18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Döwletmyrat Nurberdiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Muhammetmyradowiç Muhammetmyradow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenilip, ol «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwanç Welinazarowiç Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Şamyradowiç Öwezow başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Murad Agamuradowiç Gurbandurdyýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Şamyradowiç Öwezowy Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Agamurad Baýramgeldiýewiç Haýytmuradowy Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy wezipesine Azat Silapowiç Atamyradowy saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy wezipesine Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowy saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy wezipesine Orazdurdy Meýlisowiç Suhanowy saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine Döwran Reimbaýewiç Saburowy saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda awtomobil ulag pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine şol agentligiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasyna paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda demir ýol ulaglary pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligine şol agentligiň Aşgabat ýol we desgalar edarasyna paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

  1. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmeli.
  2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
  3. Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini suw hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek hakynda 

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

  1. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmeli.
  2. Türkmenistanyň Senagat ministrligini, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyny hem-de «Türkmenhowaýollary» gullugyny Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagyna bermeli hem-de olary degişlilikde şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentligi diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda.

Ýurdumyzda gurluşyk pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

  1. «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirmeli.
  2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligini ministrlige birleşen «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
  3. Degişli çäklerde awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak boýunça işleri amala aşyrmak wezipelerini welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň üstlerine ýüklemeli.
  4. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek, pudagyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmak, suw hojalygynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde komitet hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek hem-de pudagyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna berildi hem-de ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine:

ministrligiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek we oba hojalyk ylmynyň dünýä derejesinde ösüşini, ylmyň, önümçiligiň hem-de bilimiň özara baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagyna berildi hem-de ol Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ministrlik hakyndaky Düzgünnama hem-de ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri üç aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Ýurdumyzda hemra ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyna berildi hem-de ol şol agentligiň Kosmos müdirligi diýlip atlandyryldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirligi hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanmagyny we bellenen tertipde tassyklanmagyny üpjün etmek;

Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda deňiz ulagy pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine, şol agentligiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda aragatnaşyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Senagat we kommunikasiýa ministrligine Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň garamagyndaky Abatlaýyş-gurluşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, ony «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmensenagat eksport-import» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Dokma senagaty ministrligine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentligine paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.


Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ministrlik hakyndaky Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysadyýetimizde tutýan ornuny ýokarlandyrmak, ylmyň gazananlarynyň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag edaralarynyň alyp barýan işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlaglary alyp barýan edaralaryny 2019-njy ýyldan başlap, tapgyrlaýyn böleklere bölmek bilen, 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirmegi bes etmek bellenildi.

Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmak, türkmen dilini we edebiýatyny, milli baýlygymyz bolan golýazma mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmegi has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyny hem-de Milli golýazmalar institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty döredildi.

Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň hem-de Milli golýazmalar institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Ylymlar akademiýasyna Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hakyndaky düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Türkmenistanyň we türkmen halkynyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhynyň, arheologik ýadygärliklerimiziň, milli etnografiýa gymmatlyklarymyzyň öwrenilişini toplumlaýyn alyp barmak, halkymyzyň öz geçmişine bolan buýsanjyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyny hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty döredildi.

Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Ylymlar akademiýasyna Taryh we arheologiýa instituty hakyndaky düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň utgaşdyrylmagyny kämilleşdirmek, şeýle hem ylmy edaralaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa instituty S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna bellenen tertipde berildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmyň biologiýa, biotehnologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler dünýäsini düýpli öwrenmek we olaryň dermanlyk häsiýetlerini anyklamak, derman ösümliklerinden ýokary hilli derman serişdelerini taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Umumy we amaly biologiýa instituty hem-de Derman ösümlikleri instituty döredildi.

Umumy we amaly biologiýa instituty Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyna, Derman ösümlikleri instituty Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyna berildi.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty biologiýa, biotehnologiýa ugurlaryny ösdürmek hem-de ösümlikler dünýäsini düýpli öwrenmek boýunça Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Derman ösümlikleri instituty derman ösümliklerinden derman serişdeleriniň bölünip alnyşyny düýpli öwrenmek boýunça Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Ylymlar akademiýasy, degişlilikde, Derman ösümlikleri instituty hem-de Umumy we amaly biologiýa instituty hakyndaky düzgünnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga we bellenen tertipde tassyklamaga borçly edildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy instituty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna bellenen tertipde berildi.

Energetika ministrligine we Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary söwdanyň ýagdaýyny we ösüş ugurlaryny hem-de içerki sarp ediş bazarynda harytlaryň nyrhlaryny öwrenmek we seljermek, ýurdumyzda öndürilýän eksporta niýetlenen önümleriň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine birleşdirildi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Ministrlige birleşen Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň garamagyndaky ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlaryny wezipä bellemegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlaryny wezipä bellemegiň tertibi kesgitlenildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewa Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Geldiýewna Baýramowanyň pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisiniň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran IV — I belgili karary tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Geldiýewna Baýramowanyň pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň giňeldilen IX mejlisiniň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran 1 — 1g belgili karary tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisiniň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran IV-2 belgili karary tassyklanyldy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň giňeldilen IX mejlisiniň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran 1-2g belgili karary tassyklanyldy.


Ýurdumyzda döredilmegi meýilleşdirilýän ilatly ýerler üçin ýer bölekleri saýlanyp alnanda ykdysady taýdan amatly, ýaşaýyş üçin has oňaýly ýerleri kesgitlemek, gurulýan şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda döredilmegi meýilleşdirilýän ilatly ýerler üçin ýer böleklerini Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda saýlap almak boýunça pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.


Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna Okgunly Ösýän Ýurduň Hukuk Binýady Hökmünde Garalar

Täze kinoteatr açyldy

syrach

Prezidentimiz BMG-niň Durnukly Ösüş Boýunça Ýokary Derejedäki Duşuşygynda Çykyş Etdi

syrach