, olaryň binýadynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň döredilýändigi bellenildi. 

Suw serişdeleri bilen üpjünçiligi we suwdan peýdalanylyşyny gowulandyrmak maksady bilen Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti döredilýär. Bu komitet suw meselelerini çözmek, oba hojalygyny hem-de ilaty suw bilen üpjün etmek bilen meşgullanar. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna berler hem-de ol Gidrometeorologiýa baradaky gulluk diýlip atlandyrylar, munuň özi pudagy toplumlaýyn ösdürmäge hem-de ony dolandyrmak işini kämilleşdirmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Öz nobatynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagyna berilýär we mundan beýläk ol ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi diýlip atlandyrylar. 

Döwlet Baştutanymyz täze döredilýän Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ähli kärhanalarynyň eýeçiliginiň görnüşlerini üýtgedip, olary hususylaşdyrmagy hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegi tabşyrdy, munuň özi tutuş pudagy düýpli özgertmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder. 

Wise-premýer E.Orazgeldiýewe täze döredilen ministrligiň hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçy wezipelerine mynasyp adamlary ýakyn günlerde hödürlemek, şeýle hem täze döredilen paýdarlar jemgyýetleriniň ýolbaşçylaryny saýlamak üçin paýdarlar jemgyýetleriniň ýygnaklaryny geçirmek tabşyryldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, şol wagtyň özünde olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de täze düzümleriň işlerini guramaga degişli birnäçe görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz «Oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna» degip geçip, onuň ýurdumyzda kabul edilen sanly ykdysadyýet maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň esasynda döwrüň talaplaryna laýyklykda taýýarlanylmalydygyny ýene-de bir gezek nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu resminamanyň ylym ugruna degişli düzüm bölegini güýçlendirmek gerek, öňde goýlan wezipeleri çözmekde täzeçil usullaryň we ylmyň gazananlarynyň ulanylmagy zerurdyr. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan senagat we ulag-aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň senagat toplumynyň öňünde täze, gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek, gurluşyk toplumy üçin zerur ýerli çig maldan degişli serişdeleriň önümçilik möçberini artdyrmak, bilelikdäki kärhanalaryň işini guramak, senagat pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda möhüm wezipeler goýuldy. 

Ýurdumyzy önümçilik we dürli gurluşyk serişdeleriniň eksporty boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmak maksady bilen, mineral serişdeleriň gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmek, täze kärhanalaryň gurluşygy üçin maýa goýumlaryny çekmek we ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylar. 

Wise-premýer ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary barada aýdyp, durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine goldaw bermek maksady bilen, halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçiriljekdigini nygtady. Munuň özi awtomobil, demir ýol, deňiz we derýa hem-de howa ýollary ulgamlaryny utgaşdyrýan bir bitewi ulag ulgamyny döretmekde wajyp bolup durýar. Şunlukda, logistik merkezleriň we deňiz portlarynyň işiniň utgaşdyrylmagy sebitara hem-de halkara derejede ykdysady taýdan ösüş gazanmaga ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Konstitusiýamyza laýyklykda, ykdysadyýetimizi döwlete degişlilikden bazar görnüşine geçirmelidigimizi nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynda özgertmeleri geçirmek barada karara gelendigini aýtdy. 

Şu maksat bilen, Senagat we kommunikasiýa ministrligi döredilýär hem-de Senagat, Demir ýol we Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk ministrlikleri, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, «Türkmenhowaýollary» gullugy onuň garamagyna berilýär. 

Olar degişli ministrligiň «Türkmensenagat», “Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri diýlip atlandyrylar. 

Şeýle hem bu toplumyň ähli kärhanalarynyň eýeçilik görnüşi üýtgedilip, olar paýdarlar jemgyýetine öwrülýär hem-de hususylaşdyrylýar. 

Şeýlelikde, täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrligi bahalary we nyrhlary emele getirmek, ulag akymlaryny guramak babatda döwlet syýasatyny kesgitlär. Şeýle hem ol dürli halkara guramalarda döwletimize wekilçilik eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Milli kosmos agentligini özgertmek, ony Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyna bermek hem-de agentligi Kosmos müdirligi diýip atlandyrmak barada karara gelendigini aýtdy. 

Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagynda birnäçe paýdarlar jemgyýetleri, ýagny «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» hem-de «Türkmentehnogurluşyk» paýdarlar jemgyýetleri, şeýle hem «Türkmensenagat eksport-import» paýdarlar jemgyýeti döredilýär diýip, milli Liderimiz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýakyn wagtda bu paýdarlar jemgyýetleriniň paýdarlary bilen ýygnak geçirip, olaryň ýolbaşçylaryny saýlamagy, şeýle hem täze döredilen düzümleriň işini ýola goýmak boýunça guramaçylyk çärelerini geçirmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi, olar sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň üsti bilen wise-premýer M.Çakyýewe ugradyldy. 

Milli Liderimiz resminamalardan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen zerur işleri amala aşyrmagy tabşyryp, bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk we energetika pudaklaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, ozalky hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümlerini ösdürmek, paýtagtymyzyň köçelerini abadanlaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri dowam etmek maksat edinilýär. 

Öňde goýlan wezipeler babatda şäher hojalygyny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we ony döwrebaplaşdyrmak boýunça ilkinji nobatdaky çäreler kesgitlenildi. Ýol-ulag hereketini düzgünleşdirmäge gönükdirilen awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriniň gurluşygyna, gurluşyk we energetika düzümleriniň, jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işlemegini bökdençsiz üpjün etmäge uly ähmiýet berler. Ilaty, edaralary we kärhanalary elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek möhüm meseleleriň biridir. Şundan ugur alnyp, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan energetika senagatyny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüler. 

Maksatnamada desgalary gurmagyň hem-de ulanmaga bermegiň giň gerimli meýilnamasy bellenildi. Täze wezipeler kesgitlenildi, şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we depginli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Göz öňünde tutulan ähli işleriň berjaý edilmeginde häzirki zaman tehnikalarynyň we täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna, innowasion önümçilik düzümleriniň döredilmegine uly üns berilýär. 

Ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek baradaky Oba milli maksatnamasynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilişi boýunça işler berk gözegçilikde saklanar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlaryň düzüm birliklerini we mümkinçiliklerini pugtalandyrmak maksady bilen, «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirmek barada çözgüdiň kabul edilýändigini belledi. 

Awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we saklamak boýunça işler welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň üstüne ýüklenilýär. 

Bellenilişi ýaly, ýol gurluşyk hojalygy welaýatlaryň we paýtagtymyzyň çäklerini hem-de toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen olaryň pudaklary bilen ugurdaş ösdürilmelidir. Düzümleriň özgerdilmegi ýollary gurmak üçin goýberilýän maddy-enjamlaýyn serişdeleri has oýlanyşykly we netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer. 

Gurluşyk we binagärlik ministrliginde bolsa Ýollaryň gurluşygy we ulanylyşy müdirligi döredilýär. Ol bu ugurda döwlet syýasatyny hem kesgitlär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Hormatly Prezidentimiz degişli resminamalara gol çekdi, olar sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere ugradyldy. 

Döwlet Baştutanymyz kabul edilen çözgüt bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol ulgamlarda milli Liderimiziň öňde goýan strategik wezipelerini çözmegiň esasy ugurlary kesgitlener. 

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna geçmegini hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyny nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň innowasion ösüşinde akademiki ylmyň ornuny has-da güýçlendirmek boýunça beren görkezmeleri bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Bu babatda ylmyň, ýokary okuw mekdepleriň we önümçiligiň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Bu gatnaşyklar ylmy işleri talap edýän tehnologiýalary peýdalanmaga, okuw işini guramagyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna, ylmy-barlaglara ýaşlaryň çekilmegine, halk hojalyk we täjirçilik netijelerini almak üçin akademiki we bilim mümkinçilikleriniň birleşdirilmegine gönükdirilendir. 

Munuň özi ylmy edaralaryň bazar şertlerine uýgunlaşdyrylmagy zähmet, maliýe, maddy serişdeleri has netijeli peýdalanmaga, barlag, taslama, inženerçilik-tehnologiýa işlerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge mümkinçilik berer. Milli Liderimiziň garamagyna bilim işinde we önümçiliginde ylmy işleriň goşandyny artdyrmaga gönükdirilen degişli teklipler hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda zerur maddy-enjamlaýyn üpjünçilik döredilip, ol her ýyl täze-täze lukmançylyk merkezleri, institutlary, mekdepleri we sport desgalary bilen berkidilýär diýip, milli Liderimiz ylmy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ugurda birnäçe düzümleýin özgertmeleri geçirmek barada karara gelendigini aýtdy. 

Şu maksat bilen, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyny hem-de Milli golýazmalar institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyny döretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyny hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyny döretmeli. 

Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan hem-de ylmy-barlag işlerini geçirmek bilen meşgullanýan Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutyny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Umumy we amaly biologiýa institutyny hem-de Derman ösümlikleri institutyny döretmeli. Umumy we amaly biologiýa institutyny Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyna, Derman ösümlikleri institutyny bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyna bermeli.

Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutyny Döwlet energetika institutynyň garamagyna bermeli, munuň özi elektrik energiýasynyň alternatiw görnüşlerini öndürmek bilen bagly döwrebap ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin maddy-enjamlaýyn şertleri döretmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz belledi. 

Hormatly Prezidentimiz beýan edilen özgertmeleri tassyklamak hakynda resminamalara gol çekdi, olar şol bada elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere ugradyldy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda pudagyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu maksatnamada söwda kärhanalarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak, sarp ediş bazarynyň düzümini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, eksporty hem-de importy amatly utgaşdyrmak, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça çäreleriň toplumy göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanylýan maksatnama harytlara elýeterliligi hem-de bahalarynyň durnuklylygyny üpjün etmegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde täze söwda desgalaryny gurmagyň, bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň hem-de gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna söwda ulgamyny giňeltmegi we döwrebaplaşdyrmagy öz içine alýar. 

Şeýle hem umumy haryt dolanyşygynda döwlete degişli däl pudagyň ornuny artdyrmak, elektron söwdasyny giňeltmek hem-de Türkmenistanyň jemi içerki önümini ösdürmekde söwdanyň paýyny artdyrmak meýilleşdirilýär. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, söwda pudagynyň işini gowulandyrmak maksady bilen, Milli önümleriň haryt dolanyşygyny öwreniş institutyny Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine birleşdirmek barada karara gelendigini aýtdy. Milli Liderimiz degişli resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere ugratdy hem-de edara düzümleriniň özgerdilmeginiň olaryň has-da netijeli işlemegine, möhüm wezipeleri çözmekde degişli hünärmenleri birleşdirmäge ýardam etjekdigini belledi. 

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli tabşyryklar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, hökümetiň agzalaryna şygary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» bolan ýylymyzda Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

tdh

Degişli makalalar

Galkan-2013 atly söweşjeň atyşykly görkezme taktiki meýdan okuw türgenleşigi geçirildi.

syrach

Küşt Ussatlarynyň Ýaryşy

Türkmen-Amerikan Işewür Hyzmatdaşlygyny Ösdürmegiň Ýoly Bilen