22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Zenanlary Konsertleriň, Sergileriň, Bäsleşikleriň Baş Gahrymanlary Boldular

Türkmenistanyň Zenanlary Konsertleriň, Sergileriň, Bäsleşikleriň Baş Gahrymanlary Boldular

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlaryna ajaýyp sowgat boldy. Mukamlar köşgünde geçirilen şu günki baýramçylyk konsertine ýurdumyzyň köpsanly aýal-gyzlary çagyryldy. Şol zenanlaryň arasynda zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler, Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda jemleýji tapgyry geçirilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň we beýleki döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.

Mukamlar köşgüniň sahnasynda ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlary, meşhur horeografiýa we folklor toparlary, belli estrada aýdymçylary we halk bagşylary, ýaşajyk artistler mährem zenanlaryň hormatyna öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Bu ajaýyp sahnada gözellik, çäksiz mähremlik, asyllylyk we wepadarlyk, çäksiz söýgi hem-de duýgularyň nepisligi wasp edildi, zenanlaryň keşbi bu düşünjeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasynyň esasy bölegini erkek adamlaryň çykyşlarynyň düzendigini bellemek gerek, olar joşgun hem-de şatlyk bilen bu dörän mümkinçilikden peýdalanyp, öz döredijilik sowgatlaryny mähriban, hoşgylaw we ajaýyp aýal-gyzlara bagyşladylar.

Şu günler Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk çykyşlary paýtagtymyzyň seýilgählerinde hem-de ýurdumyzyň iň gowy konsert meýdançalarynda we sahnalarynda geçirilýär.

Degişli makalalar

Aşgabatda Dünýä, Syýasy we Ykdysady Jemgyýetçiliginiň Wekilleri Ýygnandylar

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Ukrainada Türkmen-Ukrain Bilim-Medeni Merkeziniň Açylyş Dabarasy Geçirildi