22.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Türkmennebit» DK: Goşmaça Çykarylýan Nebitiň Möçberleri Artdyrylýar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk hem ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitçileriniň öňünde täze känleri işläp taýýarlamagy çaltlandyrmak, ulanyşdaky meýdançalaryň öndürijiligini artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny toplumlaýyn mehanizirlemek we awtomatlaşdyrmak ýaly wezipeler durýar.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki känleri özleşdirmek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu ýerde «Türkmennebit» DK-nyň geçiren degişli işleri ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.

Baý nebit känlerini özleşdirmek geljegi uly wezipedir. Umumy alanyňda, «Türkmennebit» DK boýunça 2020-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda nebitiň çykarylyşy geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 105,9%-e deň boldy. Buraw brigadalary zähmet üstünliklerini gazanmaga düýpli goşant goşýarlar. Meýilnamadan daşary goşmaça 2 müň 620 metrden gowrak dag jynslary geçildi, 14 sany täze guýy senagat taýdan ulanyşa girizildi.

«Nebitgazçykaryş» trestiniň işgärleri nebitiň çykarylyşyny artdyrmak we durnuklaşdyrmak, guýulary abatlamak we işe girizmek işlerine işjeň gatnaşýarlar. 2020-nji ýylyň başynda bäri, olar 107 sany guýuda düýpli abatlaýyş işlerini geçirdiler, şolardan 92-si ulanyşa girizildi.

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan dikeldiş işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylandan soň, goşmaça alnan nebitiň möçberi 21,5 müň tonna boldy. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde meýilnamadan daşary «gara altynyň» 4 müň 155 tonnasy alyndy. Netijede, Guýulary düýpli abatlamak boýunça Goturdepe müdirligi tarapyndan birinji çärýekde 14 sany guýy abatlanylyp, ulanyşa girizildi. Şolardan goşmaça 13 müň tonna nebit alyndy.

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazçykaryş» trestiniň hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýan işlerde daşary ýurt kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary we buraw desgalary ulanylýar. Nebitçileriň ygtyýarynda german önümçiligindäki «Bentek» desgasy, hytaý önümçiligindäki «ZJ-70 DS» desgasy, «Uralmaş» rus kompaniýasynyň buraw desgasy bar.

Häzirki wagtda guýularyň düýpli abatlaýyş işleri 3,5-4 müň metr çuňlukda amala aşyrylýar. Türkmen burawçylary iň häzirki zaman enjamlardan we tehnologiýalardan peýdalanyp, işiň hil taýdan täze derejesine çykdylar.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň XX Maslahatyna Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

Telekeçiligi Goldamak-Ýurdumyzyň Ykdysady Ösüşiniň Möhüm Şerti

Türkmenistanda Sportda Dopinge Garşy Göreşmek Hakynda Kanun Güýje Girdi